20:35
Ependiniñ gephaltasyndan
GÜLKI ÝAŞASA - NASRETDIN AGA ÝAŞAR

Ýurdumyzda çykýan "Watan" gazetiniñ köplere belli "Şadyýan şenbe" sahypasynyñ 1997-nji ýyldaky sanlarynyñ birinde şeýle setirler bar:
"Ependi kim bolupdyr?" diýip ýumruk ýaly çagadan sorasañam, iki elini buduna urup gülüberer. Sebäbi "Ependi" diýlen ady eşdeniñden gülkiñ tutuberýär.
1996-njy ýyl ÝUNESKO tarapyndan "Bütindünýä gülki ýyly" diýlip yglan edildi. Bu ýyla Hoja Nasretdiniñ ýyly hem diýilýär. Hawa, Ependi dünýä tarapyndan ykrar edildi. Dogrusy, Nasretdin aga gadym döwürde dünýä inip, biziñ şu günlerimizde-de sag-salamat ýaşap ýör. Diýmek, Ependiniñ ýyly diñe 1996-njy ýyl däl, eýsem 1997, 1998, 1999, 2000-nji... ýyllar hem, nesip bolsa, dowam eder. Gülki ýaşasa - Ependi ýaşar."

Ependiniñ birnäçe asyr mundan öñ doglandygyna garamazdan henizem aramyzda ýaşap ýörendigi, adamzat nesli ýaşasa, ýene-de ýaşajakdygy barada şuña meñzeş pikirini belli satira ýazyjymyz Täçmämmet Jürdekowyñ dili bilen aýdanda "häzirki zaman dünýä satirasynyñ serdary", meşhur türk ýazyjysy Eziz Nesin-de ölmeziniñ öñ ýanynda Ependiniñ "doglandan öñem, ölenden soñam ýaşaýan" ýeke-täk adamdygyny nygtapdy. "Zamanasynyñ Ependisi" adyny alan Eziz aga biziñ hemmämiziñ Ependiniñ neslidigini aýdýar. Ýazyjy mamla. Şu nukdaýnazardan seredende, dürli döwürlerde ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlarymyz Kemine, Ata Köpekmergen, Pyhy Tagan, Pomma Nurberdi, Gurbangylyç Hydyrow, Berdimuhammet Gulow... wäşilerimiz Aldarköse, Esentanyş, Poşalak, Topalak, Emenek, Nuryşka... dagy gönüden-göni Ependi kakalarynyñ ýoluny dowam etdiren hakyky ýumor ussatlarydyr.
Biz hem "Şadyýan şenbäniñ" asylly ýörelgesine eýerip, saýtymyzyñ "Degişmeler" bölümini bireýýämden bäri Ependi üçin açyp goýduk.
Bu bölümde filologiýa ylymlarynyñ doktory Amangül Durdyýewanyñ toplan we üsti ýetirilen Ependili degişmeleriniñ doly ýygyndysy okyjylaryñ dykgatyna öñ ýetirlipdi. Ondan öñem Ependiniñ halk arasynda aýdylýan şorta sözleri "Ýigrimi üç Ependi" ady bilen aýratyn kitap görnüşinde çap edilendigi okumyş okyjylarymyzyñ köpüsiniñ ýadyndadyr. Ýakyn ýyllarda türkmen kinomatografiýaçylary "Ependi" ady bilen çeper film (Ependiniñ keşbinde Çary Hommadow) surata düşüripdiler, şeýle-de, 2018-nji ýylda Türkmenistanyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry "Ependi we gülkünç goñşular" (Ependiniñ keşbinde Azat Didarow), Alp-Arslan adyndaky milli drama teatry "Ependi, sen kim?" (Ependiniñ keşbinde Çaryýar Annamyradow) ady bilen gülküli oýunlaryny sahnalaşdyrypdylar. Munuñ özi Ependiniñ satira mirasynyñ türkmen halky üçin nähili agramlydygyna we gymmatlydygyna güwä geçýär. Adatça adamlar hemme wagt hemme ýerde aýdyp bolmaýan zatlary-da henekleriñ üsti bilen kinaýaly we teýeneli sözler arkaly aýdyp, "içini sowatmagy" gowy görýär. Şonuñ üçin satiranyñ ähmiýetine her kesem bizçe düşünýändir. Megerem, Ependiniñ ömrüni we heneklerini ölmez-ýitmez edýänem meseläniñ şu tarapy bolsa gerek.
"Barylmadyk ilde eşdilmedik gep ýatyr" diýlipdir. Eger-de şu ýazgyny okap duranlaryñyzda gazet-žurnallarda we kitapcy.com-da öñ halk köpçüligine ýetirilmedik hem-de ýetirilmegine garaşýan täze henekleri bar bolsa (bardygyna şübhämiz ýok) saýtymyzyñ salgysyna ugradyp ýa-da özüñiz paýlaşyp bilersiñiz.
Köpler üçin "Ependi ýyly" resmi taýdan bireýýäm geçip gidenem bolsa, biziñ üçin her ýyl "Ependi ýyly". Mundan ýedi ýarym asyrdan gowrak wagt öñ, asly türkmen, häzirki Türkiýäniñ Siwrihisar etrabynyñ Hortu obasynda ýaşap geçen Nasretdin Türkmeniñ gülküsi diñe biziñ halkymyzyñ däl, bütin dünýä halklarynyñ gülkidir heneklerinde baky ýaşaýar. "Muña özümem kepil geçip biljek" diýýän ýaly, Ependi aganyñ özi gelip, "Degişmeler" bölümimizde geptorbasyny silkýär, içini dökýär. Hawa, "Gülmek - ömürden" diýipdirler. Dünýäniñ edil häzir ýedi ýoluñ ortarasynda bir tekeri sypyp, radiatory-da deşilensoñ suwuny akdyryp ýatan awtoulag ýaly çalam-çaş bolup durşuna, adamlaryñam dürli keselçiliklerdir, bela-beterlerden, howp-hatarlardan, uruş-jenjellerden ýaña bizar-peteñi çykyp näderini bilmän durka, gülmegiñ näderejede gereklidigine, ömürdendigine, çytyk gaşlarymyzy az-owlagam bolsa ýazmagyñ zerurdygyna özüñizem gowy düşünýänsiñiz.


EPENDINIÑ GEPHALTASYNDAN

• Myrlap ýatyberiñ

Bir maşynly Ependiniñ pişigini basyp geçipdir. Sürüji dyza çöküp, Ependä ýalbarmaga başlapdyr:
- Ýaşuly, men pişigiñiziñ öwezini dolmaga, deregini tutmaga taýyn...
- Ýagşy... - diýip, Ependi ýeñsesini gaşapdyr. - Pejiñ gapdalynda düýrleniñ-de, myrlap ýatyberiñ. Syçanlary tutsañyzam bor, tutmasañyzam...

• Maşgala ojagy

- "Maşgala ojagy" diýen söze nähili düşünmeli? - diýip, Ependiden sorapdyrlar.
- "Maşgala ojagy" diýýäñmi? - Ependi biraz böwrüni diñläpdir. - Aýaly adamsyny ömürboýy ýugrup-ýasap bişir oturar-da, "maşgala ojagy" diýilýän näme bor öýdýäñ?

• Guragyrynyñ derdi

Günlerde bir gün Ependi wraçyñ ýanyna barypdyr:
- Ýadyñyza düşýämi, geçen ýyl ýanyñyza gelipdim... - Ependi söze başlapdyr.
- Ýeri, bäri bakyşdyñyzmy? - diýip, wraç sowal beripdir.
- Siz şonda çygdan, ölden seresap boluñ diýip, maslahat beripdiñiz.
- Näme guragyryñyz ýene gozgajak bolýamy?
- Ýok... Ýöne men hammama gitseñ bolýanyny-bolmaýanyny soramaga geldim?!

• Öýlenemde-hä...

- Kaka, ejem näçe ýaşynda? - diýip, Ependiniñ ogly sorapdyr.
- Men ejeñe öýlenemde-hä on dokuz ýaşy bardy! - diýip, Ependi jogap beripdir.

• Laýam tapyp berseñ...

On günläp poliklinika gatnan Ependä wraçy ahyry gutarnykly kesgitnama çykarypdyr:
- Ependi aga, siziñ bagryñyza daş ýygnanypdyr, peşewhaltañyzy çäge tutupdyr, öýkeniñizi hek alypdyr...
- Dogtor jan, munça bolanyna görä laý üýşen ýerinem tapyp beräýseñ, men özüme kümmet galdyryberjek - diýip, Ependi wraçyñ sözüni bölüpdir.

• Mümkinmi

- Sap ýürekli adamyny satyn alyp bolarmy? - diýip, bir bende Ependä içýakgyç sowal beripdir.
- Satyn alyp bolmaz, ýöne satyp welin bolar - diýip, Ependi säginmän jogap beripdir.

• Ýaradymy?

- Nähili, doklad ýaradymy? - diýip, Ependiden sorapdyrlar.
- Sen sorama - menem aýtmaýyn! - diýip, Ependi başyny ýaýkapdyr. - Barymyz agzymyzy açyp galaýandyrys.
- Dokladçy gaty güýçli eken-dä onda?
- Sen düşünmediñ... Biz ýöne pallap oturdyk diýdigim şol...

• Garrylyk

- Keýwany, sen meñ äýnegimiñ nirededigini bileñokmy? - diýip, Ependi aýalyndan sorapdyr.
- Bilmedim-dä! - diýip, aýaly jogap beripdir.
- Päheý, heleý jan, ýadyñda derek galmandyr, garrap ýörsüñ öýdýän! - diýip, Ependi hüñürdäpdir.

• Öz ýanymda

- Bagyşlañ, ýöne siz nirededir bir gören ýüzüm! - diýip, awtobusda biri Ependä icgin-içgin garapdyr.
- Men ýüzümi onda-munda taşlap ýörenlerden däl, meñ ýüzüm hemişe öz ýanymda! - Ependi jogap beripdir.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Degişmeler | Просмотров: 143 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nasreddin Ependi | Рейтинг: 4.3/3
Degişmeler bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
-1
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Ýene bir täzelik- iki-üç gün mundan öñ, Alp - Arslan adyndaky milli drama teatrynda işleýän Gülşat Meñliýewa gürrüñ berdi.( Ol şol teatrda goýlan, ýokarda ady agzalan spektaklda,
Ependiniñ aýalynyñ rolunda çykyş edipdi). ÝUNESKO bn işleşýän wekilleriñ Ependi hakynda, ol barada teatrlardaky goýlan spektakllar hakynda gyzyklanyp,material toplaýandyklaryny, Gülşat dagy bn hem gepleşik gurnamakçy bolýandyklaryny aýtdy.
"Elbetde,ÝUNESKO bar bolsa,bir gowy habar boljakdyr" diýdik...

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Hawa,gülki ýaşasa - Ependi ýaşar. Häzirki wagtda hem teatrlarymyzda gidýän "Gülki agşamlarynda" Ependili degişmeler tomaşaçylaryñ iñ halaýan sahnalary. Aýratyn hem,Türkmenistanyñ halk artisti Orazgül Apbasowanyñ gatnaşmagynda bu sahnalara,onlarça gezek tomaşa edenligimize garamazdan,õzümizem gülüp hezil edýãs. Artist Myrat Orazmuhammedow, "Çeppe" lakamly Taçmämmet Amangulyýew dagy bn bile sahnalary bar- "Ependiñ okarasy"- dõwlet konsertlerinde- de gaýtalanyp, kän görkezildi. Elbetde, artistleriñ ussatlygy hem juda wajyp, emma,bu ýerde Ependiniñ şorta sözündäki inçelik,gõräýmäge sadaja ýaly görünse- de,çuññur pelsepe..öñe çykýar. Bu zatlara bolsa, tomaşaçylar inçe düşünýän bolmaly...) Umuman, artist hökmünde, degişme dünýàsinde õz ukyp- başarnygyny barlap gören adamlaryñ repertuary Ependisiz geçmändi, şu wagtam şeýle...Öz aýdasy gelýän zatlarynam käte, Ependiñ "üstüne atýarlar"...)
Ependem,elbetde,olary "goraýar".
Pahyr bolan artistler Tõre Annaberdiýew,Annamyrat Myradow, Berdi Aşyrow,Juma Ýazmyradow,Gurbannazar Atakgaýew, Ata Moşşyýew, Allaberdi Meläýew, Oraz Serbazow, Döwlet Gandymow...dagylaryñ Ependili sahnalary henizem gözöñümden gidenok..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]