17:17
Edebiýat boýunça Nobel baýragy - 2021
EDEBIÝAT BOÝUNÇA NOBEL BAÝRAGY – 2021

2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureaty hökmünde Beýik Britaniýada ýaşaýan, tanzaniýaly Abdulrazak Gurna yglan edildi. Bu barada Şwed Korollyk ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti şu gün – 07.10.2021 ýylda habar berdi.
A.Gurnaň bu baýraga: “kolonializmiň netijeleriniň we medeniýetleriň hem-de yklymlaryň arasyndaky girdapda bosgunyň ykbalynyň barlyşyksyz we haýpygelijilikli seljermesi” üçin mynasyp bolandygy Nobel komitetiniň resmi habarynda bellenilýär.
Abdulrazak Gurna 1948-nji ýylda Zanzibar adasynda arap asly bolan musulman maşgalasynda dünýä inýär. 20 ýaşynda ol Beýik Britaniýa göçüpdir, soňra Kent uniwersitetinde doktorlyk derejesini gorapdyr. Häzirki wagtda A.Gurna şol uniwersitetde iňlis dili kafedrasynda aspirantura ýolbaşçylyk edýär.
Edebiýatda onuň ilkinji “Gidiş hakda hakyda” atly romany 1987-nji ýylda neşir edilýär. Şu günki güne çenli onuň 10 sany kitaby çap edilen. Olardan meşhurlary “Jennet” (1994) we “Deňizýakada” (2001) atly ikisidir. Bu kitaplar dürli ýyllarda Beýik Britaniýanyň adybelli Buker baýragynyň gysga sanawyna giripdir. Ondan başga-da A.Gurna birnäçe sany kolonial döwürden soňky häzirki zaman ýazyjylarynyň döredijiligi boýunça seljermeler geçiripdir. Häzirki wagta çenli A.Gurnaň eserleri rus diline terjime edilmändir.
Maglumat üçin aýdylanda, şu ýylky Nobel baýragynyň pul sylagynyň möçberi 1,2 million amerikan dollary bolup durýar.

Çeşme: https://ria.ru/20211007/literatura-1753505419.html. 07.10.2021ý.
Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 69 | Добавил: Bagabat | Теги: Terjime eden: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
7 Bagabat   [Материал]
Ýöne, "Ýusup" atly oglanjygyň özüni, maşgalasynyň bergilerine derek gezende söwdagäre satyp, soňam söwda kerweni bilen uçmahy-ülke hasaplanýan Afrikany söküp, ýabany taýpalar, dürli adamlar, haýwanlar bilen sataşyşy, öz söýgüsini tapyşy we ýitirişi, Birinji Jahan urşunyň Afrikadaky sahnalary hakda okasym-a gelmänem durmady.

0
6 Bagabat   [Материал]
Bu zatlardan Wandamyň habary ýok bolaýmasa. Abdulrazak akgamyzyň eserleriniň rusça terjime edilmeýändigi, çakym çak bolsa, şondandyr.

0
:))))

0
4 mango   [Материал]
Abdulrazak aga eger eserlerini tanzan dilinde ýazýan bolsa, onda Serdar daýydan soramaly: "näme üçin ors diline terjime etmediň" diýip.
eger iňlis dilinde ýazýan bolsa, onda Ýelena hanym sen jogap ber: "näme üçin ors diline terjime etmediň?".

0
8 Bagabat   [Материал]
"Abdulrazak Gurna ene dili bolan suahilide ýazmanmyş, tamil (drawidiý) dilinde az-owlak ýazypmyş, esasan bolsa iňlis dilinde ýazypmyş" diýen çynaberimsiz myş-myşlar barmyş :-).

0
Yene bir gezek sorayan. Name üçin rus diline terjime edilmandir diyip??? Geñ

0
3 Revo   [Материал]
Ýene bir gezek sora! "Üçden soň puç" diýilýär, onda-da jogap bolmasa boş ber... :)

0
Näme ücin rus diline terjime edilmedikä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]