10:28
Düşünişmek kynmy?
DÜŞÜNIŞMEK KYNMY?

Megerem, dünýäde iň kyn zatlaň biridir.
Sebäbi, her bir adam özi üçin unikal, gaýtalanmajak dünýä. Naturalistler hernäçe: “tebigat, tebigat” diýip ýanjasalar-da, özüm-ä hemişe bu duýgyň özeninde Ýaradanyň deňsiz-taýsyz parasadynyň, gudratynyň bardygyny duýýaryn. Çünki, eger-de, adam şol derejede özüni söýmese, özüni bahasyz gymmatlyk hasaplamasa – ol megerem, hiç haçanam dolydem durmuşy ýaşap bilmese gerek.
Sebäbi, goý, özgelerdenem, özündenem gizläbräk bolsa-da, özüni gowy, tämiz, görmegeý, akylly, güýçli, batyr, ugurtapyjy, sylagly, zehinli we ş.m. hasaplamagyň deregine, erbet, hapysa, porsy, ýürekbulanjy, azgyn, biperwaý, betnyşan, züwwetdin, akmak, kütek, nadan, körzehin we ş.m. diýip, öz-özüniň öňünde-de, il-günüň öňünde-de çyny bilen ykrar edýän adam – nädip özüni dirilikde rahat hem agaýana duýsun?!
Gaty seýrek ýagdaýlarda, psihiki bozulmalaň ol ýa-da beýleki bir görnüşinden ejir çekýänler bolaýmasa, bu mümkin däl.
Şoň üçinem, biziň aglaba köpümiz, her näçe bildirmejek bolsagam, hemişe, hemme ýerde diýen ýaly şeýle ajaýyp, şeýle nurana, şeýle gaýtalanmajak... özümiz janlaryň gurbany! Ruslarda şu we şuňa meňzeş mahsuslyklar hakda: “Tebigata garşy sürünmersiň” (Против природы не попрешь) diýen aýtgam bar.
Ýöne, taýagyň iki ujunyň bolşy ýaly, adamyň belli bir derejede öz-özünden kanagatly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän bu “öz-özüne aşyklyk duýgusy”, şol bir wagtda-da, şol, her haýsy “tükeniksiz gaýtalanmajak”, “çäksiz original” şahsyýetleň arasynda dürli düşünişmezlikleriň yzygiderli ýüze çykyp durmagyna sebäp bolýar. Hasam, şahsyýeti döredijilikli adamlarda bu ýagdaý göz-görtele we birsyhly emele gelip durýar.
Bu hem öz-özünden düşnükli hadysa.
Çünki, döredijilik adamsy öz zanny-ýasawy boýunça hemişe täzeligiň gözleginde gezýär. Ol mydama gyzyklylygy, gyzykdyrmagy, özünden öň hiç kimiň görmedik ýa-da görselerem üns bermedik geň-enaýylygyny agtarýar. Soňam öz tapan täsinligi bilen adamlaň ünsüni çekmegiň hötdesinden gelen ýagdaýynda, köpçüligiň nazarynyň özünde örklenen pursatyndan peýdalanyp, mümkin boldugyndan köpräk adama özüni azara goýýan pikirleri, duýgulary beýan etmäge, olaryň aňyna ýetmäge, kalbyna aralaşmaga ýykgyn edýär.
Elbetde bu uzak wagtyň teşneligine mahsus hyjuwynyň mazmunynyň hut şeýledigine döredijilik adamsynyň özi düşünibem biler, düşünmänem. Ýöne, munuň şeýlediginde onuň jinnek ýaly günäsi ýok. Sebäbi ol ýaradylanda şeýle. Onuň özi aň ýetirse-de, ýetirmese-de onuň esasy durmuşy ynanjy (kredosy) – Pikirlerim-duýgularym (döredenim) özgeleriň göwnünde galdymy, ýaşaýarmy? Diýmek, menem ýaşaýan, undulýançam ýaşamagymy dowam edýän.
Hut şol sebäpdenem, döredijilik adamlarynyň aglaba köpüsi oňşuksyz bolýar.
Çünki o nähili, oň tapan ajaýyp haýrany-serasymalygy beýleki biri üçin - barypýatan “samrama” (белиберда) ýa-da “çyrşak” (мазня) bolýamyş?!
Muny men – M-E-E-E-N-N!!!...tapdym ahyry-how! Onsoň o nädip şo derejede biderek zat bolup biler ahyr-ow?!
Eger-de siz, şo TÄSINLIGI meň tapanymy bilýändigiňize garamazdan, barybir o zadyň bolgusyzlykdygyny hetjiklemegiňizi dowam edýän bolsaňyz, onna, siziň özüňiz barypýatan, tükenen wakuum!
Ine, size meň gutarnykly, çürt-kesik hem-de ýeke-täk dogry pikirim!
“Men saňa: “bäş” diýdim, “maňlaýyňa daş” diýdim”...
...Şeýlelikde, ýene-de bir ýola, bujagaz makala “ism olmuş” sowalymyzy birneme giňeldibräk gaýtalasak: Adam-a, goý ol döredijilik bilen meşgullanýan bolsun-bolmasyn, özi ýaly beýleki bir adam bilen düşünişmek, hakykatdanam şeýle müşgilmikä?
“Juda” diýip, bu soraga öz tejribäme esaslanyp, iňňän gysga jogap beresim gelýär.
Sebäbem, ýokardaky “özümiz jan”-dan özge hiç zady hasaba almazlyk islegi.
Ýogsa, şü “özüm jan”-lyk duýgusyna jylaw salmak, şeýle seretseň, beýlebir çetin işem däl ýaly.
Elbetde, bu makalajygyň awtory özüni pähim-paýhasyň gönezligi hasaplamakdan gaty daşda. Mysalyň üsti bilen aýdylanda, edil şu duran ýerimizden Kassiopeýa ýyldyzy ýaly bir ýerräklerdäki alyslykda :-) (awt.: ýa-da öz ýanyndan özüni badyhowalyk bilen şeýledirin öýdüp hasaplaýar :-)).
Ýöne, onda-da Keý-Kowusyň öz ogluna nesihatyny “özümçe redaktirläp, özüme laýyklap” aýtsam: “Toplan durmuşy tejribäm, bilimlem, dünýägaraýşym we ş.m. iň bolmanda özüm üçin-ä gymmatlyk. Zannymda husytlyk ýokdugy üçinem :-) şol gymmatlygy adamlar bilen paýlaşasyň gelýär (mugtuna hem-de hiç kese derkary bolsa-bolmasa :-)).
Şeýlelikde, özgelere düşünmegiň Perhadyň yşgy wysalynyň öňünde duran gara dag kibi kynçylygyny ýeňmek üçin, meň pikirimçe, näme etmeli?
1. Şahsy men-menlik duýgyňy agyzdyryklamaly – Çünki, islendik aýdylan (ýazylan) söz, seniň “mellegiňe oklanan daşam” däl, saňa “zyňylan kesegem”.
2. Diňe “özüň janyň” däl-de, “özgeler jan”-laryň hem pikirine, dünýägaraýşyna hormat goýmaly – Çünki, adamlary dürli-dürli edip, olaryň her biriniň kalbyna birhili öwüşgin berip, olary sen ýaratmadyň! Senem, olaram – Ol Ýaratdy. Her birimiziň göwrämize-de ruhumyz girmezden öňünçäsi, onuň içini Onuň Nurunyň bir ülüşjigi Onuň Eradasy bilen aralaşdyrylyp ýagtyldýar. Diýmek, her bir ynsanda Onuň Nurundan paý bar.
3. Sabyrly bolmaly – Çünki, durmuşda özüm-ä kän gabat geldim, haýsydyr bir özüňe ýaramaýan, göwnüňden turmaýan hadysa gabat geleniňde, dessine gaharlanmaga howlugman, sabyr-kanagat edip, köşeşip, şol wakany dürli tarapdan seljerseň, ýa özüňki nädogry bolup çykýar, ýa-da şol gaharyňy getiren waka seň bähbidiňedigine düşünýäň, ýa-da özüň nähak hereket, telek gazap bilen kimdir biriniň göwnüne degmän saklanyp bilendigiňe şükür etmeli bolýaň. Onsoňam, rowaýatdaky dana wezir Birbalyň öz hökümdary, Beýik Mogol şasy Akbar şa: “Kähalatda gulagyň-a däl, hatda gözüňe-de ynanma” diýip beren maslahatyny ýada salalyň! Şol hekaýatda Akbar şa Birbalyň bu maslahatyndan soň bir gün öz haremhanasynda begumasynyň (söýgüli aýalynyň) bir hyzmatkär bilen bir çarpaýada (ýatyş sekisi, krowat) ýatandygyny öz gözi bilen görýär. Ol ilki dergazaba münüp olaň ikisinem gylyjy bilen çapyp taşlajak bolýar. Soňam Birbalyň nesihaty ýadyna düşüp, ony ýanyna çagyrýar-da, haremahanada ýatanlary görkezýär. Birbal assyrynlyk bilen hyzmatkäri turzup, ony başga otaga äkidip, ondan sorag edýär. Şonda hyzmatkär, özüniň içerini ýygnap ýörkä, patyşaň düşeginde ýatyp görmek hakyndaky haçandan bäri dowam edýän arzuwyny wysal etmek üçin, düşekde gyşarandygyny, soňam ýadawlygy sebäpli uklap galandygyny aýdýar. Soň Akbar şa begumasyndan kim bilen ýatandygyny soranda bolsa, aýaly hökümdara oň özi bilen düşekde ýatandygyny aýdyp, eýsem patyşaň haremhanasynda, patyşaň çarpaýasynda patyşadan başga kimiň ýatyp biljekdigini soraýar.
4. Daşky dünýäden gelip gowşan islendik maglumata beýnimiziň ilkinji reaksiýasynyň hemişe iň aňrybaşy dogry reaksiýa däldigini unutmaly däl. Adam tebigaty boýunça – ýyrtyjy! Şol sebäplem onuň organizmi daşky dünýäniň aglaba köp täsirlerine ilkinji nobatda agressiýa bilen jogap berýär. Çünki, ýyrtyjylaryň esasy-baş goranyş refleksi, instinkti – howpa (ýa-da howpdur öýdülip hasaplanan hadysa) garşylyk görkezmekden, eger-de howpa garşylyk görkezmek has howply bolsa, onda ondan gaçmakdan ybarat. Şol sebäplem, haýsydyr bir maglumat baradaky organizmiňde öz-özünden emele gelen reaksiýa jylaw salmak, ony öz ugruna goýbermän, akyl-paýhasyňa tabyn etmek – bu ynsana mahsus häsiýet. Has dogrusy, hut şu häsiýet adamy beýleki ýyrtyjylardanam, süýdemdirijilerdenem tapawutlandyrýan ýeke-täk häsiýet hem-de haýwany başlangyçlardan ynsany mahsuslygyň üstün çykmasy.
5. Elmydama diňe öz bedeniň içinden geýlen “göwün eşigiň” bilen çäklenip, onuň özüň jan üçin aňrybaşy “modnyý”, owadan, nepis geýimdigine guwanyp ýörmän, daş-töweregiňdäki özgeleriňem “köňül geýimlerini” aram-aram özüňe geýip görseň, neneňsi bolarka? Belki, ol – “özgeler jan”-laryňam “göwün geýimleri” edil seniňki dek gözeldir, nysagyň iň soňky haýkylydygyr?! Belki, ol “geýimde” dünýä saňa görnüşi ýaly däl-de, başgaça görünýändir?! Çünki, käbir mör-möjekleriň gözleriniň birje bütewi göreçden däl-de, öýjük-öýjük göreçlerden ybaratdyygyny bilýärsiň ahyry. Onsoň şeýle “öýjük-öýjük”, köp sanly göreçler bilen synlanylýan dünýä bilen birje, bütewi göreje görünýän dünýäniň meňzeş bolmajakdygyny öz-özünden düşnükli ahyry!
6. Özüňe düşünmeklerini isleýäňmi? Özüňem beýlekilere düşünmäge dyrjaş!
7. Adatça, nätanyş adamlar ýa-da tanyş adamlaňam aglaba köpüsine degişli – Hiç kimiň hiç kimiň öňünde bergisi ýa-da borjy ýok! Hasam, birek-biregiň her bir aýdanyny makullamak babatda-da, ret etmek babatda-da...
8. Adamlary diňlemegi we olary eşitmegi başarmak – Allaň beren iň uly serpaýy! Çünki, adamlar seniň bilen iň gymmatly zatlarynyň birini – özleriniň köplerden ýaşyrýan içki oý-pikirlerini, özlerini gozgaýan duýgulary mugtuna paýlaşýarlar. Edil, sadaka paýlaýan ýaly. Onsoň hudaýýoluna berlen zady almazlyk – nämäniň alamaty?! Mysal üçin, öýüň gapysy kakylýar. Açýaň welin, saryja gulpakly gyzjagaz ýa-da saçy syrylanja, kellesi kepkalyja oglanjyk gysymynda üç-dört düwür gant bilen iküç sanam köke salnan paketjigi uzadyp dur. Gözlerem, ýüzjagazam naşyja...Neneň bolar: “Jähennem et! Zadyň geregime däl!” diýip, ýaňkyjany ýüzünden itiberip, südenekledip goýberseň?!
9. Düşünmek isleýän adamyň ilki bilen diýýän (ýazýan) zadyna däl-de, şony ýazmak hem diýmek bilen näme isleýändigine, näme üçin hut şeýle görnüşde, hut şol pikiri aýdýandygyna düşünmäge, oň ýerine özüňi goýup görmäge çalyşmaly. Belki, onuň durmuş ýoly seniňkiden düýpgöter üýtgeşik, başgaça bolup, hut durmuşyň özi onu hut şol görnüşde “terbiýeländir”, ony başga hili däl-de, hut şonuň ýaly oýlanmaga we netije çykarmaga iterendir, endik etdirendir...
...Elbetde, bireg-birege düşünişmegiň sungaty bujagaz ýönekeý usullar bilen çäklenmeýär. Bu sanawy her kes öz tejribesinden, öz dünýägaraýşyndan, ylym-bilim derejesinden ugur alyp, näçe uzaltsa ulaldyp oturybermeli. Ýöne, meň pikirimçe, bu usullar az bolsun, kän bolsun, olary berjaý etmek, gollanmak üçin bir esasy zat gerek – Özgelere düşünmek, özgeler bilen düşünişmek islegi!...
Dogrusy, bu ýazylan zatlaň hemmesi barypýatan lenji çykan, hemmelere mälim zatlar bolup görünmegem ähtimal. Emma, käte-käte şunuň ýaly, köpümiz üçin adaty hem endikli zatlara-da üns bereniňem, ünsi çekeniňem zyýany ýokmuka diýýän.
“Aklyň bolsa akyl al, aklyň bolmasa nakyl” diýilýär. Menem bu ýerde, özümde diňe özüme ýeterlik aklyň-a bardygy, gyzyl-ýaýyrt bolup, çar-töwerekde çaşyp ýatan artykmaç aklyňam ýoklugy sebäpli, ony güberçekledip, zor bilen betonda kömelek gögertmäge dyzaýan gözbagçy dek çym-gyzyl bolup durmaýyn. Köpigören Türkmen agaň danalygyna daýansak: “Düýä “häýt” diýmegem medet” diýlipdir.
Kim bilýä, belki bujagaz “häýt” hem kimdir biriniň ujypsyz ýerden, ýöntemje bir zat üçin, öz ganygyzmalygy zerarly beýleki biriniň göwnüne degmeginden saklanmagyna sebäp bolar.
Ýa-da iň bolmanda, dünýäde düşünişmegiň beýlebir öte kyn zadam däldigini, iň bolmanda, ýene-de bir gezek öz-özüme ýatlatdygym bolar-da.
Onsoňam, aýnaň öňüne baryp, ünslije seretseň, biziň hiç haýsymyzda-da, birek-birek bilen oňuşmaz ýaly derejede, beýlebir üýtgeşik zadam ýok öýdýän :-).
Şol bir kelle.
Göz.
Gaş.
Burun.
Agyz.
El-aýak...
Diňe saçymyzyň, tenimiziň reňki, boýumyzyň uzynlygy-gysgalygy ýa-da ýüz-keşbimizdäki alamatlaryň ol ýa-da beýleki ölçegleri, ýerleşişi, çalarak tapawut edýär diýäýmeseň...
Hemmämiziň esasy meňzeşligimiz bolsa – ilki bilen-ä ýaşaýan Ýerimiz bir!
Diýmek, biz, özümiz üçin şeýle äpet görünýänem bolsa, barybir bir ÖÝDEN girip-çykýas, bir ÖÝDE ýaşaýas!
Ikinjidenem – biziň hemmämizi Ýaradan BIR!
Onsoň, şu giden kybapdaşlygyň içinde paýlaşyp bilmeýän zadymyz ne?!...
Täze ýylyňyz gutly-mübärek bolsun, ildeşler, saýýaradaşlar, saýtdaşlar!





Категория: Publisistika | Просмотров: 156 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/6
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Nurdan   [Материал]
Makala şeýle bir ýerlikli ýazylypdyr..

0
1 mango   [Материал]
“Täze ýylyňyz gutly-mübärek bolsun, (1) ildeşler, (2) saýýaradaşlar, (3) saýtdaşlar!”
Bu ýüzlenme-ýazgyny hemme (1) ildeşlerimiz okap bilýän däldirler, (2) saýýaradaşlaryň-a gürrüňinem etmeli däl, emma, (3) saýtdaşlaryň hemmesi okarlar.
özjagazymyzdan başga-da özjagaşymyzçarak janjagazlaryň bardygyny, olar bilen oňuşmaly bolup oturandygymyzy ýatladanyňa, esasanam saýtdaşlara ýatladandygyňa san-sajaksyz sag bolsun aýtmak isleýän. Aýdýanam. Sag bol.

0
2 Bagabat   [Материал]
Üç zat: :-)

1. Milady ýyl hasabyndan öňki 1781-nji ýylda Babylyň (Wawilonyň) şasy Hammurapi, daşyň ýüzüne oýduryp, öz kanunlaryny şäheriň esasy meýdançasynda dikdirýär.

Hammurapiň kanunlary oýulan daşyň suraty.

"Çap edilen (köpçülige yglan edilen) kanun hemmelere mälimdir" diýen "Kanunlary hemmeleriň bilýänliginiň prezumpsiýasy" (inkär edilýänçä ygtybarly hasaplanýan çaklama) hut şonda emele gelýär.
Bu hereketiň manysy - Kanun köpüň öňünde daşa ýazylyp dikildimi? Diýmek sen indi haýsydyr bir hereketi edip, onuň kanuny bozýandygyny bilmeýänligiň bilen özüňi aklap bilmeýäň. Okap bilmezlik bolsa, öz günäň. Öwrenmeli ekeniň.

2. Köne multfilmde bir horaz: "Meňki ir bilen gygyrmak. Ondan soň bolsa daň atsyn-atmasyn..." diýýär. Elbetde, men ony diýmekçi bolamok. Ýöne, Ependi aýtmyş, belki: "okap bilýänler okap bilmeýänlere", "eşidenler eşitmediklere" aýdyp, birazajygam bolsa, sogabyň artmagyna ýardam berer.

3. Wikipediýa akga aýtmyş, türkmenler, ýagny türkmen dilinde ol ýa-da beýleki derejede (görnüşde) gepleýänler (okap-ýazýanlar) diňe Türkmenistanda, ýagny biziň dogduk ilde däl-de, saýýaramyzyň (planetamyzyň) başga ýerlerinde-de, mysal üçin, Täjigistan, Russiýa, Özbegistan, Owganystan, Türkiýe, Eýran, ABŞ, Belarus Respublikasy, Gazagystan, Päkistan, Ukraina, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarynda-da ýaşaýarmyşlar.

Okaýanyňyza minnetdar. Sag boluň.

PS.: Her bir söz üçin gepde galmajak bolup ýatamok-la welin, ýöne öz sözüňi mümkin boldugyndan düşnükli we takyk delillendirmek "издержки профессии" diýilýän bir zat-da :-). Biziňkiçeleň: "Öwrenilen endik örkleseňem durmaz" :-).

Indi, "dile geldi bile geldi", ýokarda agzalan Ependili anekdotam gür berip galaýyn:
Ependi bir gün bazar meýdançasyna gelipdir-de, ýüz-keşbine syrly agraslyk çaýyp:
-Adamlar eşitdiňizmi?-diýipdir.
Mähelle "ýok-da-ýok" bolşupdyr.
-Äý, onda eşitmedik bolsaňyz, size aýdyp nädeýin?-diýip Ependi lapykeç hüňürdäpdir-de, çar ýanyndan ýagdyrylýan: "näme aýtjak bolduň" diýen soraglara-da pitiwa etmän, ol ýerden gaýdypdyr.
Ertesi gün ol ýene-de bazara gelip:
-Adamlar eşitdiňizmi?-diýipdir.
Onuň düýnki bolşy ýadynda galan adamlar, ýerli-ýerden: "hawa-da hawa" bolşupdyrlar.
-Eşiden bolsaňyz aýdyp nädeýin?-diýip Ependi ýene-de ýüzüni sallap, hiç kime baş galdyrman o taýdan ýeňsesini el ýaly edipdir.
Üçülenji gün Ependi bazara gelip, ýene-de öňki sowalyny gaýtalapdyr:
-Adamlar eşitdiňizmi?
Iki gün bäri onuň näme aýtjak bolýandygyny bilesi gelip içi byjyklap duran adamlar bu gezek mekir jogap gaýtarypdyrlar:
-Ýarymyz-a eşitdik, beýleki ýarymyzam eşitmedik...
-Onda eşidenler eşitmediklere aýdyp beräýsinler...-diýip Epende ýene-de tukatlyk bilen o ýandan garasyny saýlapdyr...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]