11:16
Düýş
DÜÝŞ

Kim aglaýa, kim gülýä,
Kimler ekýär "bolsady".
Derdi ýetik bu dünýä,
Düýşe meñzeş bolsady.

Gamhorlar şada ýeter,
Işler bolar oñuna.
Mätäç myrada ýeter,
Ogulsyzlar - ogula.

Mañlaýy gasyn-gasyn,
Çal çokully eneler,
Ýyllañ gözüne basyp,
Gelinligne dolanar.

Ýer ýüzüne ýaýarlar,
Atparazlar adyny.
Badyhowa baýarlar,
Alar üç-dört hatyny.

Söýlenmedik söýlener,
Öýlenmedik öýlener.
Geçer durar düýş bolup,
Dañdanlar hem öýleler.

Kimse aglar, kim güler,
Kimler ýöne güýmener.
Gije gören düýşünden
Adam irden eýmener.

Gudratymy güýçleriñ,
Hupbatmy ýa hemaýat?
Syrly-syrly düýşleriñ
Düýbi nedir, jemagat?

Düýşler seniñ düýnüñmi,
Şu günüñmi, ertiriñ?
Maksadyñmy, müýnüñmi,
Takdyryñmy, tertibiñ?

Gelmekmi, ýa gitmekmi,
Ýa melekler meýdany?
Hakdan ýeten hikmetim,
Şeýtanymy, şeýtany?

Düýş ähliniñ binýady,
Peri bile jynmy ýa?
Düýşler ýaly, dünýäde -
Oýun bile çynmy ýa?

Gylyçmyrat KAKABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Gylyçmyrat Kakabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Девочка и козел / Goşgular - 21.02.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Ömrün Boyu Sevilesin / Goşgular - 18.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]