07:09
Duşmaga barýan
DUŞMAGA BARÝAN

Men ýene-de señ ýanyña barýaryn,
Oýlanýaryn: "Indi kowasy ýok-la!"
Göz öñümde bolsa intizar gözleñ,
Diýýän: "Menden ýüzün sowasy ýok-la!"

Bilýän diýjegiñi: "Söýülsem-de men,
"Söýýän" diýen sözlerime däl eýe".
Men diýerin: "Çäre ýog-a ezizim,
Ykballary duşurmadyk täleýe".

Añýan geler ýene kän zat aýdasyñ,
Bolmanyn pikiriñ söýlerin öýden.
Düşünýänsiñ indi örteneñde-de,
Örlemegiñ giçdigine bir öýden.

Men ýene-de señ ýanyña barýaryn,
Jemläp saña arzuwlarmyñ gowusyn.
Barsam goýnuña sal, saklama gowzat,
Gara gözleñ dolup duran owasyn.

Batyr ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Batyr Çaryýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]