23:58
Duýguçyl göwnüm
DUÝGUÇYL GÖWNÜM

"Göwher bolsaň, göterenler tapylar..."
Mämmet Seýidow


Edebilsem etjek kömegim a:şa
Betpygyl niýetim ýokdur asla-da
Dilegim: "Gowylar siz uzak ýaşaň!"-
bärsinden aňrysy ýakyn hassa-da...

Ýaranjaňlyk bolsa, gül ömrüm solsyn
Şondan geljek her bir hörek - ýat hörek
(Goý, iller ýaranyp samolýot alsyn!,
Bize bolsa bolýa - ýöne batbörek)

Köpiň ýoňy "meşhur bolmak", "täje ýet"
Biziňki entägem bir gat merdiwan
Liftläp galjaklaň pikiri näteňet?!
Setirleri etmese-de bendiwan

Kyn ýoly saýlapdyň.
Dowam et, Ömrüm!
Ýeňil ýollar öňde-soňda ýapylar
Darykma sen asla, duýguçyl göwnüm!
Göwher bolsaň, göterenler tapylar...

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Тревога / Goşgular - 21.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Стриптиз / Goşgular - 04.02.2022
Ýaşasyn parahat durmuş! / Goşgular - 26.02.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]