19:44
Elhençlik
Ajy bolsa-da, dogrusyny aýt!

ELHENÇLIK

1931-nji ýylyň yssy howaly aýlarynyň biridi. Gadymy Uzboýyň ugry bolan Jamal, Togalak, Arbat obalarynyň arasynda käbir dowulçylar: “Ors gelip malyňy aljakmyş, ähli maşgalany bir ýorganda ýatyrjakmyş” diýen myş-myşlary ýaýradyp başladylar. Oba demirgazyga tarap göçüp başlady. Olar nirä barýandyklaryny, näme maksat bilen barýandyklaryny hem bilmeýärdiler. Olary arasynda barly hojalyklar-da, garyplar-da bardy. “Il ugruna eşek ürkmüş” diýenleri, şol bir tarapa barýardylar. Nirede togtamaly, nirede mesgen tutmaly? Bu hakda hiç kimde pikir ýokdy. Men şol wagt bäş ýaşly oglandym. Biziň öýlerimiz Jamaldan göçüp, Çölüň gyry diýen ýerde gondular.
Şol wagt biziň yzymyzdan samolýot ýetdi. Özümiziň duşman däldigimizi, sowet döwletiniň tarapdarydygymyzy bildirmek üçin ak baýdak dikip goýdular. Şony görüp, samolýot biziň üstümize bomba taşlamady. Howa gyzgyndy. Içere suw hasaplydy, mundan aňry gitmek howpludy.
Biz dagyň üsütnde düýe bozlanda hem gaçyp gowaklara atardyk. Çünki düýäniň sesi dagyň gaýalaryna düşüp ýaňlanardy. Meniň kakam Guzuly Mämmetgulyýew öz doganlaryny ýygnap, mundan aňry gitmegiň howpludygyny aýdyp, olar bilen yzyna dolandy we Togalak diýen guýynyň bir kilometr ýaly ileri tarapynda, gumuň içinde bir oýda gondular.
Şol günüň ertesi günbatar tarapdan köp soldat geldi. Olar günüň orta bolan çagy gelip, “Obada erkek göbekli adam bolsa çyksynlar” diýip azymly gygyrdylar. Bizden olara garşylyk görkezen bolmady. Aýdyşlary ýaly etdik. Şol wagt ýalaňaç aýagymy gyzgyn çägä ýakanym häzir hem ýadyma düşüp dur. Çünki biz oglanlar hem erkek kişiler bilen daşary çykypdyk. Biziň ähli malymyzy aldylar. Özümize hem üç günüň içinde Onguýy diýen ýere göçüp barmagy teklip etdiler. Işe ýaraýan erkek kişilerimize düýeleri sürdürip, Gazanjyga alyp gitdiler. Biz ýük urara 1-2 mal bilen itiň gara gününi görüp, zordan Onguýy diýen ýere göçüp geldik.
Ol otrýadda (olaryň içinde ruslar-da, türkmenler-de bardy) rehim diýen zat ýokdy. Olat Täzeguýy diýen ýerde goýun bakyp ýören, heniz hiç zady görmedik, geljegi öňünde diýilýän, bu gowgalardan habarsyz Hally Berdigylyç ogluny rehimsizlik bilen öldüripdirler. Ony bir gezek atanlarynda ölen däldir öýdüp, öwrülip ikinji gezek hem atypdyrlar. Häzir Täzeguýy diýen ýerde onuň gonamçylygy bar. Hally Şehit uly gonamçylyk boldy.
Gum içinde goýun bakyp ýören Tokmak Baýgylyç ogluny atyp öldüripdirler. Onuň asla günäsi ýokdy. Ol eline ýarag alan adam däldi.
Jamal guýusynda Hojaberdi diýen eli ýaragsyz, düýäni suwa ýakyp oturan adamyň hem ganyna galypdyrlar.
Men bu ýerde diňe öz bilýän faktlarymy ýazdym. Bu habarlary eşiden halk has hem dowula düşüp, yzanda-çuwan bolup, aýagaldygyna demirgazyga tarap gaçyberdiler.
Biz Onguýy diýen oýda otyrkak, gaýra tarapdan aralarynda erkek adam bolmadyk maşgalalar eňreşip, şol oýa geldiler. Ozal şol ýerden giden käbir düýeler üsti ýükli oýa indiler. Düýe janawar öň gezen ýerlerini säginmän tapýar.
Soň eşidip otursak, gaçyp barýan obanyň yzyndan soldat ýetip, olary Dähli diýen guýuda gyrypdyrlar. Şolaryň arasynda meniň ejemiň dört sany dogany we ejesi bardy. Olaryň bary gyrlypdyr. Ejem pahyryň bu ýagdaýy eşidip, gara geýip, saçyny ýaýyp, gije-gündiz aglaýany ýadymda. Onuň agysyna dözmän, biz hem aglardyk.
Dähli guýusynda bolan waka hakda Gazanjyk şäherinde ýaşaýan, sekiz onlugyň soňkusyny tegeläp barýan, şol urşy gözi bilen gören Haşaň Atajykow şeýle gürrüň berýär:
- Men şol wagt on dört ýaşly oglandym. Biz demirgazyk tarapa göçüp barýardyk. Kakamyzdan nirä barýarys diýip soranymyzda, bir otly-suwly ýer tapsak, şol ýerde gonjak diýerdi. Emma otly-suwly guýyny weli taşlap barýardylar. Soň görüp otursak, käbir dowulçylar “Ors gelýär, hemme malyňyzy aljak, hemme maşgalany bir ýorganda ýatyrjak” diýip, halky aldan ekenler. Göçüp barýarkak, Aýmämmet çäge diýen ýerde yzymyzdan samolýot ýetip, göçi bombalady. Şonda meniň agam Arjakow Gökjä hem ok degip öldi. Göç üç gije-gündiz dynman ýöräp, Dähli guýusyna golaýlaşdy. Yzymyzdan hem kowgy gelýärdi, howa diýseň yssydy. Içere suw az galypdy. Maksat otrýaddan öň baryp, Dähli guýusyny eýelemekdi. Otrýad bilen biziň göçümiz Dähli guýusyna deň bardy, emma olar guýyny eýelediler. Şol ýerde garşylyklaýyn atyşyk bolup, köp adam öldi. Otrýadyň elinde pulomýot bar eken. Olar pulomýot oky bilen paýhyn etdiler. Şolaryň arasynda meniň agam Dowlatmyradyň özi we ogullary Çagyl, Hoja, Goýjan, Aman öldüler. Biziň öz garyndaşlarymyzdan on bäş çaga öldi. Olaryň birnäçesine ok degse, birnäçesi suwsuzlykdan heläk boldy. Şol ýerde Teňli Taňryberdi ogly, onuň ogullary Goşjan we Annamyrat öldüler. Tuwakmämmet ussa diýen adam köp garyndaşy bilen öldi. Babyr diýen adam ogly Köçek bilen öldi. Dawudow Ataş, Dawudow Tanabaý, olaryň ejesi Annagül, kakalary Dawut aga şol ýerde gum garbap galdylar. Şol ýerde gyrlan mähelläniň arasynda biziň tanamaýanlarymyz hem köpdi. Garaz, köp adamyň gany nähak döküldi. Şeýle ýagdaý başga ýerlerde hem bolupdyr. Ol adamlaryň jesetleri hem ýerlenmän galdy. Aý, garaz, gyrlan gyryldy. Meni şol ýerde gözümden ok degdi. Ölmän galan çagalaryň we aýallaryň daşyna garawul goýup dört gün şol ýerde sakladylar. Her çaga günde bir kürüşge suw berdiler. Dört günden soň galan çagalary, ýagny bizi otrýad bilen göçürip, Jamal, soň Onguýy diýen ýere getirip gondudrylar. Soň bolsa Gazanjyga gelip işe girdik, emma elmydam biziň dilimiz gysga, başymyz aşak boldy.
Bizi basmaçylaryň çagalary diýip basgylap geldiler. 1937-nji ýylda ýaňy özümizi dürsäp barýarkak hem üstümizden ikinji muşakgatlyk düşdi. Basmaçynyň ogullary diýip tutdular. Men alty aý oturyp geldim. Ol hili nähak gan dökülmäni indi bir hiç kim görmäwersin – diýip, gözüne ýaş aýlady.
Ol gan döküşikli gyrgynçylyga häzirki döwrüň adamynyň elbetde, hiç biri günäkär däl. Ýöne şol wagt düşünjesiz halky şeýle ýagdaýa salyp, şol gyrgynçylyga iterenler günäkär. Bu ýokardan berlen buýruk boýunça edilen bolmaly. Ýöne ýalňyş syýasat. Goýun ürkende, çopanyň goýnuny gaýtaryşy ýaly, ol halky yzyna gaýtarmak gerekdi. Emma ýarag üsti bilen däl-de, düşündirip, wagyz-nesihat bilen gaýtarylmaly eken. Bolmanda-da, olaryň gitjek ýeri nire? Ýöne köpleriň bu zuluma çydaman, Eýrana geçip gidenleri hem boldy ahyry. Ol öz ýurdy, dogan-garyndaşlary bilen hemişelik hoşlaşypdylar. Biziň döwletimiziň häzirki demokratiýa, aç-açanlyk, üýtgedip gurmak syýasaty şol ýurdundan jyda düşen bendelere öwrülip dogan-garyndaşyny, mähriban ýurduny görmäge mümkinçilik döretdi. olaryň arasyndaky demir gala ýumruldy.
Ýedi-sekiz ýyl mundan ozal Gazanjygyň “SSSR-iň elli ýyllygy” obasynda meniň gaýnenemiň aýal dogany Gül diýen aýal ýaşaýardy. Ol agyr ýatyr diýip eşidip, soramaga gitdik. Syrkawyň adam bilen işi ýokdy. Ýagdaýy agyrdy. Şonda-da gepleýärdi. “Serhed-ä açylar, gelerlerem, ýöne men olary görmän ölmeli boldum” diýip samraýardy. Ol özüniň Eýrana geçen iki doganyny ýatlaýardy. Onuň aýdany boldy. Ol ölüp gitdi. Soň ara açyldy. Onuň doganlary gelmese-de, ogullary gelip hossarlaryny görüp gitdiler. Men diňe bir mysal aldym. Gör, näçe suwsan ýürekler garyndaşlary bilen didarlaşdylar. Gör, nähili gowulyk! Men ýokarda Dawut diýen adamyň Dählide ölenligi hakda ýazypdym. Ol Dählä göçmänkä biziň goňşymyzdy. Onuň Talaý diýen ogly ene-atadan aýra düşüp, Gyzyletrek raýonyna düşüpdir. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşuna gatnaşyp, bir aýagyny aldyryp gelipdir. Eger şolar hakyky halk duşmanynyň çagalary bolýan bolsalar, şeýle söweşermidiler?
Eger nädogry hereketleriň adamzat tragediýasyna öwrülip bilýändigini ýaşlarymyza düşündirsek, öwretsek, onda ýurdumyzda asudalygy we agzybirligi saklamaga ullakan goşant bolardy.

Bekdurdy GUZULYÝEW,
Pensioner, Gazanjyk şäheri.

“Balkan” gazeti, 30.01.1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 182 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bekdurdy Guzulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Mowzuga geç]
“Ors gelip malyňy aljakmyş, ähli maşgalany bir ýorganda ýatyrjakmyş”

umuman-a boş ýerden hiç zat çykmýar. ýokarky kesgitlemäň birinji böleginin-ä etdiler, mallaryn-a aldylar. ikinji bölegi barada..... ozalam okapdym, şoňa meňzeş zady... ol dokumente taryhçylar falş diýýäler... ýöne, şeýle bir hasap-hesipli üstünde işlenipdir welin, falşmy, dogrumy biler ýaly däl.
ine okap görseňiz şol agzalan dokumenti.

Декрет Саратовского Губернского Совета Народных Комиссаров об отмене частного владения женщинами

Законный бракъ, имевшій место до последняго времени, несомненно являлся продуктомъ того соціального неравенства, которое должно быть с корнемъ вырвано въ Советской Республике. До сихъ поръ законные браки служили серьезнымъ оружіемъ въ рукахъ буржуазіи в борьбе ея с пролетаріатомъ, благодаря только имъ все лучшiя экземпляры прекраснаго пола были собственностью буржуевъ имперіалистов и такою собственностью не могло не быть нарушено правильное продолженiе человеческаго рода. Поэтому Саратовскій Губернскій Советь Народныхъ Комиссаровъ съ одобренія Исполнительного комитета Губернскаго Совета Рабочихъ, Солдатскихъ и Крестьянскихъ Депутатовъ постановилъ:

§ 1. Съ 1 января 1918 года отменяется право постояннаго владения женщинами, достигшими 17 л. и до 30 л.

Примечание: Возрастъ женщинъ определяется метрическими выписями, паспортомъ, а въ случае отсутствія этихъ документовъ квартальными комитетами или старостами и по наружному виду и свидетельскими показаніями.

§ 2. Действіе настоящего декрета не распространяется на замужнихъ женщинъ, имеющихъ пятерыхъ или более детей.

§ 3. За бывшими владельцами (мужьями) сохраняется право въ неочередное пользование своей женой. Примечание: Въ случае противодействія бывшаго мужа въ проведеніи сего декрета въ жизнь, онъ лишается права предоставляемого ему настоящей статьей.

§ 4. Все женщины, которыя подходять подъ настоящій декреть, изъемаются изъ частного постояннаго владенія и объявляются достояніемъ всего трудового народа.

§ 5. Распределеніе заведыванія отчужденныхь женщинъ предоставляетя Сов. Раб. Солд. и Крест. Депутатовъ Губернскому, Уезднымъ и Сельскимъ по принадлежности.

§ 7. Граждане мущины имеють право пользоваться женщиной не чаще четырехъ разъ за неделю и не более 3-хь часовъ при соблюденіи условій указанныхъ ниже.

§ 8. Каждый членъ трудового народа обязан отчислять оть своего заработка 2% въ фондь народнаго поколения.

§ 9. Каждый мущина, желающій воспользоваться экземпляромъ народнаго достоянія, должень представить оть рабоче-заводского комитета или профессіонального союза удостовереніе о принадлежности своей къ трудовому классу.

§ 10. He принадлежащіе къ трудовому классу мущины пріобретаютъ право воспользоваться отчужденными женщинами при условіи ежемесячнаго взноса указанного въ § 8 в фондь 1000 руб.

§ 11. Все женщины, объявленныя настоящимъ декретомъ народнымъ достояниемъ, получають изъ фонда народнаго поколенія вспомоществованіе въ размере 280 руб. въ месяцъ.

§ 12. Женщины забеременевшіе освобождаются оть своихь обязанностей прямыхъ и государственныхъ въ теченіе 4-хъ месяцев (3 месяца до и одинъ после родовь).

§ 13. Рождаемые младенцы по истеченіи месяца отдаются въ приють «Народные Ясли», где воспитываются и получають образованіе до 17-летняго возраста.

§ 14. При рождении двойни родительницы дается награда въ 200 руб.

§ 15. Виновные въ распространеніи венерическихъ болезней будутъ привлекаться къ законной ответственности по суду революціоннаго времени.

Источник: Арх. УФСБ Орловской области, дело №15554-П

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Aýal-gyzlaryñ umumy eýeçilige degişli ediljekdigi baradaky "myş-myşlaryñ"
("Ors gelip... ähli maşgalany bir ýorganda ýatyrjakmyş” diýen ýaly") köki bir agzyboşyñ tapan gep-gürrüñi däl ýaly. Bu gorkunç gybat barada şeýle gyzykly maglumata gabat geldim:

"Bu 100 ýyllyk iñlis ýalanydyr...
Osmanly musulmanlarynyñ, aýratynam 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ sosializm bilen içgin gyzyklanyp başlamagyndan ynjalyksyzlanan iñlisler "sosializm dine garşydyr" ýalanyny orta atdy. (Başga bir ýalany bolsa "bir aýaly hemmeler ulanyp bilýär" ýalanydy!)
(Soner Ýalçyn "Dawutogly, agzyña eýe bol!"
"Sözcü" gazeti, 25.12.2015 ý.)
https://www.sozcu.com.tr/2015....-717181

0
Halkyñ şu zatlary unutmayandygy köplere sapak bermeli

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]