16:55
Ene
ENE

Soranmyş birwagt Aý Güne bakyp:
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»
Gün hem diýenmişin nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!».

Soranmyş birwagt ýel suwa bakyp:
«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!»
Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:
«Dünýäniň bar berki enedir, ene!».

Soranmyş boz gulan bir ata bakyp:
«Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!»
At hem diýenmişin jülgeler söküp:
«Dünýäniň bar örki enedir, ene!».

Soranmyş bir ene şahyra bakyp:
«Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!»
Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:
«Dünýäniň bar durky enedir, ene!».

Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbandurdy Gurbansähedow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Heser / Goşgular - 11.02.2021
Täze ýyl arzuwy / Goşgular - 01.01.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021
Aýdym bolsa duýgularym / Goşgular - 29.03.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]