17:35
Ene dilim
انه دیلیم....

گؤونۆمه بۇلماسا کؤپلیأن یالئ,
گلجگینگه شۆبهه لنیأن نادان لار.
اۇلار آیرئ یورتدان گلن لر دأل-ده
کؤکۆن شو تۇپراقدان آلان آدام لار.

غابات گلیپ دییسنگ, " سالاومالیکیم!"
سۇراشئپ دوزمازلار ساغلئق- آمانلئق.
اؤز انه دیلینده گۆرلأپ بیلمزلیک,
اتدیگینگ دألمی دیر انأ یامانلئق.

اؤز انه دیلینده سایراپ بیلمزلیک,
یۆزۆنگ اؤوۆرمه گینگ دألمی آتانگدان؟
باشغا آغئر جزا اۇیلاپ بیلجک دأل,
ای, آدام, سن بو غۇیبرن خاطانگدان.

حۇوسالا دۆشیأرین, ای انه دیلیم,
ائنان سن اۇغلونگا, سؤزۆم دأل غالات.
سن منینگ مرته بأم, شو گۆنۆم, ارتأم,
سندن جئدا دۆشجک گۆنۆمه نأله ت!

✏️ ألله یار چۆرییو

• ENE DILIM

Göwnüme bolmasa köpelýän ýaly,
Geljegiňe şübhelenýän nadanlar.
Olar aýry ýurtdan gelenler däl-de
Kökün şu toprakdan alan adamlar.

Gabat gelip diýseň, «Salawmaleýkim!»
Soraşyp durmazlar saglyk-amanlyk.
Öz ene dilinde gürläp bilmezlik
Etdigiň dälmidir enä ýamanlyk.

Öz ene dilinde saýrap bilmezlik
Ýüzüň öwürmegiň dälmi ataňdan?
Başga agyr jeza oýlap biljek däl,
Eý, adam, sen bu goýberen hataňdan.

Howsala düşýärin, eý ene dilim,
Ynan sen ogluňa, sözüm däl galat.
Sen meniň mertebäm, şu günüm, ertäm,
Senden jyda düşjek günüme nälet!

Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]