00:06
Erbakany kim agdardy?

ERBAKANY KIM AGDARDY?

Jon Deýç (1938 ý.d.)…
MRU-nyñ (CIA) täsin başlyklaryndandy.
Býusselde doglan russiýaly jöhitlerden. 1945-nji ýylda ABŞ-na raýatlygyna girdi.
Himiýa ugrundan hünärmendi. Massaçusetsiñ Tehnologiýa institutunyñ (Massachusetts Institute of Technology) professorlyk we dekanlyk etdi.
ABŞ-nyñ Energetika ministriniñ orunbasary we Goranmak ministriniñ kömekçisi ýaly dürli wezipelerde işledi. Hem...
1995-nji ýylyñ 10-njy maýynda Prezident Bill Klinton ony MRU-nyñ başlygy wezipesine belledi.
1995-nji ýylyñ 23-nji iýulynda MRU-nyñ başlygy Deýç Ankara geldi. Ol bu resmi saparynda täsin duşuşyklaryñ birini geçirdi: Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisinde 77 halk deputaty bilen dördünji orny eýeleýän Refah partiýasynyñ (RP) başlygy Nejmetdin Erbakan bilen aýratyn duşuşdy! Diñe MRU-nyñ başlygy däl, "ylymly yslamyñ" tarapdary bolan MRU-nyñ jansyzlary ABŞ-nyñ Adananaky konsuly Garri Koul ýa-da Eugene Zajac ýaly amerikan diplomatlary RP bilen gatnaşyk açdy. Özem, ABŞ-nyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Peter Tarnoff Türkiýä gelende Erbakanyñ öýüne myhman boldy. Habar beriş serişdeleriniñ öñünde Erbakanyñ elini gysyp, "Siziñ bilen işleşmek örän gowy bolar!" diýdi.
Şol döwür partiýanyñ daşary işler boýunça jogapkär işgäri Abdylla Gül Erbakany 1992-nji, 1994-nji ýyllarda ABŞ-na äkitdi. Galyberse-de... 1994-nji ýylyñ birinji dokuz aýynyñ içinde RP bilen amerikanlar on bäş gezek duşuşyk geçirdi. Amerikan ilçihanasynda RP-liler bilen gatnaşyk açmak Dean Deal atly MRU-nyñ jansyzyna tabşyryldy.
Wikileaks syzmalarynda amerikan diplomatlary RP-den "kürt meselesini çözüp biljek" partiýa diýip söz açýardylar. Dillerindäki "hoja" sözi gidip "professor" gelipdi: Erbakana täze şekil çyzylýardy...

• BAÝKAL ÝENE SAHNADA

Şol ýyl - 1995-nji ýylda...
Häkimiýetiñ şärikdeşi SHP bilen JHP bileleşdi.
Şol bir wagtyñ özünde premýer-ministriñ kömekçisi we Daşary işler ministri wezipelerinde oturan Deniz Baýkal garaşylmadyk karara gelip, koalizasion hökümeti ýykdy we ýurdy referendum geçirmäge iterdi.
Gyşyñ añzakly 24-nji dekabr güni geçirilen saýlawlarda JHP zordan bellenen limiti (baraj) geçibildi. Partiýanyñ sesi 20.7%-den 10.7%-e düşdi. "Gurt syýasatçy" Baýkal netijäni çaklap bilmedimikä? Ol nämüçin agdardyka?
Koalizasiýanyñ ýykylmagy RP-Erbakana ýarady, olar saýlawlardan ýeñiş bilen çykdylar.
MRU-nyñ başlygy Deýçiñ Erbakanyñ öýüne nämüçin myhman bolandygy belli boldy: MRU Erbakanyñ häkimiýete golaýlaşýandygyny öñünden çaklapdy.
Togsanynjy ýyllary ýadyñyza salyñ:
– SSSR dargady…
– "Sowuk uruş" gutardy...
– "Imperator ABŞ" täze dünýä režiminiñ binýadyny tutmaga başlady...
Millilik-nasionalizm näletlenen faşistik adalgalara öwrüldi.
"Neoliberalizm", "azatlyk", "globalçylyk" moda boldy...
Türkiýe ABŞ-nyñ dakan täze dünýä düzgünine sazlaşykly ýurt bolmalydy! Süleýman Demirel, Ismet Inönü, Mesut Ýylmaz jemgyýetçilik syýasy ugurlarynda ýeterlik uç (идти на уступки) bermedi.
"Ylymly yslamyñ" wekili edilmek islenen Erbakan olaryñ islän zatlaryny edip biljekmidi? Milliligi däl-de, globallaşmagy saýlap aljakmydy? "Yslam umumy bazary" ýaly maksatnamalary ýatdan çykarjakmydy?
Hususyýetçiligi çaltlandyrjakmydy? IMF-niñ dakan "kemeri bek guşama" syýasatyny durmuşa geçirjekmidi? Imperializm-kolonializm ýaly sözleri unudyp, ABŞ-dyr Ysraýyl bilen dost bolup biljekmidi?
Duşuşyklarda Erdoganyñ özüni alyp barşy sowatlydy, oýlanşyklydy. ABŞ Erbakana mümkinçilik döretmegi makul bildi.

• ERBAKANY TANAMANDYRLAR

Erbakan premýer-ministr boldy. ABŞ onuñ ýanyna neoliberalizmiñ gyzgyn tarapdary Tansu Çilleri goýdy.
Ýöne: Erbakan ABŞ-MRU-nyñ talaplarynyñ birinem ýerine ýetirmedi. Tersine...
Jemgyýetçilik işlerinde işleýänleriñ aýlygyny 50 göterim, iñ pes aýlyk hakyny 70% ýokarlandyrdy.
Ekerançylyga hemaýat etme fonduny we zähmetkeşe berilýän goldawlary artdyrdy. Banklaryñ repo derejelerini düşürdi. “Howuz” sistemasy hususy banklaryñ jemgyýetçiligi eksplutatirlemeginiñ öñüne geçmäge synanyşdy.
Şeýle-de daşary syýasatda birinji resmi saparyny ABŞ-nyñ baş duşmany Eýrandan başlady - 23 milliard dollara barabar tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy. Kaddafi bilen duşuşdy. Musulman "D-8"-ligiñ gurulmagyna öñbaşçylyk etdi we ş.m.
Soñra näme boldy?
Medeni meseleleriñ, ykdysady we syýasy gündeligiñ öñüne geçdi. "Injir çigidini" doldurmaýan emeli hadysalar gündelik ünsden düşmedi.
Yzysüre... "28-nji fewral agdarlyşygy" boldy.
Yzysüre... RP ýatyryldy. (AİHM partiýanyñ ýatyrylmagyny demokratiýanyñ talaplaryna laýyk hasaplady!)
Yzyndan... RP-da "täzelikçiler" diýip Erbakana garşy topar döredi. Bu fraksiýa soñra Erbakanyñ öz sözi bilen aýdanymyzda "yzky gapydan gaçanlar" ("arka kapıdan kaçanlar partisi") – AKP-ni gurdy. MRU-nyñ inkubatoryndan çykan FETÖ we liboş çepçiler bilen ýaranlyk etdi. Hem Erbakanyñ etmek islemediklerini etdirmek üçin AKP häkimiýete getirildi.
Jon Deýç MRU-dan aýrylandan soñ ABŞ-nyñ Nebit boýunça döwlet geñeşiniñ agzasy boldy. Ýakyn Gündogaryñ nebitini ABŞ-nyñ tulum haltasyna guýulmagyny üpjün edip biljek BEÝIK ÝAKYN GÜNDOGAR MAKSATNAMASY (BOP) bilen ylalaşmazlygy Erbakanyñ soñuny getirdi.
Çüýşe bilen iýmitlenýän segsenden geçen
garry generallary türmä atyp, “28-nji fewralyñ jebir çekenleri biz” edebiýatyny ýaýmañ. Erbakany siz agdardyñyz.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 26.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]