10:35
Durmuş oýlanmalary
DURMUŞ OÝLANMALARY

Gel durmuş bir dem söhbet edeli,
Adamyň nähili boluşy hakda,
Gel adam bir dem söhbet edeli
Durmuşyň nähili boluşy hakda.

Ýaradanam ilki başda adama,
“Men seni ýaratdym sen meniň gulum,
Eger seşde etseň bäş rekat namaz
Eltmerin ýanyňa bela we zulum!

- Diliňi bek tutup ýoluň, ýoluň gözleseň,
Sözlän her bir sözüň bilip sözleseň,
Ýalan däl-de çynyň bilen işleseň,
Rysgyňy müň paýdan bererin saňa!

Birini göreňde pikir et her gün
Birini göreňde şükür et şol gün
Bar zadyňa şükür etmän aç bolsaň
Erte aç öldürip bermerin saňa

Ýetmiş iki sany hünäriň berdim,
Şolaň hemmesini öwrenjek bolgun,
Emma hemmesini öwrenmeseňde,
Ýöne hemmesinden habarly bolgun.

Ýenede bir zady aýtmadym saňa,
Eneň- ataň ikinji hudaýyňdyr,
Ömürlik ölünçäň ýanyňda boljak,
Berk bellegin olam söwer ýaryňdyr.

Ýene birden şeýtan ýoluna gidip,
Meniň aýdan zatlarymy unutma,
Eneň-ataň, söwer ýaryň penaňdyr,
Perzentleriň galaňdygyn unutma!”

- diýip ýaradanam sözün jemläpdir,
Adamzadam gidenmişin ýoluna,
Doýmak üçin bu ýalançyň hezinden,
Bir gysym topragy alyp ýanyna.

Tumar KIÇIBALOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Sygyrmusdagy | Теги: Tumar Kiçibalowa | Рейтинг: 1.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 5
0
4 Sygyrmusdagy   [Материал]
Mango dogry belläpdir, Minnetdar.

1
3 mango   [Материал]
Ýetmiş iki sany hünäriň berdim,
Şolaň hemmesini öwrenjek bolgun,


72 hünär öwrenmek.
täk başyňa... nirede bar beýle buýruk, tabşyryk, maslahat.
bir hünäri adam ýaly özleşdirip bilsek, käşgä....

Ýenede bir zady aýtmadym saňa,
Eneň- ataň ikinji hudaýyňdyr,

bu sözler Hudaýyň adyndan öýdýän.
Hudaý ikinji hudaýy salgy berermi?
ine adamyň ýalňyşy: elmydam ikinji hudaýy gözleýär, özüne ikinji hudaý ýasanýar.....

halap bilmedim.

1
2 mango   [Материал]
Eger seşde etseň bäş rekat namaz
Eltmerin ýanyňa bela we zulum!

namaz okap, sežde edenler beladan, zulumdan halas däl ahyryn.
sežde edenleriň iň sežde edenleri, pygamberler beladan, zulumdan halas bolmandylar ahyryn.
ýöne many şu: sežde et - otdan halas bol.

-1
1 mango   [Материал]
Eger seşde etseň bäş rekat namaz

bäş rekatlyk namaz ýok. (2, 3, 4 rekat bar)
bu ýerde bäş wagt diýiljek bolupdyr.

0
5 Sygyrmusdagy   [Материал]
Mango Gardaş! Minnetdar, bellikleriňize! Dogry belläpsiňiz. Biz ýüzleý seredýäris.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]