15:55
Enejan

ENEJAN

Gelmesem Gün ortalanda
Nahar goýawer, enejan!
"Ýadansyň, çaý bereýin,
Balam!" diýewer, enejan!

Seň mähriňe juda teşne
Gyzyň söýewer, enejan!
Sorap gelende sawçylar
"Gyz ýaş" diýewer, enejan!

Gitsem daşa, küýsär göwün,
Halym duýawer, enejan!
Ak ýol diläp, uzak ilde
"Sag bol!" diýewer, enejan!

Çaýy özüm demläýin meň,
Özüň guýawer, enejan!
Käýese-de, kakam däl-de,
Özüň diýewer, enejan!

Bir ýigide taý bolaryn,
Toý don geýewer, enejan!
Hemme "Bagtyň bolsun! diýer,
Şol arzyly sözleri seň
Özüň diýewer, enejan!

2014 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dagdaky heýkel / Goşgular - 12.01.2021
Yşk hakynda / Goşgular - 07.03.2021
Şygyrlardan parçalar / Goşgular - 18.03.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Men şäherli bolsam-da... / Goşgular - 16.07.2021
Gözýaşlam bilen ýuwaryn / Goşgular - 10.01.2021
Bagyşla, gyz... / Goşgular - 02.02.2021
Gyş / Goşgular - 07.01.2021
Göwnüm umytly / Goşgular - 29.03.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Aksary   [Материал]
Abdylla Galandar mugallym(ýatan ýeri ýagty bolsun)şu şahyryñ goşgylaryny kän okaýardy.

0
4 Garayolly1936   [Материал]
Allanazar, goshgynyñ konesi bolmayar. Shygyr haysy wagt okasañ, shol mahal kalbyñy heyjana salsa, ol sho pursat taze gornushe eye bolyar. Ceper poeziyanyñ cepercilik gymmaty, ine, shundadyr.

0
3 Allanazar   [Материал]
2014-den tutduň-la, 2021-den goýsana...

0
Umuman govy ýazyar şu gyz. Özem birhili gitdigiçe kamilleşyar. Şahyrana

0
Örän govy goşgy . Like

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]