13:04
Düşün, maňa-da!
DÜŞÜN, MAŇA-DA!

Nätanyş duýgular, nätanyş pikir,
Maňa näme bolýar, (özümem haýran).
Saňa tarap duýgy güýjeýär her gün,
Indi şol duýgulaň yzyndan barýan.

Hemme bilen gatnaşyk bar-adaty,
Seniň bilenem üýtgeşik hal bolýan.
Öňem-ä gepe çeper däldim welin,
Saňa gezek gelýär, menem lal bolýan.

Şeýdip gezip ýörün, içim hümledip,
Duýgularmy çykarmaga gorky bar.
Seniň ýüregiň bar, näzik hem ajap,
Ony ynjytmaga kimiň erki bar?!

Ynjytmak islämok, ýöne çydamok,
Aýtmazlyk bolmasyn barja aladam.
Seni söýdüm! (aýtman durup bilemok),
Düşün, maňa-da!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
"Men Seniñ gyzyñ.. " / Goşgular - 27.01.2022
Монгольская степь / Goşgular - 04.02.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022
Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Nury6119   [Материал]
Men hem @Aksarynyň diýenine goşulýan. Goşgynyñ käbir ýerlerinde many hem-de akgynlylyk taýdan kemter gaýdan setirler bar. Meselem: "Seniň bilenem üýtgeşik hal bolýan"?

0
2 Aksary   [Материал]
"Öňem-ä gepe çeper däldim welin,"

Öñem gepe çeper däldim-le welin
Şu görnüşderäk bolan bolsada gowy boljak eken

0
1 Nurdan   [Материал]
Bu goşha gowy diyip biljek däl, gowşak bolupdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]