07:11
Durmuşa çykjak däl

DURMUŞA ÇYKJAK DÄL.

Maňa seniň ýaşyň ýetdi,
Durmuşa çyk diýýarsiňiz.
A siz meniň ýüregimi,
Ne halymy bilýärsiňiz.

Ýaşym ýetse ýetipmiş-dä,
Öňýetene bar:aýynmy.
Tanamaýan birleriňe,
Eje, gyzyň beräýjekmi?!

Ýeri bolýar, çykarypsyň,
Näme ýeňil durmuş barmy?
Meniň üçin seň ýanyňdan,
Heý, mähirli ojak bormy?

Eje, meni bermesene,
Özüm göwnäp söýmedigime.
Men söýbem bilemok eje,
Öwret özgän söýmegi-de.

...Wah çaga bolup galsadym,
Seň gujagyňda ýatardym.
Durmuş gurup gitmäň ýerne,
Mama, daýzama giderdim.

Ýöne indi siz aýdýaňyz,
Meniň ýaşym ýetipmişin.
Deň-duş joralarymyň bary,
Hanha gyňaç atypmyşyn.

Olar atsa atsyn gyňaç,
Men-ä ony atynjak däl.
Ejejan hiç gaýgy etme,
Ýigitler kän,
Şonuň üçin, menä eje,
Entek durmuşa çykjak däl.

Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Aksary | Теги: Bägül Orazmuhammedowa | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021
Goşgular / Goşgular - 26.05.2021



Всего комментариев: 5
0
3 mango   [Материал]
Ýigitler kän,
Şonuň üçin, menä eje,
Entek durmuşa çykjak däl.

dogry edýäň.
ýigitleriň azalaryna garaş.

0
1 Myhman0430   [Материал]
täze şahyr öýdýän. Bägül hanymyň höwesini alasym gelenok. ýöne...

köpüräk okap, täzeçeräk pikirlenip, üýtgeşigräk ýazsaň, belki bolar.

0
2 mango   [Материал]
köpüräk okap, täzeçeräk pikirlenip, üýtgeşigräk ýazsaň, belki bolar.
ýa-da "oka, öwren, döret".
gowy maslahat.

2
4 Revo   [Материал]
"Men okyjy däl, ýazyjy" diýen sözler Rasul Gamzatow, Çingiz Aýtmatow ýada Berdi Kerbabanyň haýsysynyň agzyndan çykan sözlerdigi ýadyma düşenok, ýöne, ýaş ýazyjylaryň biri, ýokarda agzalan ýaşullaryň birine, özüniň döreden eserlerine göz gezdirip bermegini haýyş edende alan jogaby eken.
Ýada öňem bir ýazyjy: "Köp okan bolsam hiç zat ýazmazdym" diýenmiş. Köp okamak we ýazmak bular biri-birinden üzňe zatlar bolmaly...

0
5 mango   [Материал]
anekdot bardygyn-a bilýän....
Приносит чукча в редакцию свой роман, но редактор после прочтения отказывается
опубликовать этот шедевр:
- Вам бы надо классику почитать - Пушкина, Тургенева, Толстого...
На что чукча отвечает:
- Чукча не читатель, однако! Чукча - писатель…

"Köp okamak we ýazmak bular biri-birinden üzňe zatlar bolmaly..."
dogry, ýöne ýazmak isleýänler, nämede bolsa kä bir zatlardan habarly bolmaly, okamaly...
iň bolmanda öz intellektiňi kämilleşdirmek üçin okaýyş gerek, однако...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]