06:02
Durnalar
DURNALAR

Ýadaw güýz gününiň elwan säheri
Göýä ünjülerden saralyp-solup.
Hanha, uçup barýar durnalar bilen,
Alys ülkelere kiçijik bulut.

Sähram aýagyna dözmän durnalaň
Düşeýär ýoluna sary keçesin.
Durnalar ýazlaryň suratyn çekýär
Şatlyga besleýip dünýäň köçesin.

Asmanyň düýbünden barýar, durnalar,
Siz bile buludam menziller aşyp.
Belki, içiňizden eýjejik bulut
Bir owadan durna bolandyr aşyk.

"Beýik Türkmenbaşy nesli" gazeti. 2008 ý.

Enwer NYZAMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Mähriban | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Watanym meniň / Goşgular - 17.01.2021
Akademik / Goşgular - 04.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
"Kiçeltmedim, kiçeltdiler..." / Goşgular - 01.04.2021
"Adamlara, aýdymlara ynanyp..." / Goşgular - 30.01.2021



Всего комментариев: 1
1
1 mango   [Материал]
durnalaryň birine aşyk bolup saralyp-solup, olaryň yzyndan uçup barjan eýjejik, kiçijek bulut...
owadan goşgy.
(şeýle-de bolýan wagty bar: (шустрый-ja) kiçijek çaga ullakan gyza aşyk bolanyny gizlemeýär. ýegenlerden biri 5-6 ýaşly ogly bilen öýe gelende ilki soragy şu bolýady: hany, sizde bir gyz bardy, nirede şo. men şony gowy görýän... :-) )

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]