14:33
Emelsize em barmy / hekaýa
EMELSIZE EM BARMY

Olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdyr-u-eýer, uýandyr-u-agyzdyryk bermediler.
Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler.

* * *

Söýüp almak, söýüp barmak aňsatmy ýa-da kyn?
Gadyr bilen Gymmat üçin-ä ap-aňsat boldy. Bir arygyň suwundan, bir obanyň çöreginden kemala geldiler. Bir söýginem paýlaşdylar. Paýlaşdylar-da, ganat-per ýetirip, ýedi gat asmana uçup gitdiler. Aşyklaryň adaty boýunça, bularam «Bizden öň Ýeriň ýüzünde biz ýaly söýşen barmyka, indem bolarmyka?» diýşerdiler.
Soň şol gaýyp ýören ýerlerinden olary zordan tutup getirdiler-de, toý saçagynyň başynda oturtdylar.
Toý etmek, toý bermek aňsatmy ýa-da kyn?
Gadyr bilen Gymmat üçin-ä juda aňsat boldy. Tapmaly zatlary başgalar tapdy, aýtmaly zatlary başgalar aýtdy, etmeli işleri başgalar etdi. Gadyr bilen Gymmat bolsa toý saçagynyň başynda ondan-mundan küm-çüm eden bolup, bu hysyrdyly ýerden tizräk göterilmäge, şol lezzetli belentlige tarap uçup gitmäge howlugyp, galpyldadylar oturdylar.
Toýdan soň, hatda toýdan öň iki tarapyň hossarlary-da bir-birinden ýaşyryn birmeňzeş pikire geldiler: «Bular gaýynlaryndan daşrakda ýaşasyn. Gaýyn sütemini görmesin...»
Soňra daşyndan:
– Wah, jan guda, «Maşgala – başgala!» diýipdirler – diýip, bir-biregi aldadylar. Şeýdibem, etrap merkezinden gül ýaly jaý alyp berdiler. Gazly-suwly. Jaýyň içinem zatdan urup dykdylar. Gazan-tabagyna, çemçe-susagyna çenli.
– Ynha, indi ýaşaberiň! – diýdiler.
Gadyr bilen Gymmat ikisi ýaşaberjek boldular.
Ýöne, görüp otursalar, gazan diýlen zadam gazyň üstüne ataryp, aşagyny otlap goýbermeli eken, içine-de aňry-bäri atyşdyryp, bişirmeli eken. Soň şo gazandan çykanja zadam iýip, ýaşamaly eken.
Penjiräniň bir gözi döwülse, aýna salmaly eken.
Gapynyň kildi gopsa ýa gulpy döwülse, ony oňarmaly eken.
Öý diýlende-de otluçöpden başlap, duza çenli ähli zat gerek. Garynja ýaly, şol daşap ýörmeli bor eken.
Onsoňam öý diýeniňe myhman-mediwanam gelibir eken. Onuňam öňünden çykyp garşylap, hezzet-hormat etmeli eken.
Onsoň... Bu-u-uw, edip tükedäýmeseň, sanap tükederden kän eken bi öýüň işi. Ony etmäge-de emel-u-başarnyk gerek eken.
Ilki-ilkiler myhmanam geldi, mediwanam. Öňüne çaý goýdular. Ol çäýnegi boşatsa, ýene birini demläp getirdiler-de, emelsizje ýylgyryp, myhmanyň ýüzüne seredipjik oturyberdiler. Çaýdan ýüregi syrylyp, içegelerine owaz düşüp ugran myhmanam onsoň gapa-gapa seredibiýrdi.
Gadyr bilen Gymmat söýginiň badyna-da birneme gitdiler. Ýöne dokçulyk döwrüniň söýgüsi açlyga kän bolmaz eken. Gury çörekdir kolbasa-da bez etdi.
Bir gün Gadyr sahypalaryna ýag siňip giden galyň kitaby goltuklap geldi. Şol kitaba seredip, Gymmat ikisi çorba bişirmäge durdular. Iň soňunda, naharyň duzuny düzlejek bolup durkalaram, Gymmat hälki kitaby çorba gaçyrdy. Ýuwduna-ýuwduna, çorbany çykaryp dökdüler. Içiniň kitaby bilen.
Demläp, ortada basyryp goýan çäýnegine-de özleri büdredi.
Şol aralykda bir ýerden bir ogry pişik tapylyp, galanja etlerinem süýräp gitdi.
Hapa-hupa-da öýüň içinde aňrujy üýşüp bolaýjak ýer bolsa, üýşüp başlady.
Şular kimin emelsiziň öýüni aňtap ýören garynjadyr siňekler, saçakçydyr syçanlaram «Ura!» bilen çozdular.
Ýaşabermeli öýde ýaşarlyk galmady. Onsoň bular garyndaşdyr dostuňka, tanşyňkydyr bilşiňkä – kimden ýüz tapsalar şonuňka gatnap ugradylar. Bir ýerde toý bar habaryny eşitseler, çakylyklu-çakylyksyz, tirkeşipjik baryberdiler. Ýakynragyň toýy bolsa, toýpaýdanam hantama boldular.
Gapyçynyň garny dok, öýe barmaga ýüzi ýok... Ýöne är-aýalyň ikisi birden gapyçy bolanda, ýüzem gerek däl eken. Muňa üýtgeşik emelem, başarnygam hökman däl:
– Gitdikmi?
– Gitdik.
Owal-owallar-a bularyň jübütleşip gelşini görenler söýünç bilen: «Anha, aşyk-magşuklar gelýä, gumrular gelýä» diýerdiler.
Indi bularyň garasyny görseler, sögünç bilen: «Anha, torbasyz gedaýlar gelýä!» diýýärler.
Bu bela-beterleriň üstesine, yzly-yzyna iki sany çaga-da dünýä indi. Ine, indi ber habaryňy!
Gadyr bilen Gymmat bu ýagdaýdanam çykalga tapdylar. Emmeden aýrylyp-aýrylmanka, çagalaryň birini Gadyryň, birinem Gymmadyň hossarlaryna «sowgat» berdiler. «Iki aýakly iki günde. Ynha, hä diýmän, bularam ulalar, biziň ýaly adam bolar. Her gelenimizde «eje, kaka!» diýip, ylgaşyp öňümizden çykar» diýibem göwün ýüwürtdiler.
Kiçijikler ulalmasyna ulaldy. Ýöne Gadyr bilen Gymmada «eje, kaka!» diýen bolmady. Atalary, eneleri «Gadyr» diýse, çagalaram «Gadyr» diýdi, «Gymmat» diýse, bularam «Gymmat» diýdi.
– Wah, ýerçekenler, kaka diýseňiz bolmaýamy, eje diýseňiz, diliňiz kese çykýamy? – diýip, garrylar jibrinerdi.
Adama çykalga tapmany ilki öwreden çaga dälmi! Hälki çagalaram «Gadyr kaka! Gymmat eje!» diýip gidiberdiler.
Durmuş atly beýik mugallymyň öz mekdebinden kör çykyp barýan bu iki «okuwça» näler jany ýanardy. Ol bulary birwagt ýykjakdy, «bir klasda iki-üç ýyl» oturtjakdy. Ýöne bu mekdebe-de «Ýüz göterim ýetişik gazanmaly» diýlen salgyt geldi.
Durmuş bularyň ýakasyndan tutagada, gulaklarynyň düýbüne ras goýjakdy. Ýöne her gezek ak sakgally atalar, ak gyňaçly eneler «Dat, biziň gören görgülerimiz azmy, biziň dadan şarpygymyz azmy! Dat, bulara degme!» diýşip, arada dag kimin keserdiler, bag kimin saýaladylar.
Gadyr bilen Gymmat bir-birindenem ýeke şaty görmedi. Döne-döne uruşmadylar, öküne-öküne ýaraşmadylar, «oda girip – yssy, sandala girip – ýassy» bolmadylar.
Wagt geçdi. Bir ýassyga baş goýlandan, aç gurt kimin iýip barýan Gadyryň ätişgir dek elleri kem-kemden gowşap ugrady, yşk bilen açylan näzik Gymmadyň gül bedeni tulkaryp, gujagy sowap başlady. «Men näme üçin başga birini almadymkam? Men näme üçin başga birine barmadymkam?» diýlen şeýtan şübhesem penjireden-gapydan girere ýer gözläp ugrady. Emma olaryň welin, dünýäden bihabar, gapy-gapy elenip, gözi bilen dilenip, şol ýörüşleri.
Bilip bolmaz, belki, bir gün olar siziňem işigiňizden inerler. Emelsizje ýylgyryp, saçagyňyza serederler. Şonda bir gabadyna getiriň-de şeý diýiň:
– Gara daglar ýykylar, ýerine dag bolan gerek. Gara baglar çapylar, ýerine saýa salan gerek!
Şeýdip, bir aýdyp görüň!
«Akyl satýar» diýerler. Diýenler diýibersin!
«Köne gürrüň» diýerler. «Göni gürrüň» diýerler. Diýenler diýibersin!

KÖMEK KULYÝEW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 1988 ý ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: Aşgabat "Magaryf" neşirýaty
Goşmaça bellikler: Kitapdan göçürilip, kirill elipbiýinden täze türkmen elipbiýine geçirildi
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 163 | Добавил: Atayew | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Силуэт женщины / рассказ - 09.03.2021
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Syýagalam - 15.05.2021
Ellik / hekaýa - 06.06.2021
Письма Диккенсу/ рассказ - 25.06.2021
Мария / эссе - 25.06.2021
Скворец / рассказ - 26.06.2021
Джини / рассказ - 24.06.2021
Идиллия / новелла - 09.04.2021
Кошка дохлая / окончание - 25.06.2021
Счастье / рассказ - 30.04.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Материал]
Gowy hekaýa. Örän gowy.
Dagyň, bagyň nämedigini eserde aýtýara "dag kimin keserdiler, bag kimin saýaladylar" diýip. Arkaňda durjak, arkaňy aljak, derdiňi deň paýlaşjak ene - ata müdimilik däl, şonuň üçinem ene - atanyň azabyny ýerine salmak üçin, dowamatyny dowam etmek üçin, ýaş çatynjalaram öz nesillerine dag we bag bolmagy gerek. Näçe çalt bolsalaram şonça gowy.

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Eseriñ çap edilen ýylyna seredýäñ-de,diýmek şol döwürem durmuş gurmagy oýun,hojalygy,öý-ojagy oýnawaç saýyp ýören ýeñilkelle ýaşlar bar eken-dä diýeniñi duýman galýañ.
Meñ-ä bu dagly,bagly gürrüñden çykaran netijäm dag-bag olaryñ ene-atasyndan gelýän kömekdir goldawlar bolmaly.Bularam ahyr gutarar,kömegi bes ederler.Şonda özüñiz özüñize dag,bag bolup ýoluñyzy dowam etmeli diýdigimikä diýýän.
Ikinji çaklamamam aýtsam,belki söýgi diýlen zadyñ ömürlik däldigini göz öñünde tutandyr.Başdaky dag,bag söýgi bolsa olar ýykylandan soñ özüñize sylag-hormatdan dag galdyrmaly diýendir.
Türkleriñ bir aýtgysy bar:"Durmuş gurmak (evlilik) birek-birege çydam etmek sungatydyr".

0
1 mango   [Материал]
Gara daglar ýykylar, ýerine dag bolan gerek.
Gara baglar çapylar, ýerine saýa salan gerek!

Bu dagly, bagly gürrüňden näme many çykardyňyz?
Aýtsaňyz gyzykly bolardy.
—-
Kömek kaka gyzykly рассказчик.
Akgynly, şireli, ykjamja dili bar.
Okamak gyzykly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]