19:24
Ene guşuñ nalasy
ENE GUŞUÑ NALASY

Balam, aý-gün geçdi, bermediñ gara,
Gorkýan men, boldummy mañlaýygara?

Nirelere gitdiñ, uçurym bolduñ,
Eneñ gözlerinden ýitirim bolduñ.

Ýoluñda bolmasyn howp ýa hatarlar,
Senden uzak bolsun bela-beterler.

Men nägünlik bilen ekledim seni,
Ganatlarym gerip sakladym seni.

Ýelden ýelpäp, günden gorap ulaltdym,
Ýaman sözden, gözden gorap ulaltdym.

Aşyp belent dagyñ kemerlerinden,
Sowuk çeşmeleriñ çogýan ýerinden.

Agzymda getirdim iñ süýji suwy,
Gözlärdim, tapardym bugdaýdyr tüwi.

Däne çöpläp getirerdim yrakdan,
Bagry ezip, saýrardym men ýürekden.

Men bilemok army, bilmen hormy siz,
Saýrak guşlañ hatarynda barmy siz?

Neçün höwürtgeden uçup gitdiñiz?
Garran eneñizden gaçyp gitdiñiz?

Nämüçin goýberdim, ägä bolmadym?!
Garrap, ýalñyz galjagymy bilmedim.

Gözüm görmez boldy, küteldi birden,
Gurbatym kemeldi, huş gitdi serden.

Sesleniñ, balalar, köşediñ meni,
Şirin-şirin saýrap hoş ediñ meni.

Ýokdur sizden şundan başga haýyşym,
Eşidiñ meñ aglap aýdýan nalyşym.

Dünýäde şer işler gaýrylmasyn hiç,
Ene balasyndan aýrylmasyn hiç.

Towşan ESENOWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Towşan Esenowa | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Встречал... / Goşgular - 16.04.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Iki bende sygan ömür / Goşgular - 03.06.2021
Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]