23:57
Düýş
DÜÝŞ

Ölüler, diriler girdi düýşüme,
Gatyşdy barysy, dürüşde boldy.
Gaýmalaşyp, goşuldylar işime,
Kimseleriñ gözi şer işde boldy.

Ynsaby-ygrary arka atdylar,
Haky töhmet kökenine çatdylar,
Garşy duranlary alyp ýatdylar,
Ibagärlik köpe serişde boldy.

Kime bil baglajak? Kime ynanjak?
Ýene il aglajak. Ýene il ýanjak.
Kiseleri doly. Ýüzleri hanjak?
Durman, nebis üçin ýörişde boldy.

Gözümi baglady garym-gatymlyk,
Bilmen, menzilim bar näçe ýatymlyk,
Gedaý galyp, çaý diledim atymlyk,
Ölmek başartmady, ser düýşde boldy.

Bäbegiñ syrty dek ýüzi tep-terler,
Belläp durlar, ele alyp depderler,
Özlerini sanyp akja kepderiler,
Daşyndan görene perişde boldy.

1991 ý.

Ýagmyr PIRGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Ýagmyr Pirgulyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eje / Goşgular - 03.03.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]