10:40
Durmuş
DURMUŞ

Ýaşym 12...
Ne-hä boý ýeten gyzdym.
Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören.
Çekinerdim ogşamaga kakamy,
Hem ejemiň gujagynda ýatmaga...
Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän –
Bukardym zülpümi ýaglygym bilen
Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?!
Bilmedim,
ozal täzeje köýnek geýäýsem,
Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna.
Soňra nämüçindir galdy bu hüýüm,
Duşmasam kem däldi nazarlaryna.
Okardym gazetleñ böleklerinem
Dannamazdym temasyny kitaplañ:
Ýaşlañmy, körpeleň edebiýatymy...
Parhy näme?!
Okaýardym barybir
Saýlap-seçmek kimiň ýadyna düşýä?!
Hä, bir gezeg-ä mugallym görüp,
(Gizlemäge ýetişmändim men şonda.)
Diýdi:
– Heniz bu eseri okardan ýaşsyň!
Rast aýdan ekeni mähriban ynsan.
Edil häzir şol döwüre äňetseň,
Juda ýaş ekenim,
ah, juda ýaşdym...
Meger şoň täsiri ~ ulaldygymça
Bilmän ikisiniň tapawudyny
Durmuş – eser,
eser – durmuş arasynda azaşdym.
Hatda ömürboýy görmediklerim,
Roýuma ýylgyryp,
“Söýýän” diýse-de,
Hakykatda asla söýmediklerem,
Ýakyn – ýat,
tanyş – nätanyş,
dost – duşman,
Sanasaň sogap bar, etmersiň puşman.
Iň möhüm zat: olaň aýdan sözleri,
Gara,
goňur,
mawy,
ýaşyl gözleri,
Pişeleri,
ýagşy-ýaman pälleri,
Ýaşyryn hem aýan bolan allary,
Hatda gelejekde edip biläýjek
Etsem-petsemleri däl maňa pynhan.
Ýa bolmasa barypýatan geň-taňlyk...
Eýse bu zatlary bilmeklik üçin
Gerekmi welilik ýa bolmak palman?!
Emma eserlerde bolşy mysaly
Aýdyp bilmerin men durmuşyň soňun.
Bir gezek aýtmaga synanyşamda,
Düýpgöter özgerdip göçümlerini,
Salypdy başyma müň jüre oýun.
Tas ryswa edipdi...
ýöne barybir
Bes etmedim,
bes etmen gözleglerimi
Eý, durmuş, bir elim seniň ýakaňda
Darykma, deprenme boýun al, boýun!

* * *

Ykbal

Müýnüm ýok tämiz düýnümden
Bak, gözlerim – aýna, ykbal!
Her bir “hähiňe” düýrükmen,
Doňýüregem saýma, ykbal!

Ýesir dälem altyn, käne,
Bilýän nesibe, paý näme,
Berenjäňi götermäge,
Güýç-kuwwat ber, taýma, ykbal!

Sabyr dolup arkan-arkan,
Gaýşyp,
Kalp ýarylsa darka,
Özüň bol, daşyma galkan,
Ryswalyga salma ykbal!

Durnukly ugur-ugumy,
Kem etme ýüzüm nuruny,
Dowamat namys tugumy,
Çöpe-çöre çalma, ykbal!

Dostlaryma hoş ülpetdim,
Ah, tanamaý kän entetdiň,
Otuzymda bildim hetdim,
Galan ömre tagma, ykbal!

Rastym diýem, däl ilgözne,
Sen itseň, neýlesin özge,
Törüňi dözmeseň dözme,
Işikde bir goýma, ykbal!

* * *

Dury asmanymda, nurly Günümde

Arkadagyň ýüreginiň keşbi bar,
Dury Asmanymda, nurly Günümde.
Barha öz-özüme bolýan talapkär,
Ýazylmaly eserler bar öňümde.

Alýaryn joşguny bagtyýar döwrüň
Dünýä nusga ösüşlerniňbadyndan.
Razy, peşgeş eden galamy bilen
Kelamymy goýsam Watan adynda.

Ak şäheriň päkligiňe garyldym
Ruhum hemrasyna gowşan dek göýä.
Gol bulanda alysdaky çagalyk,
Oklaw deýin ýollar getirýär oba.

Paýlaşýaryn şatlygymy, bagtymy,
Dostlarymyň ak mermerden öýünde.
Guwanýarys eşretine durmuşyň
Diýip bilmez hiç kim muňa öwünme.

Ýok, biz indi ekmeýäris “bolsady”,
Bazarlar arzyly harytdan doly.
Uzadan ýermize ýetýär golumyz
Dünýäň ýüregine salýarys ýoly.

Gujagy ak guşly howa menzili
Howalanan göwni uçurar derhal.
Köňül ýeller bilen bäsi islese,
Deňize atarjak ajaýyp port bar.

Türkmeniň kosmosa çykan aňyna,
Paýhasyna dünýäň ýüzi haýranka.
Geň däl, zeminiň üstünde durup,
Gök ahwalnyň suratyny alýanlar.

Entek şaýat borus ençe gudrata
Gujagynda şu sähranyň, şu deştiň.
Dury Asmanymda, nurly Günümde,
Barka Arkadagyň ýüregniň keşbi.





Категория: Goşgular | Просмотров: 827 | Добавил: Adalat19 | Теги: Gurbanjemal Annakоwa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Постоянный нелепый риск / Goşgular - 22.02.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 2
1
2 Nowgül   [Материал]
"Törüňi dözmeseň dözme,
Işikde bir goýma, ykbal!"

1
1 Badysaba   [Материал]
Juda gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]