02:04
Erikler gülläpdir, eje!
ERIKLER GÜLLÄPDIR, EJE!

Kemsiz suwy süýjäp bişen erikden
Bir okara ýygardy-da mellekden,
"Zeýnep daýzañlara eltip ber, oglum"
Diýerdi ejem jan gelsem mekdepden.

Soñ ol goñşa, soñ beýlekä eltiler,
Gaýdañda okara boş bolmazdy hiç.
Ýüki ýeñlän şahalaryñ başlary
Göwnüme ösen dek ýyldyza deñiç.

Ýadamazdym goñşy ara gatnama,
Elimde okara, jigim bileje.
Zemine sygmajak bolýar bu bahar,
Eriklermiz kemsiz gülläpdir, eje!

• GAMGYN AÝDYM

Asmanda dolan Aý juda ýagtydy,
Kitap okabermelidi bu gije.
Bir gamgyn ses gelýär kenar boýundan,
Ýüregiñi dilip barýardy, eje.

Ol aýdymda gussa bardy ýukajyk,
Güýzüñ ýapragyndan azajyk galyñ.
Wysala ýetmedik söýgüsin ýatlap,
Bir ýigit aýdymy aýdýardy gamgyn.

Dilýärdi kalbymy zaryn owazy,
Didesinde gözýaş gördüm dünýäniñ.
Diriler eşitse, durup biljek däl,
"Undulan kişiler" oýadyr eýýäm.

Bu aýdymda armany bar geçmişiñ,
Ýüregiñi oklaýardy ol peje.
Bir gamgyn ses gelýär derýañ boýundan,
Jigeriñi dilip barýardy, eje.

• EJE

Bihal adam däldigiñi bilmedim,
Gezip ýörkäm döwresinde ýaşlygyñ.
Kyn günümde galkan bolduñ, dag bolduñ,
Käýinmediñ bolanok diýip ýa şunyñ.

Goñşy gyzyñ ejesine magtapsyñ,
Uzyn boýum ak gaş derege deñäp.
Iýmän-içmän garaşardyñ gijeler,
Näçe dökdüñ goýan çaýyñy demläp.

Bu gün tabydyñy gerdenme alyp,
Il-gün bilen gidip barýan öwülýä
Özüñi däl meni aýadyñ, eje,
Şonuñ üçin dogurdyñmy ogul ýa?!

Sahy ÖWEZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 132 | Добавил: Mähriban | Теги: Sahy Öwezow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Göwün goşgusy / Goşgular - 11.02.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 8
0
8 Haweran   [Материал]
Üçünji goşgy hem gowy. Dogrusy, men-ä näme diýjegimi bilmedim. Birsellem oýa batyrdy. Oýa batyrýan goşgularyñyzyñ yzy gür bolsun! Ýazanam, ýetirenem sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, maksat-myratlaryna ýetsinler!
Sahy aganyñ beýle gowy goşgularynyñ bardygyny bilemokdym.
Maryly galamdaşlar: Suraý, Gyzylgül gelneje, Bilbil, Baýgeldi, Sapa... mümkin bolsa Sahy aganyñ goşgularyndan başga-da ýetirip duruñ, özüne-de gyzgyn salamlarymyzy ýetiriñ.

0
7 Haweran   [Материал]
Kiçijik wagtym Lew Tolstoýyñ "Kawkaz ýesiri" eserini okapdym. Powest şeýle bir täsir etdi welin, beýik ýazyjynyñ daglary, musulmanlaryñ durmuşyny, rus ýesiriniñ başdan geçirmelerini suratlandyryşyna añk bolup, çaga pikirim b.n şol wagt bolup ýören wakalardyr öýdüpdim we şol ýerlere gidesim gelipdi... Çagakañ okan eserleriñ hemişelik ýatda galyp, soñ-soñlar pikirleniş gurşawyñ süññüni düzýän eken.
"Gamgyn aýdym" goşgusy, goşgynyñ peji, derýasy, gamgyn sesi... nämüçindir şol meşhur eseri ýadyma saldy...

0
6 Haweran   [Материал]
Erikleriñ güllänini görmedigimize birnäçe ýyl bolandyr. Negözel eriklerimiz gülleýär, yzyndanam suwly gar ýagýar, doñaklyk bolýar, güller garaköýük bolup galýar.
Klimat üýtgedi, durmuş üýtgedi, adamlar üýtgedi, kän zat üýtgedi...
Erikler gülläp dursun, ylaýym!

1
Gayrat et gamgyn goşgy goymañ. Yone yandym köydüm söydüm. Hiy içiñizde bagtlyñyz yokmy? Onsuzam a zordan bu yürek

0
2 Gozellik_   [Материал]
@Елена, şahyrlyk yangyndan başlanyamyş diyyaler))

0
Onda bi yanyp tüsselese-de şahyr çykmadyklara name diyeli??

0
4 sabyrly   [Материал]
Tüsseleýän bolsa, ýanyp bilýän däldir.

0
5 Aksary   [Материал]
Bu barada uýalardan ölseñem maglumat alyp bolmaýar eken... :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]