05:47
Eje
EJE

Dünýäde iň eziz näme diýseler,
Barymyz ses goşup, diýeris “Eje”.
Wah, ejemjan diýeniňi duýmarsyň,
Tiken batsa ýekeje.

Dünýäde iň gowy näme diýseler,
Barymyz ör turup, diýeris “Eje”.
Oň şeýle bir gowy bolany üçin,
Eje mydam ýekeje.

Dünýäde iň hamrak näme diýseler,
Bir demem oýlanman, diýeris “Eje”.
Çagajykkak nirä gitse giderdik,
Ejem bilen bileje.

Dünýäde iň naçar näme diýseler,
Gursaga el goýup, diýeris “Eje”.
Gözýaşlary dammasyn ýekeje-de,
Sebäp ol dünýäň ýüzünde ýekeje
Eje!

2012-2013

***

Şeýle bir aglasym gelýär
şeýlebir.
Ýa aglamak maňlaýyma ýazlypmy?
Bular gözleň ýagyşymy
ýa-da içiň ýanmakmy?
ýanan içim,
köýen içim,
kül bolan içim,
tüm bolan içim.
aglaýan
aglaýan
aglaýan
aglajak
aglajak
aglajak

Köşeşdirmäge geläýmäň biriňem!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mähriban   [Материал]
Hany, ol ýüregi ýaraly çagajyk "ursalaram, ejemiň eli bilen ursunlar-la" diýipdir-ä. Menem: "Öwselerem, döwselerem, mangoň usuly bilen öwewersinler, döwewersinler!" diýýän. Siz gowy pedagog (Gowy tankytçydygyňyzam aýdaýyn, berekella!), işiňiz ileri, iki dünýäňiz abat bolsun, Mango Dogan, Mugallym!

0
5 Mähriban   [Материал]
Sag bol, düşündim, Goçmyrat!

0
4 mango   [Материал]
“ejede” “ýekejäni” köpje ulanypsyň.
- Tiken batsa ýekeje.
- Eje mydam ýekeje.
- Gözýaşlary dammasyn ýekeje-de,
- Sebäp ol dünýäň ýüzünde ýekeje / Eje!

ejäniň ýekejeliginem iki gezek gaýtalaýaň….
1. Eje mydam ýekeje.
2. Sebäp ol dünýäň ýüzünde ýekeje / Eje!
—-
Göz öňüme geldi:
- aýu-u-u, suraý-u-u-u! haçan ot ýygjak, mallar uwlap du…, aç goýduň o guzylary… çyk derrew öýden….
- duraýda, eje jan. men-ä seni öwüp goşgy ýazyp dum, sen bolsa…
- öwmänjik geçäý, mallary aç goýjak bolsaň…. geçen gezegem etjegiňi edip, yzyndanam goşgy goşan bolýaň aç galan guzy barada….
- wah, ejemjan-ejemjan, sen meň ýekejäm!
——
Ikinji aglak goşgyň-a gowja eken.
agla! köşeşdirmäge-de barmarys.
özüň köşeşýänçäň agla.
——
ýyzzyllar seňki bolsun.

2
3 Edebiyatcy   [Материал]
Höwri köp bolsun

2
2 Edebiyatcy   [Материал]
Eje hakynda kän goşgular ýazyldy, häzirem ýazylýar. Ýöne goşguda Laçyn Pürjäýewanyňky ýaly:

Sesine çen garran ejem,
Saçyna çen garran ejem

diýen ýaly öň aýdylmadyk, delje-dülje pikirleri aýdyp bilmejek bolsak, şol goşgyny ýazmasak gowy bolaýjak ýaly... Özüm-ä şeýdýän. Bu sözler siziň goşgyňyza bellik dälde, umumy aýtdygymdyr

1
1 Edebiyatcy   [Материал]
Suraý, ýanan, kül bolan, koýen, tüm bolan içiňi egismek üçin käte aglamak peýdaly saglyk üçinem. Ýöne kän aglamaweri

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]