03:37
Düýş

DÜÝŞ

Asmana garylyp ýatyryn, eje,
Örtüpdir üstümi ap-ak ümsümlik...

Gelipdir howlukmaç geýinen agşam,
El bilen düzlenen baglaň depesi.
Kime gussa çökdi, kimlere şatlyk,
Syzýar gözýetimden otlulaň sesi.

Dünýä ak kagyzdy, hekaýadym men,
Ýazyldym üstümi çyzsa-da ýyllar.
Jeýhunyň mukamy içim ýylytdy,
Söýdüm adamlary bölmän, aýyrman.

Köçelerden giňdim, ýollardan uzyn,
Watanym, galamym — namysym-arym.
Tomusda dogulyp Güni görmedim,
Elim, gözüm doldy, bu göwnüm ýarym.

Asmana garylyp ýatyryn, eje,
Örtüpdir ýüzümi ap-ak ümsümlik.
Üstümde düýşlerden serhoş bu älem,
Daşymda ýyldyzlar, töwerek tümlük.

• TAPAWUT

Guş gondurman gözleriňe,
Ýoluňa arşy sererdim.
Gije düýşüň, gündizleri
Gülüşiňdi ýalňyz derdim.

Dilim senden ybaratdy,
Şahyr göwnüm sallançagyň.
Uçup gitdiň alyslara
Güýz Güneşin saýlan çagym.

Tep-tekiz ýaşaýan indi,
Bakyşlarňy küýsäp gelmen.
Ýyllar meni üýtgetmedi,
Ýöne öňki Enwer däl men.

Enwer NYZAMOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Aksary | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 4.0/5
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
"düýş"-de owadan deňeşdirmeler gaty kän....

1) ...ap-ak ümsümlik...
2) ...howlukmaç geýinen agşam...
3) ...düýşlerden serhoş bu älem...
----
Kime gussa çökdi, kimlere şatlyk,
Syzýar gözýetimden otlulaň sesi.

"Ten ýapmaga köýnek islär ýalaňaç; Köýnekli diýr: “Wah, üstünde don bolsa!” diýlen ýaly setrileri ýada saldy....
enwer efendem şol aýdylyşy örrän täzeçe aýdýar.
haladym.
kimler gussa gark bolýar, kimlerem şatlyga... ýöne ikisi üçinem bir ýatlama otlynyň sesi gelýär, gözýetimden.... otly ýolagçylygyň simwoly. enwer kaka klassikler ýaly "biz myhmandyrys bu dünýä" diýmänjik, otly sesi bilen bize - gussalylarada, şadyýanlarada ýolagçylygymyzy ýatladýar.
ýa-da beýle diýmek islänem däldir.
ýöne, men şeýle düşünmek isledim.
---
Tomusda dogulyp Güni görmedim,
Elim, gözüm doldy, bu göwnüm ýarym.

güne baý pasylda ýaşap, güne zar bolmak.....
gizlenip ýatan bir süri manylar bar....
ýarym göwün Enwer göwnümden turdy.
bäş ýyzzyl we üstünlikler.

0
1 Allanazar   [Материал]
Örän oňat setirler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]