23:49
Eje!
EJE!

Düýşüme giripsiň, seni arkama
göterip barýaryn - agyr däl, eje!
Seni ýitiremsoň, onki süňňümde
ýanan ýerim diňe bagyr däl, eje!

Lowlap ýanmasy bar ýüregimiň hem,
Entek duranok ol - urup dur çala.
Seni küýsäp urunsam-da her ýana,
Şükür, saçym ýaýyp çykmadym çöle.

Gursagymam ýanyberýär, aýamy
goýdugym, öňküden biraz köşeşýär.
Munda näçe hasrat çekenem bolsa,
Adam diňe gowulyga garaşýar.

...Gije-gündiz ýazyp ýören bolsamam,
Meniň bar güýmenjäm şygyr däl, eje!
Agyr diňe seni küýsäp ýörmeklik,
Guş deý göwräň hijem agyr däl, eje!

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.3/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
Karar / Goşgular - 24.03.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Встречал... / Goşgular - 16.04.2021
Adatdan daşary / Goşgular - 23.05.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]