04:22
Eneme
ENEME

Egniňde könelen ýeňsiz.
Ýüzüň ýygyrt-ýygyrt.
Başyňda saçlaň deý agaran öýme.
Bu gün äkidenok düýne.

Köne-küşül eşiklermi
Geýer-de çykar giderin.
(Özüm-ä ýolsuz ýolagçy,
Men nirede, nämedeýin?!)

Emaý bilen sylýan maňlaýyň derin.

Elläp gataňsy elleriň
Gatan ýüregim ýumşaýar.
Seret, Enem!
Hyýallamda
Körpe melike ýaşaýar.

Ýellenipdir gabaklaryň,
Heý, garramak bormy beýle?...
Egniňde könelen ýeňsiz,
Başyňda agaran öýme...





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021
Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Tumarly   [Материал]
Gowy goşgy

0
1 mango   [Материал]
beter halan setirlerim:

(Özüm-ä ýolsuz ýolagçy,
Men nirede, nämedeýin?!)

Elläp gataňsy elleriň
Gatan ýüregim
ýumşaýar.

biderek bellik:
goşgyň ady "eneme" bolsa-da içinde "Eje" diýipsiň, aslynda ýalňyşam däl welin....

üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]