12:54
Eje

EJE

Dertli daragtyň ýapragy meň üstüme gerinmezmi,
Bu dünýäniň bar gaýgysy meň üstüme sürünmezmi,
Sensiz maňa ýagty jahan tümden gara görünmezmi,
Sen bolmasaň meň ýanymda mähribanym käbäm eje.

Seniň bilen dogar günüm, seniň bilen dogar aýym,
Sensiň maňa bu dünyäde bagtdan berlen uly paýym,
Bir ýylgyrsaň ýylgyrşyňa bütin älem bolar maýyl,
Ýylgyrşyndan nurlanýandyr göreçli didelem eje.

Yhlasymy artdyransyň her işimde goldaw berip,
Gije-gündiz bagt dilap Biribara goluň serip,
Sowgat bersem kabam saňa  jennet bagyndan gül terip,
Jennet aýagyň astyndadyr sen Jennetiň güli eje.

Üstünlikler gujak açar keramatly dilleriňden,
Dogalaňdan ýeňişlerem geçe bilmez men deňimden,
Maňlaý sypan pamyk yaly öpüp, melhem elleriňden,
Ak arzuwyň, päk niýetiň meniň ýagty ertam eje.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Aýylganç kölege / Goşgular - 17.03.2021
Epitafiýa / Goşgular - 13.02.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Hötde gel / Goşgular - 11.02.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
"Alyslardan alyslarda galan ýar" / Goşgular - 08.02.2021
Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Mowzuga geç]
Maňlaý sypan pamyk yaly öpüp, melhem elleriňden

Many düşnüklem bolsa aýdylyş bulaşyk.
“…öpüp pamyk ýaly elleriňden” ýalyrak diýmeli dälmi?
Ýogsam “pamyk ýaly öpýaň” “melhem ellerinden”.
——
Üstünlik dileýän.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Sowgat bersem kabam saňa jennet bagyndan gül terip,
Jennet aýagyň astyndadyr sen Jennetiň güli eje.

Jennet bagyndan gül termek üçin ilki jennete girmeli.
Oňa çenli…. tapan ýeriňden gül teribermeli.

1
2 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Kim ejesini halamaýan bolsa, kim ejesini bigadyr edesi gelýän bolsa, kim ejesiniñ arzysyny gaçyrjak bolsa şular ýaly arzan goşgulary köp düzsün!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Birinji kupletde “sensiz” bilen “sen bolmasaň” näsaz görünýär.

Dertli daragtyň ýapragy meň üstüme gerinmezmi,
Bu dünýäniň bar gaýgysy meň üstüme sürünmezmi
Sensiz maňa ýagty jahan tümden gara görünmezmi,
Sen bolmasaň meň ýanymda mähribanym käbäm eje.

Dördünji setirdäki “sensiz” başgaça aýtmaly, ýokarky sananlaryňa görä…. Sanap-sanap osoň diýseň “”sen bolmasaň”….
Düşündirip bildimmi?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]