15:41
Ejejan
EJEJAN

Ownuk-uşak temadan goşgy, gazal düzsem-de,
Ene waspyn ýazmaga söz älemni gezsem-de,
Ajal elne aldyryp, aýralyga dözsem-de,
Seniñ waspyñ ýazmaga gaýratym ýok, Ejejan.

Päli azan faşistler üstümize çozanda,
Berdiñ mähribanyñy Watanyñ goragynda,
Näçe wagt gezdim men atamyñ soragynda,
Ahyr tapdym mazaryn sen öleñsoñ, Ejejan.

Jahanda apy-tupan, açlyk höküm sürýärkä,
Watan goragna giden mertler başyn goýýarka,
Atasyz çagalary ene mähri çoýýarka,
Kolhoz işinden galman zähmet çekdiñ, Ejejan.

Wepat bolan atamyñ belent tutup sarpasyn,
Pil bilen gazy gazdyñ, orduñ bugdaý arpasyn,
Zähmet çekip öýmüziñ boş goýmadyñ suprasyn,
Genjim-hazynam meniñ señ terbiýäñ, Ejejan.

Mähriban enelermiz ýitirýärkä diregni,
Hor etmäni sakladyñ, tutup ata deregni,
Aýdyñ, nämä deñäp bor eneleriñ ýüregni,
Ýüregimiñ joşguny seniñ söýgiñ, Ejejan.

Mämmet diýr il guwanjy bahardaky seneler,
Ýaşyñyz uzak bolsun, mähribanym eneler!
Ar-namysy goralyb, ene boljak sonalar,
Adyñ namysym-arym, baýdagymdyr Ejejan.

Mämmet SALYHOW.

"Balkan" gazeti, 1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmet Salyhow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Señ ýeriñ başga / Goşgular - 11.02.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Galarmyñ? / Goşgular - 04.03.2021
Bizden size kim gerek? / Goşgular - 15.02.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Ýalñyz guş / Goşgular - 16.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]