07:15
Düýş
DÜÝŞ

Düýş gördüm.
Düýşümde gidipdir ejem.
Gidipdir hiç gaýdylmaýan bir ýurda.
Hamala, hiç haçan bolmadyk ýaly
Haly namazlygam görmedim dulda.

Düýşümde örän köp ýaşapdyryn men.
Garşyladym ejemsiz müñ ertiri.
Beýle durmuş meni halys irizdi,
Bilmedim nämçündir diridim.
Diri.

Günde gawun satyp gelýän maşynam
Öñki ýaly gygyrmady ejeme.
Bilýärdi ol müşdersiniñ gidenin,
Jogabynam bermejegin geçene.

Şol gidişi bilen gaýdyp hiç haçan
Ýürek gelmejegni bilip dursa-da,
Ketjallygyn edip sorkuldap durdy,
Azar berip öñem dertli gursaga.

Oýandym.
Ejem bar. Düýşüm gutardy.
Bir zatlardan gorkýan ýaly üýşendim.
Gadyr bilmez ynsanlardan Allanyñ,
Beren bagtyn aljagyna düşündim.

Gülbahar GURBANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Haweran | Теги: Gülbahar Gurbanowa | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 2
2
2 mango   [Материал]
gaty gowy (gaty diýmek birhilem welin.... öte gowy, dym gowy, beter gowy....)
haladym.
gynançly düýşüňi haladym,
uzakdan-uzagam bolsa ejesiz ýaşamak islemeýäniňi haladym... ejesiz müň ertirleriň biderekdigini aýdyşyňy haladym.
gawun satýan satyjyň gygyrman durşuny haladym.
ketjal ýüregiň sorkuldap azar berişini (gynanyp) haladym.
---
Oýandym.
Ejem bar. Düýşüm gutardy.
Bir zatlardan gorkýan ýaly üýşendim.
Gadyr bilmez ynsanlardan Allanyñ,
Beren bagtyn aljagyna düşündim.


meniň pikirim, ylalaşman bilersiň.
jemlemede "şänik döwüp" bermezdim.... ýagny, taýýar pikir hödürlemezdim....

Oýandym.
Ejem bar. Düýşüm gutardy.

aslynda gynançly düýş gördi we oýandy, ejesem ýanynda diýibem düşünip bolar,
tersine, "oýandy"-ny ölüm ýaly pikir edip... öldüm-oýandym. menden öň giden ejeme duşdum. gutardy düýşüm. hakykat başlady.... ýaly hem pikir edip bolýar.
iň bolmanda men bir gün "oýanamda", ejemi görmek islärdim....
düýş huşmy, huş düýş....
gülnabat hanym.
bu goşgyňyzy beter haladym.
berekella.

2
1 Tumarly   [Материал]
Bu da gowy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]