11:51
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..."
"EJEM, ÝENE SEÑ MÄHRIÑI KÜÝSEDIM..."

Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim,
Küýsedim ýylgyrýan mähirli ýüzüň.
Ýöne Allam aldy seni elimden,
Taşlap gitdiň, baky ýumuldy gözüň.

Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim,
Seniň goltgy berýän sözleriň zary,
Sesiňi eşdeýin dillenäý käbäm,
Sen gitdiň, üzüldi ýüregmiň tary.

Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim,
Mähriňden ýyladyp bagryňa bassaň,
Ir bilenjik sen saçymy darasaň,
Menem ýylgyrypjyk mekdebe gitsem.





Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]