18:36
Eje
EJE

Eje, meni şeýlebir gujaklasana,
Elleriň ýylysy, ýüregiň mähri,
Synama ornasyn, kowsun dünýämden,
Maňa ýapşak bolan sussupesligmi.

Eje, meni şeýlebir gujaklasana,
Ýumşak aýaň sypalasyn serimi.
Ýüregimiň derdi gözden syrygyp
Ýuwsun aýralygyň oýan ýerini.

Eje, meni şeýlebir gujaklasana,
Ýyly demiň ot goýbersin synama.
Çekile-çekile sapagy ýolnan,
Ýapyşalga bolsun sönýän ynama.

Eje, meni şeýlebir gujaklasana,
Undaýyn dünýäni, tutuş barlygy.
Bir pursatlyk arşda seýil edeýin,
Hemdemme öwürüp bagtyýarlygy.

Eje, meni şeýlebir gujaklasana,
Asla hiç wagt açylmasyn gollaryň.
Barlygyňda mydam bagta bürener,
Geçmeli menzillem, alys ýollarym.





Категория: Goşgular | Просмотров: 149 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022
Köňül pelsepesi / Goşgular - 01.01.2022
Enekäme / Goşgular - 23.02.2022
Mende daşa-da söýgi bar / Goşgular - 21.02.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Senmi, gülmi? / Goşgular - 30.01.2022
Последние известия / Goşgular - 16.02.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mahperi   [Материал]
Ýüregimiň derdi gözden syrygyp,
Ýuwsun aýralygyň oýan ýerini...

0
3 Mahremlik   [Материал]
Ýüregimiň derdi gözden syrygyp
Ýuwsun aýralygyň oýan ýerini.
Şeýle bir ýürege ýakyn setirler. Üstünlik ýaranyňyz bolsun

0
2 Garayolly1936   [Материал]
"Eje, meni gaýym gujaklasana" diýilse juda jaýdar bolaýjak eken. Çünki, iň ýakynlaryň babatda "gaýym gujaklamak" söz düzümi il içinde, halky äheňde ýörgünli. Galyberse-de, goşgynyň şol setiriniň bogun ölçegi kadalaşjak eken. Şygyr welin, mähir mazmunly bolansoň okyjyny özüne çekýär. Şahyr sag bolsun.

0
1 Mähriban   [Материал]
Eje,
meni şeýlebir gujaklasana...

Ömrüňiz uzak bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]