13:08
Duýgun hoja
DUÝGUN HOJA

On ýyl mundan öñ. 2011-nji ýyl.
Diñe hilegärlik bilen duzaga düşürlip, Siliwri türmesine düşmändik.
Diñe FETÖ we häkimiýetiñ guýruklary tarapyndan linç edilmändik.
Öz "mähellämizdenem" käbirleri üstümize çöken şübhe bulutlarynyñ galñamagyna sebäp bolupdy. Deniz Baýkal "Soneriñ arkasynda kim bar, öwrenmek isleýärin" diýdi. Muny "Taraf" gazeti baş sahypasyna rubrika edip aldy.
Baýkal ýaly şol garañky döwre ýeñilenler bizi "hapa" görkezmek islänleriñ hataryna goşuldy.
Kärdeşlerimiz "günäli-bigünä" toparyna bölündi, olar "Ahmet we Nedimiñ dostlarydy", olaryñ günäsizdigine ynanyp, bize hiç hili kepil geçip bilenokdylar! Orta düşen aralygy görkezmegiñ ady: "Ahmet we Nedimiñ dostlarydy!"
Biz Odatv-niñ işgärleriniñ tarapyny tutýan az sanly adam bardy.
Biriniñ adyny ýazmak isleýärin: Jandan Erçetin...
Şeýle bir gorky atmosferasyny döredipdiper welin, bizi terrorçylykda aýyplaýardylar, aklawjylyk eder ýaly özümize adwokat tapamzokdyk!
"Ergenekon", "Balýoz" ýaly sud prosesleriniñ gyzgalañly dowam edip ýören wagty bolansoñ, eli boş aklawjy tapmak kyndy.
Käbir adwokatlar biziñ wekilçiligimizi etmejek bolup, dürli bahanalary tapdy.
"Hürriyet" gazetinde işläp ýörenem bolsam, redaksiýa Nedim Şenere adwokat ugradyp, maña barmysyñam diýmedi!
Ýanymdaky başga bir gaýduwsyz aýal Halide Didem birnäçe aklawjy bilen duşuşdy, hiç biri göwnemedi.
Jandan Erçetin teklip etdi: "Nämüçin Duýgun hoja bolmasyn?!"

• ATATÜRKÜÑ ELINDEN

Professor Duýgun Ýarsuwatyñ ady gaýybana tanyşam bolsa, onuñ özi bilen ýüzbe-ýüzi tanyşlygym ýokdy. Ol Türkiýäniñ giñden tanalýan, iñ ussat ýuristleriniñ biridi. Alymdy. Belgiýanyñ, Şweýsariýanyñ ýokary okuw jaýlarynda, ABŞ-nyñ Prinston, Kolumbiýa uniwersitetlerinde ylmy iş alyp barypdy. Halkara Zähmet guramasynda (Международная организация труда - Uluslararası Çalışma Örgütü) we Ýewropa Geñeşiniñ Jenaýat meseleleri boýunça komitetiniñ ylmy-kriminologik toparynda işledi. Galatasaraý uniwersitetiniñ rektory bolup işledi.
Ýarsuwatlar maşgalasy Türkiýäniñ iñ tanymal aklawjy maşgalasyndan. Duýgun hojanyñ ata-enesi, doganlary, çagalary, doganoglan inileri- hemmesi diýen ýaly hukukçy.
Onuñ ata-enesi Ihsan beý we Nimet hanym ikisi bilelikde 1941-nji ýylda "Ýarsuwat" hukuk býorosyny (hukuk maslahathanasy) açdy. (Nimet hanym diplomyny Atatürküñ elinden alan ilkinji türk zenan aklawjylardandy.)
Uzatmaýyn: çünki Ýarsuwatlar maşgalasynyñ hekaýaty bir kitaba syganok...
Bilşiñiz ýaly Jandan Erçetin galatasaraýly. Ol "Galatasaraý" sport klubynyñ ýüzünji ýubileý ýylynda galatasaraýlylar jemgyýetine başlyk saýlanan ilkinji zenan ýolbaşçy.
Jemgyýetiñ lokaly biziñ öýümize ýakynjakdy we Siliwri türmesine girmezden öñ Galatasaraýyñ, hususanam Ýewropadaky oýunlaryna şu ýerden tomaşa ederdik.
Jandan Erçetin şol bir wagtyñ özünde Duýgun hojanyñ gyzlygydy, ýakyn dostlaryndandy.
Ine... Halide Didem aklawjy tapjak bolup ylgap ýörkä, Jandan Erçetin Duýgun Ýarsuwaty teklip etdi. Emma Duýgun hojany-da muña razy etmek añsat düşmedi. Çünki:

• ARKAMDAKY KIŞI

2011-nji ýylyñ 18-nji marty.
Duýgun Ýarsuwat söýgüli aýaly Aýşe hanymdan jyda düşdi. Ol Halide Didem bilen görşende, ýasda otyrdy, hiç hili iş almak islänokdy.
Halide Didem eýdip-beýdip Duýgun hojanyñ razylygyny aldy. Duýgun hojanyñ meniñ - Odatv-niñ arkasyny almagy hemmämizi ruhlandyrdy.
Duýgun hoja bilen ýüzbe-ýüz tanyşlygynyz Siliwri türmesinde bolup geçdi. Onuñ ýanynda aklawjy Nurjan Çöl bardy.
Şonda Duýgun hojanyñ aýdan sözleri hiç ýadymdan çykanok:
- Şunça ýyllap žurnalistlik etdiñ, näçe kitap ýazdyñ. Meniñ ýaly senem bilip duransyñ, bu hukuk dawasy däl. Seni hukuk taýdan goldap türmeden hiç kimem çykaryp bilmez, diñe jemgyýetçilik çykarar.
Bu jemgyýetçiligiñ içinde diñe Türkiýe däl, Ýewropa-da bardy. Halide Didemiñ Ýewropada kakmadyk gapysy galmady. Bu tagallalar netijesinde Pariž meni raýatlygyna aldy we ş.m.
Duýgun hoja ýeke sud mejlisinem sypdyrmady. Sebäbi onuñ özem aklawjy donuny geýip, suduñ zalynda durmagy-da sud kollegiýasyna agram berýändigini bilýärdi.
Wagt geldi, FETÖ pyrryldagy orta çykdy - jogapkärçilikden boşadyldyk...
Serediñ: kyn günlerde çyn dost bilen ýalan dostuñ tapawudyny bildim. Şol günlerde diñe aklawjy däl: belent adamkärçilikli, gaýduwsyz dost gazandym. Soramandymy näme Baýkal: "Soneriñ arkasynda kim bar?" diýip. Arkamda Duýgun Ýarsuwat bardy! Adalat bardy, hukuk bardy...
Gynansak-da, Duýgun hojanyñ böwrekleri işlemän galdy, soñra pandemiýa ara düşüp oñly görşübem bilmedik, ýogsam bolmasa, ýygy-ýygydan meni öýüne çagyrar durardy, men ony çagyrardym, gyzykly gürrüñleri ederdik, "Galatasaraýyñ" futbol duşuşyklaryna tomaşa etmäge giderdik...
Paýhasy daş ýarýardy. Agras adamdy. Dogruçyldy. Degişmä garaýşy, wakalara seredişi üýtgeşikdi. Hiç garrylyga ýeñilmedi. Ruhubelentdi. Hemişe ykjamdy...
We adalat nobatynyñ mydamalyk nökeridi...
Duýgun hojam, hemme zat üçin Size çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Ýatan ýeriñ ýagty bolsun!..

Soner YALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.09.2021 ý.




Категория: Publisistika | Просмотров: 74 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Tumarly   [Материал]
Şarkıcı Candan Erçetine öyle bir saygım arttı ki...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]