10:23
Dymýan...

DYMÝAN...

Dymýan.                                                                   Ah, näler kyn bolsa-da
Ýene dymýan.
Içimde bolsa oýanýar
Gaýnagy ýeten Ýanardag.
Garañky otagdan köçäñ
Ýagtysyna bakyp dymýan,
Derdimi gozgan bu güýzüñ
Çagbasyna bakyp dymýan.
Şemdandaky goşa şemi
Uzak-uzak ýakyp dymýan.

Öñ şeýle kän aglardym men
Eşitmediksyrardyñ sen.
Öñ mähir bile bakamda
Esetmediksirärdiñ sen.
Bir gün dymmazlygmy isläp
Aglaý-aglaý ýalbararsyñ.
Dirikäm gowşurylmadyk
Güli mazara goýarsyñ.
Elbetde ykbalym ýalkap
Seni menden soña goýsa,
Setirlermi okap-okap
Içiñ burup ökünersiñ.
Ýöne bulardan maña nä?
Men eýýäm başga älemde
Günähim - sogabym bilen
Nobatyma garaşýarkam,
Bakylyk karary üçin
Agyr şertde göreşýäkam
Sen düşermiñ, heý ýadyma?!
Munda bolsa bir çümmüjek
Üns-aladadan başga
Näme gerekmiş adama?!

Aý bor-da. Barybir dymýan
Wulkan çogup gelýär herhal.
Daglar deý göwräm ýarylyp
Param-parça borun belkäm.
Ah,şeýle kyn,şeýle çetin
Bolsa-da dymýan nädeýin.
Soñra wagtyñ özi aýdar
Saña birmahalky dymyp
Kän-kän zat hakda aýdanym.

Категория: Goşgular | Просмотров: 132 | Добавил: menliasyrowa91 | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 15
0
15 Mähriban   [Материал]
Meňlijan, üýtgeşijek goşgy, haladym. Ýöne saýtda "dymmaň", eserleriňizden paýlaşyp duruň! Okyjylaryňyz bardyr.

0
14 Nurdan   [Материал]
Goşgy şygyrýetde kämilleşendigiñi açyk görkezipdir. Dymyp, "olar" aýtmyşlaýyn "iñirdiden" saklanyp bilýän bolsañ bu eýýam durmuşda-da kämilleşýändigiñ alamaty..
Goşgyñ syuzeti Owadan bolupdyr. Labyzyly, dili çeper, pikiri çuñ. Haladym!

1
13 Nurdan   [Материал]
Ahh, boýdaşym, Dogry aýdýañ: Adam ölenden soñ nädenlerinde parhy näme?!
Dirikä görkezilmedik derejäni ölensoñ neýlesin biçäre ynsan. Dirikä ýykylan göwniñ ölensoñ daşyna kümmet galdyrañda peýdasy näme oña..

1
12 menliasyrowa91   [Материал]
SAGBOLUÑ!!! ☺

0
11 Gumlygelin   [Материал]
@Meñli gošgyny hemmeler ýaly menem haladym.:-)))
Ylhamyña bereket

0
10 Batyr04   [Материал]
Ine goşgy

0
9 Allanazar   [Материал]
Oňat ýazylypdyr, oňat goşgy, höwri köp bolsun. GOSA ŞEM- goşa bir zat bolýa dälmi?

0
8 Pegas   [Материал]
"Dymyşym bar, gürleýşime bermenem..." diýýäňizmi))

0
7 Garayolly1936   [Материал]
Meñliniñ,, bakylyk karary"bilen kalbyndan syzylyp, añynda doreyan pikirleri keshde ceken yaly, chygyr,, meydancasyna"cyzyshy gaty tasirli bolupdyr.
Hawa, adamyñ bir zat, has dogrysy bu yerde mahir arkaly emele gelen pikir-duygylary sibana getirman, hut oz kalbynda mesgen tutduraymasam bar. Yone, ony achgar etmek ucin soz toplumyna dayanmalydyr welin, emma, shahyr beyle zerurlykdan sowulupdyr. Bu yerde onuñ pikirlerinden emele gelen goshgy soz dalmi diyilmegi hakykata juda yakyn. Emma,ol biziñ ucin-okyjy ucin sheyle. Birine bolan icki mahrini ozi ucin dymmak arkaly beyanata owurmek islan shahyr ucin beyle daldir. Icki mahirden doran pikirler kelebini chozlemekci bolan liriki gahrymana soz sungatynyñ derwayyslygy yok. Cunki, ozga bolan mahrini kalby syzyar, yuregi duyyar, añy degshirip, olcerip goryar we kem-kossuz ideal bir gornushi diñe ozi ucin acyar.

0
6 menliasyrowa91   [Материал]
Sagbol,menem :)

0
5 Hyýalkeş   [Материал]
:).
Seni saýtda görenime begenýän.

0
4 menliasyrowa91   [Материал]
Hawa, Mahym, aýdyp-aýdyp çür depä çykylansoñ, dymyp aşaklygyna gaýdylýan eken : )

0
3 menliasyrowa91   [Материал]
Sagboluñ,Mango!

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
"Sözlemäge sözi känkä
Dymarmyş diýdiler ynsan"

0
1 mango   [Материал]
gowy goşgy, Meňli hanym.
men-ä jemlemäňdenem beter ortaky bölümiňi haladym.

"Dirikäň gowşurylmadyk güli mazaryňa goýulyşy", "setirleriňi okap-okap... ökünilişi" saňa bolsa "bulardan saña nä?"-ligi, seniň "başga älemde günähiň - sogabyň bilen" başagaýlygyň, "bakylyk karary üçin nobatyňa garaşyşyň", hiç kimiň ýadyňa düşmeýişi.... bu zatlary şeýle täsirli aýdyp bilişiňe berekella.

Munda bolsa bir çümmüjek
Üns-aladadan başga
Näme gerekmiş adama?!

dogrudanam, adam pahyra kän zadam gerek däl.
ýa-da "bir çümmüjek üns-alada" şeýle wajyp zat...
sag bol ýatladanyňa.

döredijilk üstünlikleri dileýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]