18:03
Düýeguş hakynda ballada
DÜÝEGUŞ HAKYNDA BALLADA

"...Sionistleriñ propogandasyna ynanyp, SSSR-den Ysraýyla giden ýewreýler her ädimde süteme, kemsitmelere sezewar bolýarlar".
Gazetlerden


Olam bir ajaýyp guşdy bir zaman,
Uçardy asmanda ganatyn ýaýyp.
Pessaý uçýan guş görse-de diýerdi:
"Guşlara ýadamak aýypdyr-aýyp".

Güne eli ýetjek elin uzatsa,
Ýyldyzlara ýetjek elin uzatsa.
Ine, göge uzan baglañ çür başy,
Oñ üçin sallançak dynç alyp ýatsa.

Şeýdip ýaýnap ýörkä bagtyýar bolup,
Eşitdi ol düýeleriñ esreşin:
"Geliñ sürimize kowum-gardaşlar,
Görmek üçin bu dünýäniñ eşretin".

Düýeguş terk etdi mawy asmany
Ynanyp howaýy, "eşretli" söze.
Düýeler öwdüler: "Öz-ä kiçijik,
Ýöne tüýs meñzäp dur köşejigmize.

Aýyr, ganatyñam, nämäñe derkar,
Kowlap tutmaly däl iýjek höregñi.
Leýis bolar ýatar aýak astynda
Keýp çek, näm isleseñ, al-da geregñi".

Wada berip, düýeguşam magtandy:
"Zerur bolsa janym alyñ paç üçin!"
Sowgat berdi ganatlaryn-bagtynam
Garry düýelere ýelpewaç üçin.

Birinji gün ýandak iýdi - oñmady.
Erte ýokuş görüp iýende şora,
Bir bugurçy esräp, öñe omzady:
"Ony halamasañ, daş iýäý, jora!".

Gulagyna ynanmady düýeguş -
Düýnki hossarlardan bu niçik gepdi?!
Inere arz etdi - inerem depdi.
Inene arz etdi - inenem depdi.
Dälilik kaddyna ýeten Düýeguş
Towsup turdy hiç zat ýadyna salman
Patlap gaçdy.
Düýşde ýaly uzakdy
Erkinleriñ ýurdy - asuda asman.

Muhammetmyrat KÖMEKOW.

"Совет эдебияты" žurnaly, 1981 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Haweran | Теги: Muhammetmyrat Kömekow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
"...Sionistleriñ propogandasyna ynanyp, SSSR-den Ysraýyla giden ýewreýler her ädimde süteme, kemsitmelere sezewar bolýarlar".
Gazetlerden

Teswirsiz.
Diňe içiňi hümledip oýa batmaly.

0
1 Revo   [Материал]
SSSR diňe döwlet araçäklerine däl, adamlaryň aňlaryna, dünýägaraýyşlarynada serhet çekene meňzeýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]