22:44
Edepsizligiñ başlanan ýerinde edebiýat gutarar...
EDEPSIZLIGIÑ BAŞLANAN ÝERINDE EDEBIÝAT GUTARAR...

• ýa-da Türkiyäni aýaga galdyran pedofiliýa mazmunly kitabyñ awtory hakynda

Türkiýäniñ "Kurgu Kültür Merkezi" neşirýaty tarapyndan türk ýazyjysy Abdylla Şewkiniñ "Zümerret jaý" ("Zümrüt Apartmanı") kitabyndaky pedofiliýa ýaly jynsy azgynlyga meýil etdiriji setirler Türkiýäni aýaga galdyrdy we Ankara prokuraturasy tarapyndan bu boýunça derñew işi açyldy.
Aslynda ýazyjynyñ bu kitaby 2013-nji ýylda çap edilen eken. Emma kitapda pedofiliýany beýan edýän setirleriñ barlugy internet sahypalarynda paýlaşylansoñ mälim bolup galdy. Şewkiniñ kitabynda beýan edilen jümlelere internet okyjylary tarapyndan "barypýatan haýasyzlyk" diýip baha berildi. Internet okyjylary kitabyñ haýal etmän kitap dükanlaryndan we okyjylardan toplanylmagynyñ we satuwdan aýrylmagynyñ gerekligini aýtdylar. Agzalan kitap boýunça derñew işleriniñ başlanylmagyny talap edip, degişli ýerlere ýüz tutanlar hem boldy.

■ Garaşylşy ýaly hem boldy: Derñew işi açyldy

Gelip düşen habarlardan soñ Türkiýäniñ medeniýet we turizm ministrliginiñ aýyplaw talapnamasy esasynda kitapda ýerleşen jümleler boýunça Türkiýäniñ jenaýat kodeksiniñ 226-njy maddasynda görkezilen "jynsy azgynçylykda" aýyplap, Ankara şäheriniñ prokuraturasy Abdylla Şewkini tussag astyna aldy.
Türkiýäniñ maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrliginden berlen beýannamada, agzalan kitapdaky jümleleriñ Jenaýat kodeksiniñ 226-njy maddasynda görkezilen aýyplara gabat gelýändigi üçin ýazyjy bilen birlikde kitaby çap edenleriiñ we satuwa çykaranlaryñ hem kanuny esasda jogapkärçilige çekiljekdigini mälim etdi.
Prokuratura hem öz gezeginde Medeniýet we turizm ministrliginiñ aýyplaw namasy esasynda Abdylla Şewkiniñ TJK-niñ 226-njy maddasynda görkezilen "jynsy azgynçylykdan" bilen kanuny jogapkärçiligiñ başlanandygyny tassyklady.

■ Maşgala ministrliginden hem aýyplaw talapnamasy geldi

Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrligi hem agzalan kitabyñ ýazyjysy, kitaby çap eden, satuwa çykaranlar boýunça derñew işiniñ açylmagyny talap etdi.
Ministrlik internet sahypalarynda we teleýaýlym habarlarynda berlen habarlardan soñ, 2013-nji ýylda neşir edilen kitapda pedofiliýanyñ wagyz edilendiginiñ doly anyklanandygyny aýtdy.
Beýannamada "çagalarymyzyñ belent ruhuny we jemgyýetçilik ahlak gurluşyny gorap saklamak biziñ iñ wajyp meselämizdir. Ministrligimiz tarapyndan çagalarymyzyñ ruhy, psihologiki we fiziki ösüşine ters täsir edip biljek dürli ýaramazlyklara garşy ýadawsyz göreşimiz mundam beýläk hem dowam eder" diýen sözlere ýer berildi.

■ Ahlaksyz kitabyñ awtoryna arka çykýanlar hem tapyldy: "Çeper esermişin!"

"Zümerret daş" eserinde ulanýan ahlaksyz sözleri bilen jemgyýeti sarsgyna salan ýazyjy Abdylla Şewkä kitaby çap eden "Kurgu Kültür" neşirýatynyñ hojaýyny Yayınları'nın sahibi Alaeddin Topçy arka çykdy.
www.yeniakit.com.tr saýtynyñ habarçylarynyñ sowallaryny jogaplan A.Topçy: "Ýazyjymyz Abdylla Şewkä näme üçin hüjüm edilýändigine düşünemok. Bu kitap çeper eserden başga zat däl ahyryn" diýdi.

■ "Zümrüt jaýyndan" soñ ýene bir haýasyz kitap Elif Şafakdan geldi...

Pedofiliýany suratlandyrýan wejeraçylykly jümleleriñ ýer alan "Zümerret jaý" kitabynyñ awtory Abdylla Şewki Türkiýede "Amerikany açanok". Ýazyjy Elif Şafahyñ "Mährem" atly kitabynda hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ garşysyna amala aşyrylýan jynsy azgynçylygyñ beýan edilýändigi ýüze çykdy. Elif Şafak "Doğan Kitap" neşirýaty tarapyndan neşir edilen "Mährem" atly kitabynyñ 238-239-240-njy sahypalarynda Abdylla Şewkiden has öte geçip, bihaýaçylykly kartinalary suratlandyrypdyr. Muña garamazdan agzalan iki bolgusyz kitabyñ hem onlaýn satuw saýty arkaly satylmagy dowam edýär.

■ Näme üçin Elif Şafagy ýazgarýan ýok?

Abdylla Şewkiniñ bihaýaçylykly setirleriniñ üstünde internet sahypalarynda gowur turup durka, intelligensiýanyñ wekillerinden hem seslenme geldi. 2000-nji ýylda "Metis", 2016-njy ýylda "Doğan Kitap" neşirýatlary tarapyndan çap edilen kitaba näme üçin häli-häzire çenli ýalandan-çyndan tankydy bellik gelmändigi herkesi geñ galdyrdy. Tankydy bellik edilmänliginden hem beteri, "Doğan Kitap" tarapyndan 66-njy neşiri çykan kitap Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşigi tarapyndan "Iñ gowy roman" baýragyny hem alypdyr. Ýogsa-da, aç-açan pedofiliýany ündeýän esere Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşigi nädip baýrakly orny berip bildikä?

■ Türkiýäniñ Ýaşlar guramasy kitaby gazaply ýazgardy

Kiçijik çaganyñ garşysyna amala aşyrylýan jynsy azgynçylygy şöhwetli şekilde suratlandyrylan "Zümerret jaý" kitabyna Türkiýäniñ Ýaşlar guramasy hem biperwaý galmady. Guramanyñ agzalary neşirýatyñ Ankaradaky binasynyñ öñüne gelip, çykyş etdiler. Ýaşlar guramasynyñ Ankara şäheri boýunça bölüminiñ başlygy Anil Eren Ýyldyz we ýygnanşyga gatnaşan ýaşlar "Türkiýäni bular ýaly çüýremeleriñ eline bermeris. Günäkärler jogapkärçilige çekilsin" diýip çykyş etdiler.

■ Ýaşlar guramasynyñ tankydy çykyşlaryny goldadylar

Kitaby tankytlamak üçin neşirýat binasynyñ öñüne gelen ýaşlara internet ulanyjylardan hem gyzgyn goldaw ýagdy. Internet ulanyjylar "Zümrüt jaýynda" ulanylýan pedofiliýany suratlandyrýan juda çökder jümleleriñ orta çykmagy bilen internet sahypalary sarsgyna giripdi. Ýaşlar guramasynyñ aktiwistleri kitaby çap eden neşir eden neşirýatyñ binasynyñ öñünde ýazyjyny we neşirýatt gazaply ýazgardy. Ellerinde "Pedofiliýa ýaly etmiş adatylaşdyrylmaz!", "Çüýremelere ýol bermeris!" ýaly ýazgylar bilen gelen ýaşlara raýatlardan we internet sahypalaryndan gyzgyn goldaw geldi.

■ Intelligensiýanyñ köp sanly wekilinden, žurnalistlerden, ýazyjy-şahyrlardan, sungat işgärlerinden hem goldaw geldi

Ýaşlaryñ tankydy çykyşlaryna döredijilik we sungat işgärleri, žurnalistler internet ýoly we telefon arkaly goldaw berdiler.
"Aydınlık" gazetiniñ baş redaktory, Watan partiýasynyñ Stambul şäheri boýunça munisipialetiniñ başlyklygyna kandidat Mustapa Ilker Ýüjel, şol gazetiñ žurnalistleri Gapbar Yakynja, Mine G.Kyrykkanat we intelligensiýanyñ başga-da birnäçe wekilleri şahsy internet hasaplaryndan bihaýaçylykly jümlelerini gazaply ýazgarmak bilen birlikde ýaşlara arka durdular.

■ "Gözüm bilen görmedik bolsam ýazmazdym..."

Bütin bu bolup geçen tankydy çykyşlara garamazdan pedofiliýany ündeýän "Zümrüt jaý" kitabynyñ awtory Abdylla Şewki tussag astyna alynmazynyñ öñüsyrasy yeniakit.com.tr saýtynyñ sowallaryny jogaplanda, öz haýasyzlygyny aklajak bolmakdan utanmady. Hatda ýazan bolgusyz kitabyny "çeper eser" diýip atlandyran Şewki "Eger men muny başymdan geçirmedik bolsam, ýazmazdymam" diýen sözleri ulandy. Ol özüni aklamasyny şeýle dowam etdi: "Men size dogrymy aýdaýyn. Eger men muny başymdan geçirmedik bolsam, ýazmazdymam. Wakalary suratlandyranymda siziñ aýyp hasap edýän sözleriñizi ulanmasam, döreden eserim bäş şaýa degmezdi".
Ynha, şol berilen soraglara Şewkiniñ beren jogaplary:

- Eseriñizde ýazan setirleriñize garşy gelen tankydy belliklere nähili garaýarsyñyz?

- Bu birgiden adam aýaga galkyp bir adamy depgilemäge çalyşdylar. Diýmek, üstünlik meniñ tarapymda. Men bu meselede gutarnykly ýeñiş gazandym. Bu kitapda beýan edilýän hekaýalaryñ hersi özbaşyna bir dünýä, özbaşyna bir gymmatlyk. Çünki men hemmeleri aýaga galdyrmagy başardym. Häzir maña öñýeten "utançsyz haramzada, ahlaksyz eşek we ş.m." diýip biler. Men haramzada-da däl, ahlaksyzam däl. Üstesine kitapdan ep-esli girdeji gazandym. Men gowy ýerlerde işledim, iñ gowy işleriñ arasynda boldum. Men, näme, etmäge iş tapman, jemgyýete porno edebiýaty wagyz etjek bolýandyr öýdýäñizmi? Heý, bu bolup biljek zatmy? Eger men bu ýazgylarym bilen çeper edebiýata düşünmeýän kütek añly kişileri aýaga galdyryp bilýän bolsam, çeper eser maksadyna ýetipdir.

- Yazan zatlaryñyzyñ dogrudygyna ynanýarsyñyzmy?

- Bu duýgular söz bilen beýan edilse gowy bordy. Eger haýsydyr bir hekaýa bulary berip bilmese, ýagny, hekaýada beýan edilýän waka eseriñ başyndan ahyryna çenli wakany gürrüñ berýän bolsa, eýýäm bu sözüñ doly manysynda güýçli täsir edýän eser bolup bilmez, kämil eser hem diýip bolmaz. Gynansak-da, bu edebi stil bizde ýoñ bolan. Muña "gür berme" (tahkiye) diýilýär. Bu biziñ hekaýalarymyzyñ hem birnäçesine mahsus. Meniñ bärde etmäge synanyşan zadym bolsa düýbünden başga zat. Men belli bir ýagdaýyñ hekaýatyny ýazýaryn we ähli duýgulary söz bilen suratlandyrmaga çalyşýaryn.

- Okyjylar şol setirleri okanlarynda düýrügýändiklerini aýdýarlar, hekaýa şeýle bolmalymy?

- Muña düýrükdiriji diýmäge hakyñyz ýok, men muny çeper suratlandyrýaryn. Siz okyjylañ hatarynda bolsañyz, men ýazyjy hatarynda. Eger siz okanyñyzda, okaýan zadyñyz doly göz öñüne gelýän bolsa, onda mesele ýok. Onds men ýazyjy hökmünde öz maksady diýmek isleýän zadymy diýip oñarypdyryn. Feýzbukdan munça tankydy bellikleriñ gelendigini göreñzokmy näme? Eger muña gymmatlyklar nukdaýnazaryndan seretseñiz, onda ýagdaý üýtgeýär. Bularyñ her birinde döredijilik adamsynyñ ussatlygy öñde durýar. Tomas Mannyñ "Wenesiýada ölüm" atly kitabynda hem pedofiliýa hekaýaty gürrüñ berilýändir. Şol eserde gojalşan adam kiçijik çagajygy jany-teni bilen söýýär. Netijede onuñ ýazan romany kämil eser.

- Çagañyz barmy ýok, ony bilemok welin, eger bu eseri çagañyz okasa, özüñizi nähili duýarsyñyz?

- Bu kitap kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara niýetlenip ýazylmady, uly ýaşlylar üçin, ýagny, eserdäki hekaýalar we beýan ediliş stili uly adamlaryñ düşünjesine laýyklanyp ýazyldy. Eseri filosofiýadan we çeper edebiýatdan ýeterlik derejede habarly, 25 ýaşdan ýokary okyjylar okap biler.

- Emma kitabyñyzda (25+) diýen ýaly ýaş belligi ýok ahyryn?

- Meniñ etjek belligim şeýle: bu kitapda ýerleşdirilen hekaýalaryñ hemmesi-de gowy. Islän adam okap biler, ýöne garşylykly tankyt bilen däl. Çeper suratlandyrma bolan tekstde näme aýyp bolup biler? Eger beýtjek bolsañyz, çeper edebiýatyñ, sungatyñ hemmesini çukura gapgaralyñ.

- Siziñ pikiriñize görä baha beriljek bolsa, pornofilmlerem sungat. Emma pornografiýa kanuny taýdan gadagan. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ pornosyny wagyz etmegiñ-ä kanuny taýdan agyr jezalary bar. Siziñ ýazanlaryñ kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ pornosyndan näme tapawudy bar?

- Çeper pornolaryñ dürli görnüşleri bar. Meselem, ***-niñem kinofilmleri bar, olaryñ hersi özbaşyna eser. Muña derek narkobaronlar hakynda Latyn Amerikada surata düşürilen kinofilmlerem bar, olaryñ hiç biriniñem tomaşa ederligi ýok. "Men pornofilmlere tomaşa edemok, bihaýaçylykly zat" diýenlerem, iñ bolmanda bir gezek pornofilmlere tomaşa edendir. Meniñ kitabymda bolsa beýle zat ýok. Men diñe sözler bilen beýan etmäge çalyşdym.

- Kitabyñyzdaky şol jümleleri okanlary oñaýsyz ýagdaýa düşürerin öýdeñzokmy?

- Türkiýede känbir kitap okalyp barlanok. Özem meniñ kitabymyñ okalmagyny gaty bir ynandyryjy göremok. Kimdir biri maña: "Doganjygym, seniñ kitaplaryñ hemmesi satylyp gutaryldy" diýse, dogrusy geñ galardym. Türkiýede kitap okaýan barmy näme? Ýurdumyzda bir hepdäniñ dowamynda bary-ýogy ýedi kitap satylýar. Ýagny ortada kitap şowhuny ýok. Kim alypdyr, kim okap täsirlenipdir?..

- Medeniýet we turizm ministrligi, Adalat ministrligi ee Maşgala ministrligi siziñ garşyñyza aýyplaw talapnamasy bilen çykyş etdi. Bu barada diýjek zadyñyz barmy?

- Men bu kitaby Medeniýet ministrliginiñ ýörite rugsady bilen neşir etdirdim. Indi näme üçin meni aýyplamaga synanyşýarlar? Bu kitap özbaşdak çap edilmedi, Medeniýet ministrliginiñ rugsatnamasy esasynda çap edildi. Rugsadyñy berensoñ kitabyñ içinde "pylan bar eken, pysmydan bar eken" diýmäge hakyñ barmy? Başda seretmeli eken-dä! Olar hemme zady gözden geçirenoklarmy näme? Meselem, häzir kommunistik pikirli kitap ýaz, derhal bagtyñy ýatyrarlar.

- Bular ýaly çeperleşdirmeler bilen azgyn duýgulara meýilli adamlara ýol görkeziji bolýandyryn öýdeñzokmy? Ýagny ýaramazlygy we azgynçylygy wagyz etmek dälmi bu?

- Kitap realistik däplere eýerilip ýazyldy. Hekaýalar hem realistik däpleriñ çygrynda toslanyp tapylan sýužetler. Bärde ýazyjynyñ etmek isleýän zady: okyjyda düýrükdiriji we azgynlygy ýazgaryjy duýgulary oýarmak. Nebsimiz agyrsa-da, Türkiýede ýeke hekaýany okap gutarmaga sabyr-takaty ýok ejiz adamlar kän. Galyberse-de, meseläniñ başga bir tarapy bar: haýsydyr bir ýazyjy pedofiliýa meýil döretmeli bolsa, gel-gel muny men etmelimi? Men şolar ýaly derejede ussat ýazyjy däl. Orhan Kemal ýazsa bolardy, ýogsa-da, olam ýazdy ahwetin.

- Haýbat atmaga synanyşýanlar barmy?

- Bar. Meselem meni kyhlap bilerler. Şolar ýaly derejede kütek düşünjeli adamlar bar, sähel zady bahana edip janyña kast edip bilýärler. Söbügime düşüp bir ýerlerde öldürmekleri daş däl. Ýeri, meni öldürdiñem-dä, porno gutarýarmy? Pedofiliýa gutarýarmy? Bularyñ hemmesi adamzat dünýäden ýok bolup gidýänçä dowam etjek zatlar. Edep-terbiýe we bilim berlişi gowy bolsun...

# www.yeniakit.com.tr
# www.aydınlık.com.tr
# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.





Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 330 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Hanguly Tañryberdiýew - edebi tankytçy - 05.05.2022
Öde Abdyllaýew - teoretik - 06.05.2022
Ata Kerimow - edebi tankytçy - 06.05.2022
Abdylla Myradow - görnükli edebiýatçy - 05.05.2022
Saýlaw Myradow - 06.05.2022
Gürrüñ gümürtik galmasyn... - 17.05.2022
Görýäniňi duýmak ukyby - 15.01.2022
Jora Allakow - 06.05.2022
Gazanylmadyk şöhrat - 28.05.2022
"Aldamaga oglan ýagşy..." / felýeton - 16.05.2022



Всего комментариев: 1
1
1 ýaş_taryhçy   [Материал]
Haramzada

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]