14:30
Erdoganyñ gardaşyna agdarlyşyk
ERDOGANYÑ GARDAŞYNA AGDARLYŞYK

Entek bir aýam geçenok: 14-nji awgust günüdi...
Erdogan bilen "Vahdettin" köşgünde duşuşypdy. Duşuşykdan soñ hiç hili resmi beýannama berilmedi.
Yzyndan... "Yeni Şafak" gazetiniñ redaksiýasyna gitdi. "Albayrak grubu" toparynyñ başlygy Ahmet Albaýrak, başlygyñ wekili Nuri Albaýrak, gazetiñ baş redaktory Hüseýin Likogly bilen duşuşdy. Çünki "Albayrak" toparynyñ bu ýurda goýan 200 million dollarlyk maýa goýumy bardy.
Gwineýanyñ Prezidenti Alfa Konde barada aýdýaryn. Ol "Albayrak" toparynyñ "TV Net" teleýýaýlymyna interwýu berdi:
" - Türkiýe bilen eýýäm birnäçe ýyl bäri gatnaşyklarymyz ösýär we munuñ saýasynda türk işewürleri Gwineýa gelýär. Türk işewürleriñ Gwineýa gelmegi aýratyn bellärlikli ýagdaý."
Gwineýanyñ galkynyşyna Erdoganyñ çäksiz goşandynyñ bolandygyny aýdan Konde "Gwineýany ösdürip, Afrikada Nigeriýadan soñ iñ uly ikinji ykdysady merkeze öwürmek isleýärin. Ilkinji nobatda Erdoganyñ meñ gardaşymdygyny buýsanç bilen aýdasym gelýär. Men ony gardaşym hasaplaýan. Gwineýada etmeli uly işler bar. Erdogan Albaýragyñ Gwineýa gelmegine sebäp boldy. Albaýrak Gwineýada görlüp-eşdilmedik uly işleri etdi. Mundan soñam ýene Erdoganyñ ýardam etmegini towakga edýäris."
Gwineýa şu gün nirden ýadyña düşdi diýmäñ, aşakda düşündirjek:

• ÝYGJAM SAPAR

Hakykatdan-da, Erdogan bilen Konde gardaş kibi.
Konde 2010-njy ýylda häkimiýete geldi. Erdogan bilen Konde 2013-nji ýylda ikitaraplaýyn ilçihanalary açdy.
Erdoganyñ 2016-njy ýylyñ 3-nji martynda bu ýurda resmi sapary birinji duşuşyk boldy.
Konde 2016-njy ýylyñ 14-15-nji aprelinde Stambulda boldy, Yslam konferensiýasyna gatnaşdy. Erdogan bilen duşuşdy.
Konde 2016-njy ýylyñ 26-30-njy dekabrynda Türkiýä geldi, Erdogan bilen duşuşdy.
Konde 2017-nji ýylyn 27-28-nji aprelinde geçirilen Türkiýe-Afrika ekerançylyk ministrleriniñ konferensiýasyna Afrika bileleşiginiñ döwürleýin başlygy hökmünde gatnaşdy. Konferensiýada Erdogan bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Konde 2017-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Stambulda geçirilen D-8 ýygnanşygyna, 2017-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda geçirilen Yslam ýurtlarynyñ hyzmatdaşlygy guramasynyñ nobatdan daşary ýygnanşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi we Erdogan bilen duşuşdy. Özem:
Konde ýylda azyndan iki gezek Türkiýä geldi. "Çamlyja" metjidiniñ dabaraly açylyşyna-da geldi.
Diñe söwda ugrundan däl, Türkiýe TİKA-dyr Magaryf fondyna çenli birnäçe edaralar, guramalar Gwineýada iş alyp barýar. Türk Howa Ýollarynyñ bu ýurda gatnawy bar...
Meni gyzyklandyran zat şu:
Konde öññin, 2021-nji ýylyñ 5-nji sentýabrynda harby döwlet agdarlyşygy bilen häkimiýetden çetleşdirildi.
Erdogandan edil Murside bolşy ýaly, "gardaşym Konde" çykyşyna garaşsa bolarmy? Heniz-ä diýmedi. Eýsem nämüçin diýenokka? Mursä bolan çakdanaşa tarapgöýçülikli çemeleşmesiniñ döreden diplomatik krizisinden sapak alan bolmagy mümkinmi? Ýa-da başga sebäpler barmyka?

• ABŞ-FRANSIÝA-YSRAÝYL

Ýurduñ günbataryndaky Boke şäherinde 1938-nji ýylyñ 4-nji martynda dünýä inen Konde bilimini Parižiñ Sorbonne uniwersitetinde aldy. 1963-nji ýylda kolonial Afrika ýurtlarynyñ garaşsyzlygynyñ tarapyny tutýan Fransiýadaky Afrikaly Talyplar federasiýasynyñ (FEANF) başlyklygyna saýlandy.
Biraz wagt fransuz şeker şereketinde işlän Konde 1985-nji ýylda “Africonsult” atly konsultatiw şereketini gurdy we ony 2001-nji ýyla çenli dolandyrdy. 1993-nji, 1998-nji ýyllarda prezidentlige dalaşgärligini goýdy. Tussaglar, türmeler bilen geçen syýasy göreşiñ ahyrynda 2010-njy ýylda Prezidentlige saýlandy.
Kondeniñ üçünji möhlete saýlanmak üçin Konstitusiýa girizen üýtgeşmeleri uly çekişmeleriñ döremegine getirdi. Sözümi uzatmaýyn:
- "Gwineýanyñ Mandelasy" bolmagy wada beren...
- "Fransiýa bilen kolonial gatnaşyklary gözden geçirmeli" diýen...
- "Garaşsyz Afrika" ideýasyny öñe süren...
"Professor" ýa-da ýerli fulani dilinde "aga" manysyny berýän "Koro Alfa" kim tarapyndan agdaryldy?
Agdarlyşygy gurnan polkownik Mamadi Dumbuýa kim?
Dumbuýa 1980-nji ýylda doglan Fransiýanyñ daşary ýurtlylar legionynda gulluk etdi.
Fransiýanyñ Harby mekdebinde we Ysraýylyñ Halkara Howpsuzlyk akademiýasynda bilim aldy.
Owganystan, Kot'd-Iwuar, Merkezi Afrika Respublikasy ýaly birnäçe ýurtda geçirilen operasiýalara gatnaşdy.
Ol Konde tarapyndan 2018-nji ýylda Gwineýa çagyrylyp, Ýörite güýçler birlikleriniñ (GFS - спецназ) başlygy wezipesine bellendi.
Ah, bu tötänlikleri diýsene?!. Dumbuýa geçen ýyl Malide döwlet agdarlyşygyny gurnan Assimi Goita (ABŞ-da, Fransiýada, Germaniýada okan we ABŞ-nyñ Ýörite güýçler - Ýaşyl beretkalylar birliginde gulluk eden) bilen ýakyn dostdy! Goita-da saýlawlar esasynda 2013-nji ýyl häkimiýete gelen Ibragim Bubakar Keýtanyñ garşysyna harby döwlet agdarlyşygyny gurnapdy.
Afrikada tutda-bas bolup häkimiýet paýlanşygynyñ üstünde söweş gidýär. Biz bolsa Somalä edilen 30 million dollarlyk kömegiñ üstünde dawalaşýarys!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.09.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 77 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/2
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]