21:54
«Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga...»
«DURMUŞ IÑÑE BERDI GUÝY GAZMAGA...»

«Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga...»
- şeýdip, zeýrenmäni tapynypdyryn.
Derýadym men, haňlap galypdyr hanam,
Göreçdim men, halys gapylypdyryn.

Derdimiň nädigin bilmändir ilem
(Her kimiň öz derdi, bilip nätsinler!).
Şatlygyň ýerini tutupdyr kine,
Çigit ýaljak göwnüm çigitläpdirler.

Gözgüler kimdigmi ýüzüme basýar,
Görkezip güldanda guran nahaly...
Geçmişimi iýýän çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

Günler gün berenok, aýlar aýanok,
Ýyllar ýaş goşanok, ýaşymdan alýar.
Görseň, bu durmuşda hatda özüňem
Görüp-görüp, ýaşap-ýaşap tanalýar...

Durmuş iňňe berdi guýy gazmaga,
Gözgüde özümi tanajak bolýan.
Gazmak üçin berlen şol iňňe bilen
Sal-sal ýüregimi ýamajak bolýan.

Mukam MUHAMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Pegas | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Девочка и козел / Goşgular - 21.02.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gaty täsirli, çeperçilik detallary ýetik goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]