10:03
Ekranlarda görülmedik owgan zenanlarynyñ kyssasy

EKRANLARDA GÖRÜLMEDIK OWGAN ZENANLARYNYÑ KYSSASY

Owganystanda robot ylmy boýunça ýygylaşan we diñe heniz on sekiz ýaşa ýetmedik gyz okuwçylardan düzülen "Afghan Dreamers" toparynyñ agzalary "Taliban" ekstremist-terrorçylykly guramasynyñ ýurdy basyp almagyndan soñ dogduk depelerini terk edip daşary ýurtlara gaçmaga mejbur boldy. Halkara bäsleşiklerde birinji orna mynasyp bolan bu günäsizje gyzjagazlar geçen aý häzirki bolup geçýän haý-haýly wakalaryñ boljagyndan bihabar il-gününe etjek hyzmatlary, ýurduñ ösüşine goşjak goşantlary barada ýürekde besleýän arzuw-hyýallaryny beýan edipdiler.
Hawa, Owganystanda robot ylmy bilen meşgullanýan, agzalarynyñ barsy on sekiz ýaşamadyk ýaş gyzjagazlardan ybarat "Afghan Dreamers" atly topar bar. "Forbes" žurnalynyñ "Otuz ýaşdan aşakky ylhamly ýaşlar" sanawyna goşulan bu toparyñ agzalary okuwlaryny tamamlandan soñ Owganystana uly höwes we çäksiz yhlas bilen hyzmat etmegi arzuwlaýardylar. Gynansak-da, Talibanyñ ýurdy basyp alyp, aýal-gyzlara bilim almagy we işlemegi gadagan etmegi bilen bu asylly işiñ köküne palta uruldy.
Toparyñ agzalary Elham, Diana, Somaýa, Aýda dagy Talibanyñ ýurdy ele geçirjeginden bihabar geçen iýul aýynda žurnallaryñ birine interwýu beripdiler. Taryhyñ ajy sapaklarynyñ ikilenç gaýtalanmajagyna ynanan bu dört ýaş gyz bir ýandan gelejekdäki etsem-petsemlerini aýtsa, bir ýandan Owganystana etjek hyzmatlaryndan söz açdy.
Taliban okkupasiýasyndan soñ toparyñ agzalarynyñ barsy dürli ýurtlara gaçmaga mejbur boldy, ýöne olaryñ yzynda galan düýşe meñzeş ýakymly ýatlamalary Owganystanyñ aslynda nähili ýerdigini görkezmäge ýeterlik boldy.
2017-nji ýylda Owganystanyñ tehnologiýa ugrundaky ilkinji ýerine ýetiriji baş direktory Roýa Mashub "Afhgan Dreamers" ady bilen aýal-gyzlaryñ ylmy toparyny gurdy. Tutuşlygyna robot tehnologiýasy bilen meşgullanmaga niýetlenen bu topar abraýly halkara ýaryşlarynyñ birinde birinji orny eýeledi. Gyzlar munuñ bilenem çäklenmedi, COVID-19 pandemiýasynyñ ýaýran döwründe "Toyota" kysymly köne awtoulagyñ böleklerinden dem alyş enjamyny ýasadylar.
Owgan hökümeti "Afghan Dreamers"-iñ üstünliklerine perwaýsyz garamady we Kabulda ýurduñ çar künjeginde ýaşaýan ýaşlaryñ bilim almagyna mümkinçilik berjek Dreamer institutynyñ açylmagyna hemaýat etdi. Bu gyzlaryñ arasynda gelejekde kosmonawt bolup Marsa uçmagy arzuwlap ýörenem bardy, spesialist bolup öz hususy kärhanasyny açjak bolup ýörenem...
"Afghan Dreamers" toparynyñ agzalary talibanlaryñ hökümeti basyp almagyndan soñ ýurtdan gaçyp gitmäge, böleklenmäge mejbur boldy. Gyzlaryñ bütin bu howatyrlandyryjy wakalar bolup geçmezden bir-iki hepde öñ beren interwýusy talibanlar zerarly ýurtda birgiden negözel jöwher zehinleriñ sönüp-solup gidýändigini ýene bir gezek görkezdi.
Ine, şol "Afghan Dreamers" toparynyñ taliban okkupasiýasyndan öñ beren interwýusy:

• Elham, 17 ýaşynda

Owgan zenanlary islendik ugurda-da üstünlik gazanyp bilmäge ukyply zenanlar. Men ulalamda inžener bolasym gelýär. Ejem uruş zerarly okuwyny dowam etdirip bilmedi, şonuñ üçin ol diñe liseýi okap bildi. Daýzalarymyñ üçüsi öý hojalykçy, biri diş lukmany, ikisi mugallym, ikisi-de gullukçy. 2018-nji ýylda Hyrat şäheriniñ mekdeplerinde geçirilen ekzamende robot tehnologiýasy boýunça topara girmek üçin ýeterlik utuk gazandym. Ene-atam meni goldasa-da, maşgalamyñ beýleki agzalary aýal-gyzlaryñ robot ugrundan işlemeginiñ dogry däldigini, munuñ diñe erkeklere mahsus işdigini öñe sürdi.
Gelejekde azat we gülläp ösen Owganystanda ýaşamagy arzuw edýärin. Meni toparym bilen bile iñ buýsandyrýan zadam, hemmämiziñ entek on sekiz ýaşamadygam bolsak - halkara ýaryşlara we konferensiýalara gatnaşmagymyz boldy. Başga ýurda gidenimde adamlaryñ saýlap aljak bilimine ýa-da hünärine garamazdan okamaga we işlemäge bolan erkin hukuklarynyñ bolmagy meniñ iñ köp ünsümi çeken zatlaryñ biri boldy.
STEM bilimime dowam etmek üçin dünýäniñ iñ gowy uniwersitetleriniñ birinde okamak isleýärin. Elbetde, her kişi doglan-ulalan ýerini söýýär, ýöne birden howpsuzlyk gorkusy sebäpli mejbur bolaýan ýagdaýymda daşary ýurtlaryñ birine gitmeli bolaryn. Herhal iñ gowy uniwersitetde okap eziz Owganystanymyza janymyzy aýaman hyzmat etmek arzuwymdan welin el çekmek islämok.

• Diana, 16 ýaşynda:

Ulalamsoñ inžener-tehnolog bolasym gelýär. Häzir Owganystanda bu ugur boýunça işleýän aýal-gyz ýok diýen ýaly we men bu ýola gadam basan ilkinji zenanlaryñ biri bolmak isleýärin. Şu ýylyñ başynda "Forbes" žurnaly toparymyzy "Otuz ýaşdan aşakky ylhamly ýaşlar" sanawyna goşupdy. Bu bolsa meñ üçinem, maşgalam üçinem uly buýsançly wakalaryñ biri boldy.
Häzir Owganystanda yza gaýdyşlyk-uly çöküşlik bar. Parahatçylygy üpjün etmek babatda hiç kimiñ ylalaşyga ýanaşasy gelenok. Zol-zol agyr jenaýatlaryñ we ganly teraktlaryñ bolýandygy barada habarlar eşdilýär. Meñ pikirimçe, Owganystanyñ asuda durmuşa gowşup bilmeýändiginiñem esasy sebäbi şunda. Toparymyz bilen daşary ýurtlara gidenimizde, şol ýurtlarda ýaşaýan gyzlaryñ dürli-dürli birnäçe ugurlarda işleýändigini gördük. Olar añ-düşünje taýdanam, psihologik taýdanam biziñkiden has gowy şertlerde ýaşaýarlar. Owganystanyñ şertleriniñem şeýle bolmagyny we aýal-gyzlarymyzyñ ählisiniñ añ-düşünje hem-de psihologik taýdan özlerini kem-köstsüz duýmaklaryny arzuw edýärin.
Owganystan meniñ ýurdum. Tä ölýänçä hem şu taýda galmak isleýärin. Irginsiz okaýaryn, işleýärin. Sebäbi gelejekde täzelenen azat Owganystany gurmak isleýärin. Ýakyn geljekde amerikan uniwersitetleriniñ birine okuwa girmäge hyýallanýaryn. Gelejekde Owganystana hyzmat etmek üçin bilimimiñ iñ ýokary derejede bolmagyny isleýärin.

• Somaýa, 18 ýaşynda

Kakam maşyn ussasy bolansoñ, çagalygymdan bäri demir enjamlar bilen gyzyklanýaryn. Soñabaka robot tehnologiýasy boýunça toparyñ işi bilen gyzyklanyp başladym, 150 dalaşgär bilen birlikde ekzamen tabşyrdym, Hudaýa şükür, ekzamenden üstünlikli geçdim. Robot tehnologiýasy toparyna girmek meniñ üçin biraz kynrak boldy, sebäbi bu, owgan medeniýetine doly çapraz ugur. Maşgalamy muña razy etmek gerekdi. Ejem öý hojalykçy. Kakamyñ aýal doganlarynyñ biri lukman, biri hünärmen. Daýzalarymyñ diñe biri lukman, galanlary mugallym. Ýakyn hossarlarymdaky aýal-gyzlaryñ barsy her edip-hesip edip okuwlaryny okap, saýlap alan kärlerinde işlemegiñ hötdesinden geldiler.
Topara ilki gelip goşulanymda programmirleme dillerinden bilýän zadym ýokdy, emma häzir Java we Python ýaly birnäçe programmirleme dillerini bilýärin. Tejribäm artdy we robot tehnologiýasy toparynyñ kapitany boldum. Toparymyzdaky ähli gyzlaryñ 18 ýaşdan aşakda bolmagy bizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.
Toparymyz daşary ýurtlara gidip ýaryşlara gatnaşanda biziñki ýaly toparlaryñ we laboratoriýalaryñ köpdügini gördüm. Bu meniñ üçin täsin ýagdaýdy. "Käşgä, biziñ Owganystanymyzda-da şoña meñzeş guramaçylykly toparlar we laboratoriýalar bolsady, şeýdip bizem öz robotlarymyzyñ üstünde has gowy işläbilsedik..." diýip oýlandym. Mümkinçiligim bolsa ýa-da Owganystanyñ ýagdaýy häzirki bolşundan has beter ýaramazlaşsa, wagtlaýyn başga ýurda gidip STEM we emeli añ tehnologiýasy boýunça has köp zatlary öwrenmekçi we öz gezegimde bilýänlerimi ýaşlara öwretmekçi.

• Aýda, 17 ýaşynda:

Kompýuter ylmy, robot tehnologiýasy we onuñ bilen işlemek boýunça merkeziñ bardygyny ilki eşdenimde, oña girmek üçin epeý höweslendim, sebäbi şol wagtlar Hyratda bular ýaly ugurdan okadýan başga ýer ýokdy. Maşgalamdaky aýal-gyzlaryñ köpüsi okuwly. Ejem fizika mugallymy, agalarymyñ biri kompýuter mugallymy, bir daýzam hukuk ugrundan okady. Daýzalarymyñ üçüsi medisina ugrundan okaýar we lukman, beýleki iki daýzamam kompýuter ugrundan okaýar. Hemmesi ylymly-bilimli bolansoñ, maşgalamy razy etmek kyn düşmedi we olar dürli-dürli ugurlardan bilim alanymyzy gowy görýärler.
Robot tehnologiýasy toparyna goşulanymdan bäri iki ýylyñ içinde ýazuw düzgünini, oýun oýnamagy we dürli programmirleme dillerini öwrendim. Interneti ulanmagymyzyñ maksady-da has köp zatlary öwrenmek, üýtgeşiklik etmek, başgalara kömek etmek, deñ-duşlarymyz bilen bileleşip problemalary çözmek, bilim derejämizi artdyrmak we ukyp-başarnyklarymyzy görkezmek. Başga gyzlary-da höweslendirmek üçin gazanan üstünligimizi başgalara-da görkezmäge jan edýäris.
Adamlar Owganystany uruşyñ, bomba partlamalarynyñ we jenaýatlaryñ bolýan ýurdy diýip göz öñüne getirýär. Özümizi howatyra, gorka düşürmejek bolmaly we hemişe oñaýsyz zatlary ýadymyza salmajak bolmaly. Owganystanyñ geçmiş taryhynyñ ajy sapaklarynyñ dolanyp gelme ähtimallygyndan we aýal-gyzlaryñ arzuw-umytlaryna gowşup bilmezliginden ýaña bizi ünjä goýýan gorky inimizden aýrylyp gidiberenok. Men ol gorkyny özümden aýyrmaga we ony ýadyma salmazlyga jan edýärin hem-de bar ünsümi öñümde goýan maksadymy amala aşyrmaga berýärin.

Çagla TAÑRYWERDI.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Tehnologiýa | Просмотров: 133 | Добавил: Gökböri | Теги: Çagla Tañrywerdi | Рейтинг: 3.0/2
Tehnologiýa bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
0
1 mango   [Mowzuga geç]
makala (gadagan edilen topar) talibanyň zulmy barada öýdýän (hususan aýallara zulmy) ....
hormatly çagla hanym öz ýurdundaky aýallara edilýän zulum barada we ýurdy terk etmek mejburlygynda galanlar barada-da tarapsyz ýazyp bilermikä?
bilmezmikä diýýän...

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Özüñize illerden üýtgeşik pikir ýazýandyryn öýdýäñiz, emma makalanyñ gozgaýan meselesine dahylsyz pikir oklap okyjylañ ünsüni başga tarapa sowýañyz.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]