08:33
"Düşünersiň, ähli bolan boljaga..."
"DÜŞÜNERSIÑ ÄHLI BOLAN BOLJAGA..."

Düşünersiñ, ähli bolan boljaga,
Ýyllar geçer, gider aklyñ goýalar.
Bagtly günlermizi özüñde sakla
Maña galsyn gaýgy, hasrat goý olar.

Seniñem ýazygyñ bardyr meñkiçe,
Geçmiş uzakdadyr ar alarmyzdan.
Gyl geçmez golaýdyk birek-birege,
Garaçomak geçdi aralygmyzdan.

Şeýdibem çöp gaçan gözlermiz indi,
Agy hem garany saýgarmazmy ýa ?!
Bir mahal terk eden juwan ýigdiñi
Öñki örtänleriñ saña azmy ýa ?!

Şol sebäpli yşkdan akyl uçanna,
Dözmediler, gamda galdy niçe jan.
Wepasyz söýgümi ýatlanym üçin,
Sen ynjama, meñ bagryma öýdi gan.

Guwanç AMATYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Guwanç Amatyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]