16:51
Durmuş

DURMUŞ

Sergezdan deý, selpeden,
Durmuş sen bir salgymmy.
Ýaşap ýörenim üçin,
Bergimmi ýa algymmy.

Arkamda agyr ýüküm,
Gezip ýörin bergili.
Aljak bolup alakjap,
Ýörkäm diýýän, algyly.

Illeñkiden artyk zat,
Islemen bereniñi.
Hakdan özgä ellerim,
Görkezme serenimi.

Bolup her kese mätäç,
Sermesem men ellerim.
Mynasyp däl mährime,
Tirmese meñ güllerim.

Eñkim agyp açlykdan,
Agmasa ezenegim.
Haýa, namys öñünde,
Synmasa gözenegim.

Besdir durmuş,razy men,
Algym şudur ömrüme.
Bergim bolsa yzymda,
Yzlar goýsam döwrüme.






Категория: Goşgular | Просмотров: 419 | Добавил: Adalat19 | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Yşgyñ eýesi / Goşgular - 08.02.2021
Goşgular / Goşgular - 26.05.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Palaw atar, eje / Goşgular - 10.02.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]