12:41
Durmuş-murmuş

DURMUŞ-MURMUŞ

Durmuş-murmuş diýýäler
Meniň gözüm murmuşda.
Kemi bar bu durmuşyň:
Durmuş kem bu durmuşda.

Dakynyp ganat-manat;
Guş-muş bolup bat alsam…
Boş watanyň kejine
Matana dogry gitsem..

Nejip Fazyl KYSAKÜREK.

Terjime: Mango

Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: mango | Теги: Nejip Fazyl | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 13
0
13 Arzyman   [Материал]
Moşgy okan ýaly boldum)

1
2 mango   [Материал]
Durmuş-murmuş diýýäler
Meniň gözüm murmuşda.
Ysy bar bu durmuşyň:
Durmuş munda porsamyş.


...diýilse, has gödek bolarmyka?

2
3 Bagabat   [Материал]
Beýtseň banalnost derejesine düşýär oturyberýär. Çünki, jahyllaň arasynda: "Söggüden nanmadyk şahyr bommaýar" diýlişi ýaly, nämedir bir zatdan nalamak ýa-da tagmalagam - şahyrçylygyň tagmasy.
"Durmuş kem bu durmuşda".
Bu bolsa matally konstatasiýa bolýar.

1
5 mango   [Материал]
žeton düşdi.
özem gowy düşdi.
düşündirişiňe minnetdar.

0
7 Bagabat   [Материал]
Ok.

2
1 mango   [Материал]
Hayat, Mayat

Hayat, mayat diyorlar
Benim gözüm mayat'ta.
Hayatin eksiği var:
Hayat eksik hayatta.

Takınsam, kanat, manat;
Kuş, muş olsam seğirtsem.
Bomboş vatana inat,
Matan'a doğru gitsem...

Necip Fazıl Kısakürek

0
4 Bagabat   [Материал]
"Matan" näme? Ýa biziň "wakyr-şakyr"-ymyz, "odur-budurymyz" ýaly ýeke özi gelende özbaşdak manysy bolmadyk, heňlilik üçin aýdylan sözmi?

2
6 mango   [Материал]
hawa. edil özi
durmuş-murmuş (purmuş, surmuş... islän harpyňy goýubermeli.)
ganat-manat, ganat-panat....

ol "boş watanam" originalda has beter aýdylan: "bom-boş watan" ...

2
8 Bagabat   [Материал]
Inni, muňa-da bir kara:

Kän ýanjalýar: “ömür-ömür”...
Men soraýan: “Nirede şol?”.
Diýýärler: “Tapabilmersiň ömür-ömür,
Çünki, ynsan – bendi, ömür – garawul".

Çynmy şol?
Zyndanmy ömür?
Ýa bu biriniň owadan gepimi?
Çyn bolsa, Ömür!
Goýber!
Döw-de sepimi...

Ýöne, bu-da lenji çykan klişe bolýa. Çünki: "uşbu dünýäde şahhyr bolmakçy bolsaň, kiçi dildenem bärde bolsa, birneme durmuşdan doýgunrak bolmaly. Ýa-da şeýledigiňi görkezmeli. Ýa-da şeýledigiňi diýmeli" diýen şahyrçylygyň ýazylmadyk kadasyna eýerme bolýa.

Merhum satirik Nuryşkaň bir henegi bardy. Birini tok urup ölüpdir. Ýöne, ol doly ölmändir-de haňk-hüňkyrak, ýarymstawka ölüpdir. Ýuwup tabyda salansoňlaram açylypdyr. Onsoň ony tabytda alyp ugranlarynda şerraý aýaldogany gynanýanyny ile jar etmek hem-de dessura eýermek üçin sanawaçly aglan bolýamyşdyk. "Aý Gazak! Waý Gazak! Ýerimizi çalşaly Gaza-a-k! Ornumyzy alşaly Gaza-a-k!" diýip, Onna merhum bendede tabytda dikelip: "Gel, çalyşsaň!" diýipdir welin, ýaňky şerraý uýasy ýene-de sanawaçly gygyryp, jyrrarlyp gaçýamyş:
-Waý oýun etdim, Gaza-a-k!
Ileň ölüs-ä ýatan ýerinne ýatýady, Gaza-a-k!...

1
9 mango   [Материал]
oňa karap, agzymy açyp otym....
kimiň eseri?
---
Ömür!
Goýber!
Döw-de sepimi...

"sepimi" kapiýa üçin bolsa-da özümçe "Ömür! Boşat meni! Ýykyp gözenegi..." diýip okasym gelip du..
awtory kim?
ýa ömürem bilmerinmi?

0
10 Bagabat   [Материал]
Bilorsyň-la.
Öň şu saýtda Ýazyjy Şahyrlyýew atly biri bardy. Kozma Prutkow ýaly kimdenem bolsa, tapan ýerinnen şygyr motiwini ogurlap, olary özüçe üýtgeden bolup, goşgy ýazan bordy. Özem özüni kinokritikdir öýdüp gomalyp ýören Ýepbekçiýew Tapbatçy atly biriniň söwer dostudy.

1
11 mango   [Материал]
aý, ýo.
bilmän dun.
meniň saýta geliş döwrümden has irräkki edeiýat-döwrüne degişli bolamasa...

0
12 Bagabat   [Материал]
Ýazyjy Şahyrlyýewden ýene-de çaklaňja gyýkyndy:

Ýanmaga bahana ýok,
Ýanmazlyga teselli.
Öňüm ümür.
Ardym görnenok.
Kalbym hyýal bilen keselli.

Äden ädimlem – ýüregme tiken,
Ätmedik ädimlem...
Ondanam beter...
Etmäniň has ýiti gynandyrar eken,
Ýeteniň, tutanyň, ondanam beter...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]