14:16
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..."
"DÜÝN AGŞAM ASMANYÑ ÝÜREGI GYSDY..."

Düýn agşam asmanyň ýüregi gysdy,
Gün birçak hoşlaşyp girdi öýüne.
Asman bolaýmaklyk ýeňil däl bilseň,
Bagryn beribilmez ýeriň teýine.

Aý görüner çagda görünmedi, ol
Mürähet eýleýip diýjekdi: «Gel, geç!».
Birdenkä çytyldy asmanyň ýüzi,
Soňam gaharlandy, gürledi elhenç.

Halysyny kakaýjakdy kalbynyň,
Töwerekde syrdaşy ýok seretse.
Arman, bilmeýärdi adamlar deýin
Aglap bilse, köşeşjegin neresse.

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Aksary | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Başga-başga / Goşgular - 03.01.2022
Nobatguly Rejebowyň ruhuna degsin / Goşgular - 06.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 10
0
9 mango   [Материал]
Hakykatdanam “Düýn agşam asmanyň ýüregi gysdy” diýmegi Mahym hanym üçin ullakan ösüş. Ýürekden gutlaýan. Şeýdip pikirleriňi erkine göýberibermeli, öň gezip görmedik ýerlerine…

Şu aşakdaky setiriň meniň üçin okamasy kyn boldy.
Ilki ýalňyş okap, ikinji gezekde düzüw okadym….

Aý görüner çagda görünmedi, ol
Mürähet eýleýip diýjekdi: «Gel, geç!».

Ilki “Aý görüner” diýip okadym, bolmalysy “görüner wagtda (çagda) görünmedi öýdýän. Şo setiri şötdürseň nähili bor:

Aý görünmedi görüner çagda, ol
mürähet eýleýip, diýjekdi: «Gel, geç!».

0
10 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ÿalńyśmaÿan bolsam, ÿazuw kadary boÿunça “görner” ÿazmaly bolaÿmasyn. Okamsy ańsatlaśjak ÿaly!?

0
8 Garayolly1936   [Материал]
Täsirli goşgy bolupdyr. Berekella!

0
7 Mahremlik   [Материал]
bagyşlaň Revo siziň ol diýýäniňiz gipnoz dälde refleks bolaýmasyn

0
6 Haweran   [Материал]
Ine, bu welin gowy. Berekella.

0
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Üýtgeşik goşgy Mahym ýegen, köp-köp berekella! Asmanyñ ýüregi gysdy diÿeniñden, hopugyp başladym. Soñam şygyr öz akymyny, bitinligini saklap, "Aglap bilse, köşeşjegin neresse." jemleÿji mesraga baranda, özümem köşeşen ýaly bolup, aglap bilýänime begendim. Ýaşyñ uzak bolsun! Örän gowy goşgy, galamyñ çeper Mahym ÿegen!

0
4 Revo   [Материал]
Aglasaň ýeňleýänligiň hakyndaky düşünjä kelam söz.
Aglasaň derdiň ýeňleýänligi, gussaň gitýänligi, göwnüň açylýanlygy ýada köp aglaýan ynsanyň ýüreginiň saplygy baradaky düşünje ynançdyr, has dogrusy gipnoz. Adam ýyllaryň dowamynda haýsy hem bolsa bir zada, waka ýada düşünjä aňyny gipnozlaýar hem şol aňynda döreden zadyna (gymmatlygyna) ynanmana, boýun egmäne, gulluk etmäne başlaýar.

0
3 Revo   [Материал]
Gowy, çeper goşgy. Ýöne ýekeje mantyk taýdan kiçijek nogsanlyk, Ýeriň daşyny gurşap alýan atmosfera gatlagyna asman diýilýän bolsa, asman bilen aýyň ýada günüň görüşmezligi fiziki taýdan mümkin däl.

0
2 Mahremlik   [Материал]
gaty gowy goşgy sab boluň paýlaşanyňyza

0
1 Mähriban   [Материал]
Gowy goşgy, haladym. Berekella!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]