17:00
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn...
EGER-DE, EGER-DE, ÝITIRSE YŞKYN

Dymdym, duýgularym ýüregme ýaýrap,
Gözýaşlam didämden döküldi paýrap,
Bilýän, bilbillerem başarmaz saýrap,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, Aý dogupdyr Gökde lowurdap,
Ýapraklar derdiňi gozgar şygyrdap,
Ýagyşlaram ýagyp bilmez şabyrdap,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, neçüýn yşk geldikä eglenip,
Gije-gündizlerem gitdi deňlenip,
Ýüwrük ýeller aýdym aýtmaz hiňlenip,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, apalanym bolup gitdi ýat,
Goýup ýüregimde bir bölejik ot,
Hiç bir ýerde karar tapmaz adamzat,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, dymmaýyn men, geň görer iller,
Şahyra iliniň bilbili diýerler,
Oklamaz özüni gaýadan siller,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Diýýärler / Goşgular - 30.05.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]