11:48
El çarpylmaýan goşgular

EL ÇARPYLMAÝAN GOŞGULAR

Şahyr goşgusyny okap başlady,
Märekede hyşy-wyşy kesildi.
Jümşüldäp ugrady kebzeleñ gözi
Içlere oklandy otly kesindi.

Sähetli gün dünýä inen setirler
Topragynyñ halal duzun haklady.
Uruş ýyllary deý agyrdy olar,
Namysjañdy, gerdenleri ýüklüdi.

Şahyr bogazyna agram salmaýar.
Eller galgap, gerjeşmeýär gaşlary.
Gaýratly. Wepaly. Sada. Düşnükli.
Derýalar dek içindedi joşlary!

Elýeterde, ynha dür bolup ýatyr
Gol uzatsañ, ne ýetdirýär, tutdurýar.
Gitdigiçe artyp barýar gyzgyny ~
Ine, şeýdip, içiñde gorp atdyrýar.

Otyrsyñ, gürrüñiñ özüñe ýetik
Şygyr dertli gyýlar, birden nur ýagdyr.
Diri ýiten atañ ýanyna elter ~
Tümmegi gujaklap, aglarsyñ ýalñyz.

Adammy sen ýa-da bir tokga daşmy,
Doñup oturansyñ ~ göz gyrpylmaýar.
Eý, Hudaý, şeýle bir şygyrlar bolýar ~
Aglap diñlenilýär, el çarpylmaýar...

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 441 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Mähriban / Goşgular - 04.03.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
Aýtsana / Goşgular - 12.02.2021
Ömrüň ajap aýdymy / Goşgular - 02.02.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
"Я бы хотела жить с Вами…" / Goşgular - 19.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]