09:20
Eje
EJE

Eje!
Gollarym titreýär, gaçýar mejalym,
Ogluň sandyrawyk däldir aslynda.
Emma, eje diýsem dag kimin kalbym,
Bir gezek beýgelip hem-de epilip,
Aljyrap, alňasap galýar sarsgynda.

Hiç beyle duýmadym özümi ejiz,
Bu gara baş yaş halyna çalaran.
Hany, mähir bilen bakýan gözleriň,
Häzır bakýanlary gödek, alaran.

Eje, yadyňdamy, sen bir dünýädiň.
A bizler jan hem uly han, agadyk...
Ýatlamalar kemis gownüm doldurýar,
Wah, şo günler,
Ah, çagalyk, çagalyk.

Mähriňiz, söýgiňiz siňerdi has-da,
Ýarym köňle, syrkaw bolsak hassa ýa.
Häzır,
Teselli tapmana ýatjak keselli,
Arman, zandym mert bol diýip gyssaýa.

Ýadymda.
Ýekeje şarpykdy sizden iýýänim,
İň uly günäme iň uly jeza.
A häzir ýalňyşsam bilip ýa bilmän,
On iki suňňümde duýýaryn yza.

Özgeleň göwnüni gördüm ençeler,
Ýöne heý-de gözlerine ildimmi?
Eje! Käbäm bolup durduň başymda,
Aýt, yöne men ogul bolup bildimmi?!.

***

Dözýän deý bolar-ki dözmeýär ene,
Hem tilden hem dilden sözleýär ene.
Seň derdiňe şärık bolar ikuçsyz,
Emma, öz derdini gizleýär ene.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
Баллада о страхе / Goşgular - 26.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Kakajan Balkanowyň dürli ýylllarda ýazan goşgulary / Goşgular - 22.01.2022



Всего комментариев: 19
0
19 Taryhçy   [Материал]
Ahmede entek kämilleşmek gerek. Ol muny başarjak ýigit

0
18 Gülmahym   [Материал]
Ah cagalyk cagalyk

0
15 Gumlygelin   [Материал]
Ahmet! Galamyñ ýiti bolsun jigim.Ene kalbynyñ sedasyna düşünen ynsan beýikdir.

0
17 Ahmet   [Материал]
Minnetdar.

0
14 Mähriban   [Материал]
Berekella, Ahmet jigim, gaýrat et!

0
16 Ahmet   [Материал]
Minnetdar.

0
11 Hyýalkeş   [Материал]
Meni diñleseñiz-ä, hökman ugradyp görüñ. Elbetde ilkibaşda çap etdireniñizde azajyk kösençli bolar. Hemmämiziñkem şonuñ ýaly. Ugradanyñyzdan bir iki hepde soñ jañ edip görüñ goşgular bölümine. Aýşat gowy gyzdyr. Hökman okap görer jañ edip diýseñiz. Mende belgisem bardyr gerek diýseñiz.

0
12 Ahmet   [Материал]
Nesip bolsa, göreris-le... Minnetdar.

0
13 Aksary   [Материал]
Seýdiñ talyplary kän-ä gazetlerde çykyş edýänleri kuratorlaram bar, şolardanam bir sorap görüñ!

0
10 Sergezzan   [Материал]
Pulsuz wagtyñ söyüp biljek yeke-tak adam, bu seň Ejeñdir.

0
7 MмС   [Материал]
Ýadymda.
Ýekeje şarpykdy sizden iýýänim,
İň uly günäme iň uly jeza.
A häzir ýalňyşsam bilip ýa bilmän,
On iki suňňümde duýýaryn yza.

Özgeleň göwnüni gördüm ençeler,
Ýöne heý-de gözlerine ildimmi?
Eje! Käbäm bolup durduň başymda,
Aýt, yöne men ogul bolup bildimmi?!.

Şu iki bendi aýratyn haladym.

0
6 Hyýalkeş   [Материал]
Ba-yıl-dım.
Ahmet awtor, döredijiligiñizdäki iñ gowy goşgulardan biri bolsa gerek.Galamyñyz ýiti bolsun!
Arada gazete ugradaýmak netiñiz bardy.Näme boldy şol?

0
8 Ahmet   [Материал]
Mennetdar! Aý, gazet meselesinde ugradamok häli. Doğrusy, ćykmajagyn bilip iberesim gelenok. Biderek synanşanym galýa...

0
5 permanh2206   [Материал]
Gaty gowy. Üstinlik hemran bolsun!

0
9 Ahmet   [Материал]
Minnetdar.

0
4 Sergezzan   [Материал]
Bular meni bilenok EJE

0
2 Aksary   [Материал]
Ýöne heyde gözlerine ildimmi

Bäh

0
1 Aksary   [Материал]
Özgeleň göwnüni gördüm ençeler,
Ýöne heý-de gözlerine ildimmi?
Eje! Käbäm bolup durduň başymda,
Aýt, yöne men ogul bolup bildimmi?!.

Gowy jemleme gowy çykyş ömrüñ bolsun.

0
3 Ahmet   [Материал]
Minnetdar!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]