14:13
Edebiýatça pul kömegini edip bolmaz
EDEBIÝATÇA PUL KÖMEGINI EDIP BOLMAZ

Metin Jelalyñ 10-njy sentýabrda "Cumhuriyet" gazetinde çykan ýazgysyny gördüm we aýdýan zatlaryndan çen tutup, onuñ ýazyjy-şahyrlary döwlet pul sylagyna hödürleýän emin agzalardan biridigine göz ýetirdim.
Dogrusy, Metin Jelalyñ ýazyjylara pul sylagynyñ berilmegini goldaýan sözleri bilen ylalaşyp bilmedim. Munuñ hiç bir medeniýet bilen baglanyşygy ýokdur. Ýazyjynyñ "Eziz Nesinem pul alypdy" diýip, beýik ýazyjynyñ adyny tutaryk edinmesi ýalñyş, çünki gurama ýa-da sindikat hökmünde pul almak bilen şahsy derejede döwlet kömegini almak düýbünden başga zat.
Döwlet kömek etjek bolsa, garranda kyn ýagdaýa düşen ýazyja esewan etsin, ýa bolmasa talap edilýän ölçeglere laýyklykda kitaby çap edilen ýazyjyny ýaşyl pasport bilen üpjün etsin, ýazyjylar öýüni gursun, emma pul bermesin.
Ýazyjylar döwlete arkalanmakdan ýüz öwürmelidir. Dünýäniñ iñ demokratik döwletinde-de bu hakda pikir etmeli däl.
On bäş ýyl öñ Şweýsariýada ýazyjylara kanton kassasyndan pul berilýändigini eşdipdim:
Türk emigrantlardan biri şol ýerde ýazyjydygy üçin Türkiýede oñmandygyny, syýasy garaýyşlary sebäpli kowulandygyny subut etmek üçin Türkiýede fason (Contract manufacturer) neşirýatlaryñ birine bäş şaýa degmeýän goşgular kitabyny çap etdirýär, munuñ öwezine agzyñy uçuklatjak pul, megerem, kyrk müñ şweýsar frankyna golaý pul alýar. Hemme zatda öñde-de bolsa, türkler ýaly oýun-hile edip oñarmaýandygyna garamazdan Şweýsariýada edebiýatyñ nämüçin yza galýandygyna şol wagt gowy düşünipdim.
1934-nji ýylda SSSR-däki döwlet kömegini (SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýazyjylar üçin girizen ýeñillikli düzgünleri) ýada salyñ, bu ýagdaý sungatyñ ölen wagtyna gabat geldi: ajaýyp rus romany şol wagt ölüpdi.
Halide Edip bilen dil tapyşmak üçin, hernä, bir gezek berilen we şondan soñ bir gezegem agzalmadyk JHP Roman baýragyny ýada salyñ: döwlet bilen oñuşmaýan ýazyjynyñ döwlet bilen pully gatnaşyga giren ýazyjydan tapawudynyñ ýokdugy hemişe ýadyñyzda bolsun: ýaşyryn hak-heşdekden gün gören ahlaksyz humarbazlary unutmalyñ, üstesine olaryñ ýokary ahlagyñ nusgasy hökmünde häzirem depämize täç edilýändigi, okuw kitaplaryna atlary girizilip okadylýandygy hiç ýadymyzdan çykmasyn.
Eziz Nesin TYS üçin pul alypdy. Guramalar, sindikatlar, kinomatografiýaçylar pul alsa alybersin, emma edebiýat erkinlikdir, muny pul gatnaşygyna baglamak gelşiksiz. Ýazyjy hakyky ýazyjy bolanda haýsydyr bir kitabyny pula çalyşmaýar.
Ýazyjyny döwletden "kömek" ady bilen pul almaga öwrenişdirmäñ, erte haýsy despotyñ munuñ deregne näme talap etjegini hiç kim bilibilmez.
Kimiñ näme ýazjagy pully gapjyklaryñ ynsabyndan daşda bolmaly, pully gapjyga bolan aradaşlyk bulen ýazyjy erkinliginiñ arasyndaky gatnaşyga yşarat eden Karl Marksyñ sözi boýnumyzdan asylgy dursun. Beýik byradar hemme ýere burnuny sokanda, mundan hiç hili gaça durmaýan, bazar gatnaşyklaryna "tüýs ýüregi bilen" ynanýan çepçiler bilen ylalaşyp bolmaz: Munuñ wagty gelsin indi. "12-nji sentýabrdan" otuz dört ýyl geçensoñ gelsin.
"12-nji sentýabryñ" täze eýeleriniñ "ýazyjylara pul paýlaýançysy" bolmak hiç babatda-da tarapyny çalarlyk zat däl. Metin Jelal kimleriñ adyny gizländigini aýtmagyñ deregine, ilki şuny düşündirsin.

Gürsel KORAT.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gürsel Korat | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
Pul ber de näme diyseñ şony diy

0
3 Bagabat   [Материал]
Şeýle hem, dile geldi bile geldi, ýene-de bir taryhy maglumaty ýatlaýyn. Orta asyrlarda Gündogar soltanlarynyň, emirleriniň köşgünde şahyrlaryň ýaryşlary - muşaýyrlar yzygiderli gurnalypdyr. Şonda köpçüligiň göwnünden turan şahyryň agzyna soltan ýa-da emir ýa-da onuň ygtyýarly wekili, tä agzy dolýança tylla teňňe guýupdyr. Köpüň göwnünden turmadyk şygry düzen, okan şahyryň agzyna bolsa, tä dolýança eşegiň tezegi guýlupdyr.

0
2 Bagabat   [Материал]
Elbetde, bu makalanyň düýp özeni, çürt-kesik ýazyjylaň öz zähmetine hak alman, bilgeşleýin garyp-gasarlykda ýaşamagy hakynda däl-de, ýazyjylaryň gazanç üçin ýalan ýazmaly däldigi hakynda bolsa-da, makalanyň awtory, öz aýtmakçy bolýan pikirini aýdyňlaşdyrmagyň deregine, makalasynda ýazyjylaň öz zähmeti üçin hak almagyny düýbünden aýyp zat derejesine çykarýana çalymdaş äheň beripdir.
Onsoňam, şu makalaň awtorynyň özi galamhak alman ýazýarmyka? Eger-de ol professional žurnalist bolsa, galamhak alman nämäň hasabyna ýaşaýarka? Şonuň ýaly-da onuň özi haýsydyr bir nämälim jandar bolan kimdir birlerin-ä ýere sokup, beýleki birlerinem götergiläp, kimiň sargydyny "mugtuna", ýöne, keýpine "sungatyň hatyrasyna" ýerine ýetirýärkä?!
Onsoňam edebiýaty çynyň bilen syýasatlaşdyrjak bolup ýatmak hökmanmy?
Çünki, jemgyýetiň döreden islendik hadysasynyň biri-birinden üzňelikde hereket edip bilmeýşi ýaly, edebiýatam edil jemgyýetçilik aňynyň beýleki ugurlary deýin syýasatdanam, ykdysadyýetdenem, aňyýetdenem, mysal üçin aýdylanda, hatda adaty tohumçylyk işindenem daşlaşyp, haýsydyr bir hyýaly "wakuumda" hereket edip bilmeýär. Muny diýmek bilen aýdylmakçy bolunýan zat, syýasatlaşdyrjak bolup çyr-çytyr ýapyşyp ýatmanyňda-da, barybir edebiýatyň syýasatdanam, başga bir jemgyýetçilik aňynyň ugrundanam sypba-sypyrylyp, “gaçyp” gitjek ýeri ýok.
Ýene-de bir ýagdaý, ýazyjy birje eserini ýazmak üçin, haýsydyr bir gadymy ýazgyny seljerip, şol hakda düýpli ylmy iş ýazýan alymyň öwrenýän çeşmelerine barabar çeşmeleri agtarýar, okaýar, öwrenýär, seljerýär, konspektirleýär. Soňra şol jemlän maglumatlaryny çeper esere öwürýär. Çeper eseri ýazmagyň ylmy iş ýazmakdan näderejede kyndygyna bolsa, bu ugurlardan zähmet çekýän hünärmenler hem ýazyjylar beletdir. Şeýlelikde, näme üçin ýazyjynyň şunuň ýaly zähmeti özüne-de, çagalaryna-da eklenç ýardamy bolman, peýdasyz gitmeli? Ýa ýazyjy (şol sanda onuň çagalaram) näme, eserini ýazýan wagtynda daş gemrip, howadan iýmitlenip oňýarmy?

0
1 Bagabat   [Материал]
"Ýazyjy hakyky ýazyjy bolanda haýsydyr bir kitabyny pula çalyşmaýar.".
Şu we şuňa meňzeş gürrüňler owadanja, edebiýatdan diňe çalasowat "ýuzer" hökmünde peýdalanýan adamlaň gulagyna "pyşyrdalýan" toslama ertekijik.
Näme üçin, ýazyjy öz zähmeti üçin pul almaly dälmiş?
Ýa-da ol öz zähmeti, zehini bilen özünem, çagalarynam mynasyp ekläp-saklamaga mümkinçiligi bar wagtynda, hemme zadyny ýele sowrup, terkidünýä bolmalymyşmy?
"Öňki ýazyjylar eýle bolupdyr, beýle bolupdyr. "Pul almandyrlar. Betbagt kädisini boýnundan asyp, gedaý halda il-günüň uzadanyny alyp oňňut edipdirler we ş.m."." Elbetde, adamzadyň taryhy dürli wakalara baý. Ol ýa-da beýleki sebäplere görä, garyplykda ölen, hor-homsy ýaşan ýazyjylaram kändir. Şonuň üçin islendik sözüňi tassyklatmak üçin adamzadyň taryhynda fakt tapyp bolýar.
Tersine, öz zähmetini, başarnygyny ulanyp özünem, maşgalasynam baý ýaşatmagyň hötdesinden gelen ýazyjylar bolsa, aç-ýalaňaçlykda ömürlerini ötürenlerden has kän.
Mysal üçin, A.Puşkin "Ýewgeniý Onegin" romany üçin 12 müň kümüş rubl galamhaky alypdyr. A.Puşkin ömrüniň dowamynda jemi: 73 müň kümüş rubl galamhaky alypdyr. Şol pul möçberini häzirkizaman bahalaryna we puluna geçirseň 2,2 million dollar bolýar.
Lew Tolstoý "Uruş we Parahatçylyk" epopeýasy üçin 20 müň kümüş rubl galamhaky alypdyr.
Çarlz Dikkens her sözi üçin sentiň (iňlis pul birligi) dörtden biri möçberinde galamhaky alypdyr. Diňe mysal hökmünde onuň "Pikwik klubynyň ölümden soňky ýazgylary" atly 800 sahypalyk romany üçin alan galamhakyny häzirki pula geçireniňde 174 müň funt sterling bolýan ekeni.
F.Dostoýewskiý özüniň "Tentek" atly romany üçin 7000 kümüş rubl galamhaky alyp, şoňa-da tebigatda özüne bagy-bossanly, binaly mülk edinipdir.
Edgar Allan Po diňe 1835-nji ýylyň dowamynda 645 dollar gazanypdyr. Häzirki pula öwreniňde şol möçber 18,5 müň amerikan dollary bolýan ekeni. E.A.Poň döwründe bir maşgala bir hepde belli bir derejede bol-elinräk oňňut etmek üçin takmynan 5-7 dollar ýeterlik bolupdyr.
N.Gogol "Barlagçy" (Rewizor) pýesasy üçin häzirki pula öwreniňde 970 müň rus rubly (takmynan 13857 amerikan dollary) möçberinde galamhaky alypdyr. N.Gogol öz alýan galamhaklaryndan dürli gatlakdaky adamlara haýyr-sahawat kömegini beripdir. Mysal üçin, ol aradan çykmazynyň öň ýanynda Moskwa uniwersitetiniň talyplaryna 2500 rubl (häzirki pulda takmynan 28571 amerikan dollary) möçberde kömek beripdir. Ýöne, muňa garamazdan N.Gogol garyplykda ýogalypdyr. Ol ýogalandan soň onuň ähli emlägine bary-ýogy 44 rubl baha kesilipdir.
Häzirki döwürde "Forbs" žurnalynyň ýazmagyna görä, ýazyjylaryň içinde iňňän köp galamhak gazanýanlary köp. Mysal üçin, 2018-nji ýylda "Nalajedeýiniň gündeligi" atly çagalar kitap toplumy bilen adygan, meşhur amerikan ýazyjy-karikaturisti Jeff Kinni şol ýylda 18,5 million amerikan dollary möçberinde gazanç edipdir.
Ýene-de bir meşhur amerikan ýazyjysy Jon Grişem şol ýyl 21 million dollar gazanypdyr.
Gorkunçlyklar (horror) we mistika žanrynda eserleri ýazmakda hemmelere mälim Stiwen King 2018-nji ýylda 27 million dollar gazanypdyr.
"Garri Potteriň" "hak enesi" :-) Joan Rouling şol ýyl 54 million dollar gazanypdyr.
Kazyýet psihology Aleks Kross baradaky detektiw eserleri bilen adygan amerikaly ýazyjy Jeýms Patterson 2018-nji ýylda 86 million amerikan dollaryny gazanypdyr.
Edil şonuň ýaly-da şu ýerde ýeri gelende, Abulkasym Firdöwsiniň özüniň meşhur "Şanama" eserini soltan Mahmyt Gaznalynyň sargydy boýunça ýazandygyny, Soltan Mahmydyň hem Firdöwsä onuň her ýazan goşa setirlik beýdi üçin (mesnewi) bir altyn dinar galamhaky bermäge wada berendigini bellemek gerekdir. Rowaýata görä, Ferdöwsi "Şanama"-ny 35 ýyllap ýazypdyr. Ýöne soltan Mahmyt Gaznaly oňa galamhakyny ýollanda pully gülebentden 60 müň altyn dinaryň deregine 60 müň kümüş dirhem çykypmyş.
Şonuň ýaly-da dürli ýatlamalara görä, meşhur ýazyjy B.Kerbabaýew öz galamhakynyň ujundan obasyndan myhmançylyga gelen ýagdaýy pes garyndaşlaryna 8000 sowet manadyna "Gaz-69" kysymly awtoulag satyn alyp, sowgat beren ýagdaýlary bolupdyr.
Ýa-da Kerim Gurbannepesowyň "Taýmaz baba" poemasy üçin 42 müň sowet manady möçberinde galamhaky alyp, şoňa-da howly satyn alandygy hakynda "myş-myş" häsiýetli hekaýat halkyň arasynda bar.
Şeýle-de sowet döwrüniň ýazyjylarynyň biriniň gürrüň bermegine görä, şol döwürler galamhakynyň sberkassada saklanýan möçberi 100 müň sowet manadyndan geçse, şol möçberiň eýesine gyzyl çaýylan sagat peşgeş berler ekeni. Şol ýazyjy özüniň üç gezek şeýle peşgeşe mynasyp bolandygyny gürrüň beripdir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]