22:15
Durmuş
DURMUŞ

"Durmuş - täze gelen gelin,
Ýeňňesi kän eken juda."
Aşyr Hanow.


O:tdan sowuk, buzdan ýyly
Bu durmuşyň synag ýoly.
Dünýe kiçi çagajyk däl,
Aldasañ ynanar ýaly.

Bihuda geçirlen ömür,
Göýäki görünmez ümür.
Ömri bezär ýagşylyklar,
Sen bu hakda pikir öwür.

Soňy bardyr goja ýerleň,
Ömür ýaşamaga berlen.
Yzyñdan gep urjaklar kän,
It üýrse-de, geçer kerwen.

Ýazgydymdan çykabilmen,
Yşka gaşym çytabilmen,
Gadyr bilmez biweç bilen
Ykbalymy çatabilmen.

Kän durmuşyñ ýaranlary,
Dünýäniñ wadasy hany?!
Hakykat gaýduwsyz, mertdir
Ýeňer ähli ýalanlary.

Dünýe bakylyga geda,
Umytdan bolmaýyn jyda,
Durmuş - täze gelen gelin,
Ýeññesi kän eken juda!

Nury SAKÇYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Nury6119 | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
На холмах зимних прекрасных / Goşgular - 03.02.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Смерть Пушкаря / Goşgular - 22.02.2022
Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]