16:38
Emma sende bakylyk bar...
EMMA SENDE BAKYLYK BAR...

Bäş günlik seýrana gelip,
Diýmişler amanat dünýä.
Emma sende bakylyk bar,
Aç syryñ, aýan et dünýä.

Bolsam ýazlaryñda güller,
Maña bakylyk dälmidir.
Güýz gelende ýaprak deýin,
Gaýsam, bu ajap halmydyr.

Sary ýaprak saman bolup,
Topragyña siñse dünýä.
Mele ýare dökün bolup,
Ýene güller dünýä inýä.

Görüp durkam şeýle ajap,
Bakylygy gözler bilen.
Güýzde gaýsam ýaprak deýin,
Gaýdyp geljek ýazlar bilen.

Al öwüsýän güller bolsam,
Maña dälmidir, bakylyk.
Bu gün saralmagym, erte,
Gül bolup dogma çakylyk...

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 478 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
"Nowaýy perdesine galdym..." / Goşgular - 16.01.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
"Bag­ty — bagt­ly­lar­dan so­raň gi­diň-de!" / Goşgular - 23.01.2022
То одно, то другое / Goşgular - 19.02.2022
Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022
Bagt / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 guljan1890   [Материал]
Tuweleme

0
2 Zerinaý   [Материал]
galamyñyz yiti bolsun, Gumlygelin

0
1 Garaýolly   [Материал]
Pany dunya taglymatyna esaslaryp, real dunya mydamalygyny beyan edyan shygyr. Shagyr oz ozlugiñ baradaky dushunjani ret edyar. Yashayysh dowamlylygynyñ hatyrasyna hut hazirki nesil gelejekki nesil aralygyna berk kopri gurmaly. Dowurler dowurlere pugta catylmaly. Oz edimleriñ oñdakiñ edimlerine sepleship gitmeli.Ine,shahyryñ ajap ideasy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]