20:52
Eje!

EJE!

Güldürip güler ýüzüňi,
Ýylgyryp baksana, eje!
Diňläýin şirin sözüňi,
Mähriňe ýaksana, eje!

Joş berip bu gamly köňle,
Ykbalymy bagta deňle,
Suw bolup paýawlan ömre,
Şildiräp aksana, eje!

Bolaýyn ýüküňe maýaň,
Jöwzaly günüňde saýaň,
Bagra basyp eziz çagaň,
Ýüregňi döksene, eje!

Durmuş bizi aýyrmasyn,
Ykbalymdan doýurmasyn,
Bu hasratym maýyrmasyn,
Syrlarym söksene, eje!

Jahan maňa dar bolmasyn,
Köňlüm söýgä zar bolmasyn,
Owal-ahyr şor bolmasyn,
Maňlaýym öpsene, eje!

Çeşme:
Gülşirin Hanowa. «Ykbalym» atly goşgy. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji martynda çykan sanynyň 4-nji sahypasy

Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Goşgyň jemlemesi
Enäň öpen maňlaýyn takdyr şor edebilmez,
Mähir bolmaz ejem jan seň mähriňden zyýada
(S, Türkmenbaşy)
setirlerini ýatlatdy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]