02:44
Ejeme ýüzlenme

EJEME ÝÜZLENME

Al-asmanda ganat baglap uçjakdym,
Ýene seniň demlän çaýyň içjekdim.
"Eje" diýip ör boýuňa bökjekdim,
Emma, çagalygym hoşlaşdy eje!

Gunçalan bägüliň hyrydary kän,
Gargasy kän, ördegi kän, gazy kän,
Bu gün indi seň ojagyňdan gitýän
Täze ýollaryma pata ber eje!

...Ine geçdi, gül ömrümiň bahary
Gyzlyk döwrüm berlen ömrüň säheri
Seniň öýüň, lälik gyzyň gahary
Çekiljek ýalňyz ýer düşündim eje!

Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Aksary | Теги: Bägül Orazmuhammedowa | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yşgyñ eýesi / Goşgular - 08.02.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Mozaika / Goşgular - 08.02.2021
Suw kimin geçdi / Goşgular - 25.05.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021
"Siz" diýme maña... / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 7
-1
5 sabyrly   [Материал]
Onsoňam, "ömrüň bahary" gelinlik bilen gutarmaýar ahyry. Gelin bolmak miýesser eden bolsa, ykbal halanyňa duşuran bolsa, çagalaryň bolsa, ömrüň bahary dälmi?

0
4 sabyrly   [Материал]
Gunçalan bägül däl-de, açylan bägül diýseň bolar. Ikinji bendiň ikinji setirindäki guşlar kime degişli, nirden geldi ?

"Gül ömrüň bahary" diýmän tersine "Bahar deý ömrüň gülleri" ýaly edipjik alsaň?!

Üstünlik!

0
6 byagull   [Материал]
minnetdar

0
7 byagull   [Материал]
gyzlara "gunça" diýilýär. açylan bägül diýsen "gelinlik" bolýar meň pikirimçe

0
2 mango   [Материал]
Seniň öýüň, lälik gyzyň gahary
Çekiljek
ýalňyz ýer düşündim eje!

näme çekilýär?
A) gahar
B) näz

0
3 byagull   [Материал]
bu ýerde gahar ýumşak manyda, edesiň gelmeýan işe "o gyzynam bara edaysin sholam ish..". ýaly iňirdän bolunýada gyzjagaz mahalyn gelin bolup ony edip bolanokda

0
1 Aksary   [Материал]
Ine ýenede biri.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]