22:27
Duş bolar
DUŞ BOLAR

Adamzat bir guwwas, dünýä bir derýa,
Dünýä gelen bu derýaga duş bolar;
Kimler hasyl eýlär göwher imany,
Kimsäniñ ýygdygy gara daş bolar.

Ömrüñi geçir sen haý bilen hoýda,
Saýýat yzyñ yzlar gapyl sen öýde,
Ahyret ýaragyñ kylmadyñ peýda,
Magşar güni gözüñ ganly ýaş bolar.

Dünýäniñ hyrsyndan öte bilmes sen,
Tutdum diýp dünýäni tuta bilmes sen,
Günähe ýüklendiñ, ýete bilmes sen,
Maksatly jaýyña menzil duş bolar.

Dünýäni dost tutmak külli zyýandyr,
Aşnadan daş salar, mekri aýandyr,
Dünýe maly magşar içýan-ýylandyr,
Mary-geždum niçik garyndaş bolar.

Akyl bolan gözlär barar jaýyna,
Bakmazlar dünýäniñ gün-u-aýyna,
Muhannesler gider nebsiñ raýyna,
Çyn adam nebs bile dert-talaş bolar.

Haka bendelik kyl muhaýýyr ýerde,
Şermende bolup ömrüñ ötürme şerde,
Görer başyñ ýalñyz garañky görde,
Duşmanyñ müñ bolar, dostuñ bäş bolar.

Nepes diýr, bibaka jahan ragnasy,
Dünýä magrur bolup gezmegin asy,
Mümine joş eýlär rehmet derýasy,
Müñküre zäher-ab zakgun aş bolar.

Mollanepes.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Mollanepes | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Premýera / Goşgular - 18.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Во льдах / Goşgular - 28.02.2022
«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022
Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022
Şygyrlar / Goşgular - 05.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]