17:56
Duruş bilen kuruşyñ tapawudy
DURUŞ BILEN KURUŞYÑ* TAPAWUDY

Dostum, "Kaynak Yayınları" neşirýatynyñ baş müdiri Mehmet Sabunju “Hökman okagyl” diýip, nepagadaky ilçi Müfit Özdeşiñ "Diplomatyñ ýandepderçesi" (“Harici Bir Hariciyecinin Not Defteri”) kitabyny ugratdy.
Birinji sahypany açanymdan elimden düşüresim gelmedi, pursatyny peýläp sizi-de kitap bilen tanyşdyrasym gelýär.
Häzir ýazgymyñ gürrüñine Müfit Özdeşiñ Idi Amin hakda ýazanlary bilen başlamak isleýärin:
Müfit Özdeşiñ Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn ykdysady işler boýunça baş müdirliginde Afrikadan we Ýakyn Gündogardan jogapkär bölüm müdiri bolup işleýän wagty...
Ýetmişinji ýyllaryñ ahyrynda Ejewitiñ hökümeti "Afrika açylýar": döwlet apparatyndan we işewürlerden düzülen topary daşary ýurda ugradýar. 1979-njy ýylyñ fewral aýynyñ ortasynda Afrika giden 29 adamlyk toparda Müfit Özdeşem bar. Gidilen ýurtlaryñ birem Uganda...
"Üçünji gün diýlende Idi Amin bilen duşuşdyk. Halkara habar beriş serişdeleri şol wagtlar ony ýedi gat ýeriñ teýine sokýardy... Aslynda onuñ iñlisleriñ Afrika goşunynda ofiser çinini beren oki garaýagyz afrikalydan biridigi aýdylýardy. Gepleşik geçirilip durka ol käbir "öte geçme hereketleriniñ" - iñlisleriñ ýok etmäge synanşan afrikalylara özlerine bolan buýsanç duýgusyny oýarmaga we iñ bolmanda akýagyzlar ýaly hormat goýulmaga mynasyp adamlardygyny ynandyrmaga gönükdirýändigini aýtdy. Idi Amin iñlislere garşy durmaga synanşandygy üçin adam etini iýmek bilenem aýyplanypdy."
Müfit Özdeşiñ duşuşygyndan bir aý geçensoñ Idi Amin ýurdundan cykyp gitmäge mejbur edildi.

• SEN KIM-OW?!.

Hawa. Idi Amin diýlende näme ýadyñyza düşýär: "dünýä taryhynyñ iñ rehim-şepagatsyz diktatorlarynyñ biri!"
Günbatar näme ýazsa dogry-hakykat hökmünde kabul etmegimizi isleýärler. Britaniýa goşunynda gulluk eden wagtyndakysy ýaly, iñlis ketdeleriniñ her aýdanyny ýerine ýetiren bolsa (özem hut şolañ eli bilen häkimiýet kürsüsinde oturdylan) Idi Amini "gahryman" hökmünde tanardyñyz! Emma...
- Sen - iñlisleriñ getiren, iñlis pasportly, aýratyn hukukly 50 müñ hindistanlysyny ýurtdan çykarsañ...
- Sen - kolonialistleriñ emläklerini döwlet eýeçiligine geçirseñ... we ş.m.
Hut ýakyn fosty Kaddafi ýaly kolonialistleri Afrikadan kowjak bolanynyñ muzduny töletdiler Idi Amine…
Günbatar metbugaty iñlisleriñ ýalyny iýip ýörkä-hä suwda ýüzüjiligini, sportsmenligini, boks çempionlygyny öwüp arşa çykaryp, doly garaşsyzlyk talap edenden soñam ony mahluga öwrüp taşlady: "Gara Gitler", ýa-da "Afrikanyñ gassaby"…
Kinofilmlerde, teleseriallarda Idi Amini masgaralamak üçin edilmedik pyssy-pyjurlyk galmady... Diñe Idi Aminmi näme...
Diñe Homeýnimi näme...
Diñe Kaddafimi näme...
Diñe Saddam Hüseýinmi näme...
Diñe Beşar Esatmy näme...
Kolonialistlere garşy çykanlary Günbatar metbugaty dünýä jemgyýetçiligine hemişe "ganojak diktator" diýip tanatdy!
Diñe Afrika we Ýakyn Gümdogardan däl. Bir mysaly Günbataryñ özündenem bereýin:

• TARAPGÖÝE SERETSENE!

Silwio Berluskoni diýlende näme göz öñüñize gelýär:
Işewür... Teleýaýlymyñ başlygy... "Milan" FK-nyñ hojaýyny, Italiýanyñ iñ uly altynjy baýy... "Forza İtalia" partiýasynyñ esaslandyryjy başlygy... Üç gezek ýurduñ premýer-ministri...
Şol döwür Günbatar metbugaty Berluskoniniñ "P2" mason ložasynyñ agzasydygyny, onuñ adynyñ mafiýadyr korrupsiýa wakalaryna bulaşýandygyny bilýärdi.
Emma... Ol hakda diñe "ýaramaz reñkli syýasatçy" diýip mahabatlabdyryjy habarlar berildi. 2003-nji ýylda Ýewropa Geñeşiniñ başlygy edilmegine-de sesini çykarmady!
Hemme zat 2011-nji ýylda üýtgedi. Ýewropada maliýe krizisi ýetjek derejesine ýetdi. Gresiýa, Portugaliýa, Ispaniýa, Irlandiýa bergilerini üzüp bilmez ýaly ýagdaýa düşdi. Bu ýurtlaryñ boýnuna IMF resepti dakyldy.
Sarkozi we Merkel premýer-ministr Berluskonini IMF bilen tegelek stoluñ başyna oturtmak isledi. Berluskoni kabul etmedi - "bergisiniñ daşary ýurtlara däl-de, öz halkynadygyny" aýdyp, "ajy dermany" italýanlara ýuwutdyrmak islemedi. Şeýle-de, onuñ partiýasy Hristian demokratlar-sosialistler "koalizasiýasyna" esaslanýardy - IMF programmasynyñ tarapdar gatlagyny azaltjagyny bilýärdi.
Diñe ykdysadyýetde däl: Berluskoni Liwiýa girilmegine-de garşy çykdy. We final:
Şol ýyl Berluskoniniñ garşysyna kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen jynsy gatnaşyga girmekde aýyplanyp iş gozgaldy.
2015-nji ýylda günäsiz diýip hasap ediljekdigije garamazdan, Berluskoni 2011-nji ýylyñ 16-njy noýabrynda wezipesinden öz islegi bilen gitmäge mejbur edildi.
Ýerine "Bilderberg" klubynyñ agzasy amerikan maýa goýum banky "Goldman Sachs"-yñ we "Coca Cola" kompaniýasynyñ geñeşçisi (Italiýanyñ Kemal Derwişi) Mario Monti premýer-ministr edildi. Montinin işe başlan badyna IMF-ni ýurduna çagyrmak bilen boldy!
Şuny diýmek isleýärin…
Näçe gün bäri ýazýarlar:
Erdoğan Baýden bilen şunça sagat görüşenmiş…
Erdogana Boris Jonnson şeýle mähirli garanmyş…
Tarapgöýleriñ musulman Idi Amin ýaly batyrgaý duruşy ýok, ugruna goýbersek Günbataryñ öñünde sežde egilmekdenem gaýtjak däller. Haýp.
Adam bolmak - bir topara däl, bir duruşa eýe bolmakdyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 03.11.2021 ý.

______________________________
*Kuruş - köpük, teññe.





Категория: Publisistika | Просмотров: 31 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]